13:31
Şorja börtmäniň taryhy / gülküli hekaýa
ŞORJA BÖRTMÄNIÑ TARYHY

Öwezgeldi aga ýap-ýaňja soýlan goýunyň etini agtygy bilen telläp oyurşyna, ilki bilen börtme üçin niýetlenen bagyr-öýkeni, gapyrgaň bir ýanyny, iç ýagyndan bir bölegni we etlije bolsun diýip, jylka etden el ýalysyny çanagyň içine oklap goýberdi-de, aýalyna ýüzlendi:
—Ogulhesel, ynha bu hem şorsuw üçin, errewjik ataryň!
—Nahary geline tabşyraýmasam, men-ä bu gün ir bilen niýet edip agzymy bekledim—diýip, Ogulhesel çanagy göterip otagdan çykyp barşyna jogap berdi. Ol börtmelik eti çanaga salyp, üstine ýarty barmaga çenli suw guýup, öňki endigi boýunça iki gysym duz sepip, gazanyň aşagyny otlady-da, öz otagynda oturan gelnine eşidiler ýaly gygyryp, oňa iş buýurdy:
—Jemal jan, naharyň tagamyna-duzuna seredersiň-dä!
Nahar görse, onuň ysyny alandan ýüregi bulanyp duran “toýly gelin” razylyk bilen başyny atdy.
Jemal naharyň köpürjigini aýyryp bolansoň, öňki endigi boýunça bir gysym duz sepdi, nahary bulap, gazanyň gapagyny ýapdy, oduň alawyny peseltdi-de otagyna geçip gyşardy.
Öwezgeldi eti telleşdirip dynansoň, agtygyna ýüzlendi:
—Bar oglum, Aşyr dädeň öýde bolsa, “atam çagyrýar, gün ýaşmanka gelsin, agşamlygy bizden iýsin” diýip, aýdyp gaýt!—diýip, hem dosty, hem duldegir goňşysy Aşyr aga çapar ýollady. Soňundan bir çäýnek çaýy boşadyp, bir salym ymyzgandy. Mazaly irkilip, dynjyny alansoň, egnine donuny atyp, daş çykdy.
Gün ikindiden agyp, howruny gowşadypdyr. Öwezgeldi aga gaýdyşyn aşhana sowuldy. Aşhana girmänkä ardynjyrap:
—Naharyňyz taýynmyka, oň duzuna-suwuna seredýäňizmi? —diýip, boş aşhana boýnuny uzatdy, hiç hili ses-seda bolmansoň: “Aý, gelinbaý gaýynyň agzy bekli bolsa, saňa-da ynanyp özi duz hem atan däldir; seň hem agzyň bimaza bolsa, duzuny barlap göräýdiňmikäň” diýip, gelnine ynanjagyny-ynanmajagyny bilmän ikirjiňlenip durşuna, çep aýasyna duz guýup, sag eli bilen çorbabadan bir çemçe susup alyp agzyna ýetirjek bolanda, howludan Aşyr agaň sesi eşdildi:
—Öwezgeldi, öýdemisiň?
Öwezgeldi hgyssanmaç çemçedäki nahary yzyna guýup, naharyň duzuny datman, çep gysymyndaky duzy nahara sepenini duýman galdy. Aşhanadan çykyp, aýalaryny bir-birine kakyşdyryp, görüşmek üçin goluny dostuna uzatdy:
—Oh-how, Aşyr salawmaleýkim! Şeýdip, çagyrdyp getiräýmeseň, soňky döwürde gara bereňok—gelmäňi seýrekletdiň.
—Seň özüň öýdeçil bolanyňdan habaryň ýok. Iki ädim ýerden birek-birege til kakyp durmagam bir gelşiksiz. Howla çykaňda çaslyrak ardynjyraýarlar.
—Aý, seň telewizora seredişiňden ünsüň sowlar ýaly däl, dünýäde bir kino bolsa görüp çykdyň öýdýän.
—Pensioner adamdyrys-da, başga güýmenje bolmasa nätjek-dä.
