09:30
Sosialistler nämüçin şowsuzlyga uçrady?
SOSIALISTLER NÄMÜÇIN ŞOWSUZLYGA UÇRADY?

Talibanyñ häkimiýeti ele geçirme meselesinde almaly dersler bar:

Birinji anyklama: Atatürküñ oñaran işini Amanulla han nämüçin oñarmady?
1919-njy ýylyñ 28-nji fewraly: Emir tagta çykan güni Owganystanyñ garaşsyzlygyny yglan etdi. Birinji jahan urşundan çagşap çykan iñlis-hindi goşuny bilen owgan goşunynyñ arasynda bolup geçen ownuk-uşak birküç sany çaknyşygy hasaba almanyñda, hiç hili garşylyk bolmady. Iñlisler 1919-njy ýylyñ 8-nji awgustynda Owganystanyñ garaşsyzlygyny ykrar etdi.
Amanulla han 1921-nji ýylda Türkiýe bilen dostluk şertnamasyny baglaşdy. Şol ýyl 1921-nji ýylyñ türk konstitusiýasyny nusga alyp taýýarladan owgan konstitusiýasyny 1923-nji ýylda güýje girizdi.
Onuñ görüm-göreldelik alýan adamy "Agam" diýip ýüzleneni Atatürkdi, ol Owganystany dünýewi we zamanabap ýurda öwürmek isledi.
Erkekĺeriñ şlýapa geýmegini we döwlet edaralaryna kostýum-jalbarly girmegi hökmany düzgüne öwürdi. Kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryñ durmuşa çykarylmagyna çykarylmagyna, peç we burka (owgan zenanlarynyñ tutuş ýüz-gözüni ýapýan eşigi -t.b.) garşy göreşdi.
Aýal-gyzlaryñ jemgyýetçilik guramalaryna işjeñ gatnaşmagyny, özbaşdak topar döredip bilmeklerini, hatda syýasata girmeklerini üpjün etdi.
Adyna "dinsiz patyşa" goýdular, serhet ýakasyndaky taýpalar aýaga galdy. Gozgalañyñ maksady şudy: Owganystanyñ 1919-njy ýylda gol çekilen Rawalpindi şertnamasy esasynda gazanan garaşsyzlygy kagyz ýüzündäki boş sözler bolup galdy: iñlisler hususanam serhet ýakalaryndaky taýpalaryna düýpli täsir edip biljek mümkinçilikleri özünde saklap galdy: on ýyldan soñ amatly wagtyny peýläbem topalañ çykartdy.
Goşmaça şuny-da belläp geçeliñ: Amanulla han 1927-nji ýylda aýaly bilen Müsürde, Fransiýada, Belgiýada, Şweýsariýada, Germaniýada, Angliýada, Russiýada bolup, Türkiýä gelende, Atatürk oña duýdurypdy:
- Ýurduña doly eýelik etmänkä bular ýaly uzak wagtlaýyn sapara çykmagyñ dogry däl!
Atatürk bu babatda mamlady: ol 1927-nji ýyla çenli Şeýh Said ýaly feodallaryñ turzan on topalañyny basyp ýatyrypdy.
Amanulla han agdaryldy...
Yzyndan häkimiýete gelen: "Allanyñ habarçysy" adyny alan Habidulla Kalakani we iñlisleriñ ýapjasy Muhammet Nedir şa modernistik ösüş maksatnamalarynyñ ýoguna ýandy.

• RESPUBLIKA GURULDY

Ikinji anyklama: Atatürküñ oñaran işini Muhammet Zahir şa nämüçin oñarmady?
1933-nji ýylyñ 8-nji noýabry: Zahir şa kakasy Nedir şa öldürlensoñ tagta geçdi. Fransiýanyñ Montpellier uniwersitetini tamamlady. Günbatara açyk pikirlidi. Ol Owganystanyñ ilkinji modern uniwersitetiniñ düýbüni tutdy.
SSSR-den we ABŞ-dan alan kömekleriniñ hasabyna suwaryş desgalaryny, gara ýollaryny gurdy.
Saýlaw hukugy, erkin saýlawlar, aýal-gyzlaryñ medeni hak-hukuklary boýunça birnäçe kada-kanunlary kabul edip, döwrebap ädimleri ätdi. Owganystany modern demokrat döwlete öwürmek isledi. Şu maksat bilen 1964-nji ýylda Konstitusiýa taýýarlatdy. Emma reformalardan kanagatlanmadyk premýer-ministr (öz çykany) Muhammet Dawut han tarapyndan häkimiýetden çetleşdirildi...

Üçünji anyklama: Atatürküñ oñaran işini Muhammet Dawut han nämüçin oñarmady?
1973-nji ýylyñ 17-nji iýuly:
Dawut han Owganystan respublikasyny gurdy.
Ýörelgä uýup, özüni "şa" yglan etmedi: "Döwlet ýolbaşçysy-Prezident" diýip kesgitledi. (Döwlet agdarlyşygyny geçirende sosializmiñ tarapdarlary bolan Owganystanyñ Halk demokratik partiýasynyñ (PDPA) ofiserlerinden goldaw alandygy üçin "Gyzyl hökümdar" lakamyny aldy.)
Prezident respublikasyny gurjak boldy. Rewolýusion partiýany gurdy. Ähli banklary döwletiñ eýeçiligine geçirenem bolsa, sosialist syýasaty ýumşatmaga başlady. Müsür, Türkiýe, Saud Arabystany, Eýran ýaly Sowet Soýuzyna garşy gidýän döwletler bilen gatnaşyga girdi. Çepçilerden (sosialistlerden), konserwatiwlerden (dindarlardan) daşlaşyp amerikanparaz liberallara ýakynlaşdy. Çepçi PDPA bilen harçañlaşmaga başlady.
Owgan goşunynyna we polisiýasyna amerikan goldawly Müsüriñ tälim bermegi hem-de hökümet bilen goşundaky möhüm wezipeleriñ agramly bölegini puştunlara berip, özbeklerdir täjikleri ikinji derejeli raýat hasaplamagy sabyr käsäni pürepür etdi. Netijede:
1978-nji ýylyñ 27-nji aprelinde çepçi ofiserleriñ döwlet agdarlyşygy bilen häkimiýetden agdaryldy.

• A ÇEPÇI HÄKIMIÝETLER

Yzly-yzyna gelen çepci-sosialist liderler:

Dördünji anyklama: Atatürküñ oñaran işini Nurmuhammet Taraky nämüçin oñarmady?

Bäşinji anyklama: Atatürküñ oñaran işini Hafizulla Emin nämüçin oñarmady?

Altynjy anyklama: Atatürküñ oñaran işini Babrak Karmal nämüçin oñarmady?

Ýedinji anyklama: Atatürküñ oñaran işini Hajymuhammet Çamkani nämüçin oñarmady?

Sekizinji anyklama: Atatürküñ oñaran işini Muhammet Nejibulla nämüçin oñarmady?

Çepçi häkimiýetler 1978-nji ýyldan 1992-nji ýyla çenli Owganystanda 14 ýyl häkimiýetde galdy.
Atatürküñ häkimiýetiniñ ömri 15 ýyldy. Eýse:
Atatürk nädip oñardy-da, "modernist" liderleri-de hasaba goşsak, 1919-njy ýyldan 1992-nji ýyla çenli häkimiýetde galan owgan hökümetleri şowsuzlyga uçrady?
Biziñ nukdaýnazarymyzdan Owganystan-Taliban hakykatyndan çykarmaly derslerden biri-de şudur! Şu gün häzirem käbirleri (özem şol käbirleriniñ arasynda çepçiler kän) Şeýh Saitden Seýit Ryza çenli etnositi - tire-taýpa düzgünini-feodalizmi mazamlaýan syýasatyñ tarapyny çalýar! Owgan çepçileri-de şeýdipdi. Ýogsam bolmasa:
Owgan liderleriniñ edip bilmän, Atatürküñ amala aşyran zady: feodal yzagalaklygy doly ýok etmek rewolýusiýasysydy.
Türkiýede häzir Taliban ýaly güýçli radikal dinçi toparlanmalaryñ bolmazlygynyñ sebäbi-de şundadyr!

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 01.09.2021 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 128 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.5/2
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 5
0
5 mango   [Mowzuga geç]
Admin kaka.
Soňky jogaplary görkezýän pano görünenok.
Görüner ýaly edip bolmazmy?

-1
2 olyarecep27   [Mowzuga geç]
Atatürk ne yaptıysa; dinini cehaletin, riyakârlığın, taassubun, halkı tahakküm altına alanların, sömürenlerin, soyanların elinden kurtarmak için yaptı.
Çünkü o, dinin değil, din diye yutturulan​‘şey'in düşmanıydı. Bu da din düşmanlığı değil; din dostluğunun ta kendisiydi…
Dolayısıyla ve hiç kuşkusuz ki dine değil; din tüccarlığına, din sömürüsüne, irticaya, yobazlığa karşıydı, hatta düşmandı. Olmasa mıydı?

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Olýa hanym, bu pikirler size degişlimi?

1
1 Haweran   [Mowzuga geç]
Şu babatda alanda biziñ feodal han-beglerimiziñ, baýlara gol ýapýan işan-mollalarymyzyñ 20-30-njy ýyllarda bolşewikler tarapyndan doly ýok edilendigi oñyn netijelerini berdi diýse bolar. Bolşewikleriñ şu ugur boýunça hemme eden hereketlerini dogry hasaplap bolarmy? Ýa-da hemme feodal han-beglerimizi, işan-mollalarymyzy ak jüýje hasaplap bilerismi? Elbetde, ýok! Muña baha bermek kyn we haýsydyr bir ideologiýanyñ hasabyna-ha bir tarapy aklap, beýlekisini garalamak asla-da nädogry. Bolşewikler ýerli şertleri, milli koloriti bilenokdylar, halkyñ dilini bilmeýärdiler, baý-kulaklary ýok etme meselesinde Russiýanyñ şertlerinde hereket edişleri ýaly hereket etdiler, bu bolsa öz gezeginde eden-etdilige, repressiýa, gyrgynçylyga getirdi. Ýogsam bolmasa, Lenin Orta Aziýanyñ şertleri b.n öz şertleriniñ deñ däldigini, milli aýratynlyklara görä seljerip, seresap çemeleşmelidigini diri wagty birnäçe gezek nygtapdy.
Umuman, teswirimiñ başynda-da aýdyşym ýaly, biziñ şu günki gelip ýeten medeni, sosial derejämizde ähli oñyn we ýaramaz taraplary bilen ruslaryñ (çepçi-sosialistleriñ, ýagny bolşewikleriñ) hyzmaty uly boldy. Öñem biriniñ aýdyşy ýaly, "balak geýmäni-de orslardan öwrenmedikmi näme"....
Ýogsam bolmasa, biziñem ýagdaýymyz owganyñkydan ibaly bolmazdy.
Şol ýyllara seredip göreniñde, bolşewiklere garşy göreşen, ata çykan türkmen toparlanmalarynyñ (basmaçylaryñ we ş.m.) hiç biriniñem garaşsyz döwlet ugrunda göreşmändigini, olaryñ bir böleginiñ ýeri, mal-mülki ellerinden alnan baý feodallardygyny, işan-mollalardygyny, mal-mülkleri, süri-süri mallary alnyp kolhozyñ hasabyna geçirlendigi üçin ata çykandyklaryny, galan böleginiñem olaryñ aýdanyndan çykyp bilmeýän, olara garaşly garamaýak we sowatsyz garyp-gasarlardygyna göz ýetirmek kyn däl. Ýa-da bütin bularyñ tersine bolşewik tüýsüne girip, öñki baý agasyndan hyltyny çykarmak islän ýa başga bir köýüp ýatan aryny aljak bolup ýören ýeñiýoluklardyr baýlaram az bolmandyr. Umuman, gapma-garşylykly, seljermesi juda kyn wakalar, kyn döwür...
90-njy ýyllardan soñky edebiýatçylarymyzdyr taryhçylarymyz han-beglerimizi, feodallarymyzy, işan-mollalarymyzy hemmesini biruçdan aklajak bolup, olara "watan ugrunda göreşdiler", "olar watançylardy..." we ş.m. diýip halys öte geçýän-ä däldirler-dä hernä?!

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Haýsy tarapa sererseň şolaňky dogry ýaly görünýän mesele.
Jedelli. Ýöne, ugur alynmaly bir zat barmyka diýýän.
Eger taraplar zulum edýän bolsa, ol zulumynam özboluşly aklajak bolsalarda zulum zulum bolar, zuluma garşy durmak gerek. Zulum edip kommunizm gurmaklaram dogry däl, zulum edip halifat gurmaklaram dogry däl, islendik zulum, zalymlyk gowy däl.
Ýönekeý düşünýän bolmagym mümkün, ýöne, mysal üçin yslam yglan eden prinsipleri bilen “musulmanyň maly, jany, namysy goraglydyr” diýýär.
Şu prinsipleri isle kommunistler, isle talibanlar, isle başgalar bozýan bolsa, elimden malymy, gazananymy, mülkümi gaňryp aljak bolsa, pikirler tapawutlylygy bilen janyma howp salynjak bolsa, namysyma, şahsy durmuşyma garyşjak bilsa…. bu zatlaryň hiçisini hiç bir idealyň hatyrasyna aklap bolmaz. Ynsanyň bäş gün ömri bar, onam dawa-jendel bilen ötüreniňe degenok.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]