Olar içeri girenlerinde Gün ýaşmaga golaýlapdy. Agşam düşmänka Öwezgeldi agaň ogly Begmyrat işden gelende, täzeje etden bişirilen börtmäniň lezzetli ysy howlyny tutypdy. Begmyrat ýaşulylar bilen salamlaşyp, öz otagyna giren badyna, Jemal mejalsyz sesi bilen:
—Begmyrat jan, bar nahar bişen bolsa, okaradaky dogralan bagry nahara guý, bagyr bişensoň oduny öçürde, kakaňdan nahar çekmeli diýip sorasana. Şoň duzunam görsene, meň-ä agzym kekre ýaly.
—Nahara duz bir atdyňmy?
Jemal jogaba derek ysgynsyz elini salgap, eýlesine öwrüldi.
Begmyrat gazanyň gapagyny galdyryp, “bykyr-bykyr” gaýnap duran börtmäniň bir dogramça etini basyşdyryp darlap gördi-de: “Et-ä bişipdir ” diýip, okaradaky bagry gazanyň içine gaňgardy. “Jemal şuňa duz hem atan däldir” diýip, duzdandan bir gysym duz alyp, nahara sepdide ony bulady. Birnäçe minutdan: “Ind-ä duzu siňişendir-dä” diýip, çorbaly çemçäni üfläp, agzyna degiren badyna tüýkürinmän zordan saklandy:
—Bu-u-uw! Zakgum! Muňa bir goşawuç duz guýlan ýaly-la! —diýip, aýalyny çagyrdy. Jemal nahardan dadyp görüp, seňrigini ýygyrdy:
—Sen nahara duz atdyňmy?
—Hawa.
—Näme üçin?! Men saňa duz at diýdimmi? Ýöne, seň we meň atan ýekeje gysymymyz bilen-ä bular ýaly şor bolmaly däl. Ýene kimdir biri duzlapdyr muny. Indi muň üstine suw guýaýmasaň... Beýtseňem barja tagamy gider. Başga çykalga ýok—diýip, gaýnap duran kitiri boşatdy. Iki bolup dadyp gördüler. Eger-eger, naharyň duzy egsiler ýaly däl... —Aý, nätjek-dä, indi boljak iş bolupdyr, nahary şu durşuna äbermeli bolar...—diýip, şumjardy. —Bar kakaňa nahar taýyn diýip aýt...
Dostlar hersi öz jamlaryndan ilkibada syr bildirmän iýen boldular. Aşyr ikinji gezek çorba batyran nanyny agzyna salyp, çorbasyndan bir owurtlady-da, indi syr saklap oturmagyň hajatynyň ýoklugyna düşündi-de:
—Öwezgeldi, bu söwüş goýnuňy gaty şor ýerde bakypsyň öýdýän!? —diýip, ýylgyrdy.
—Aý, Ogulhesel-ä bu gün agzyny bekläpdir, gelinem aş saýlansoň, naharyň ugruna kän seredilenem däldir—diýip, ýuwmarlady. —Me, meň okaramy alaý, meňki duzsuzrak ýaly!—diýip, Öwezgeldi öz jamyny Aşyryň öňünde goýup, onuňkyny bolsa öz öňüne süýşürdi. Saklanyp bilmän, ikisi hem birlikde “ha-ha-haýlap” gülüşdiler. Olaryň gülkileri çaý başynda gijäň ýarymyna çenli dowam etdi.

Kakajan Balkanow

Awgust 2020 ý.

Makalaň çapa çykan ýyly: 25.09.2020 ýyl
Makalaň WEB çeşmesi
Makalaň metbugat çeşmesi: "Edebiýat we sungat" gazeti

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 206 | Добавил: kbalkanov4 | Теги: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Näbelli suratkeşiň sergisinde / nowella - 24.01.2022
Absurd dialog / hekaýa - 11.01.2022
Otluçöp - 06.01.2022
Zalym ykbal / bolan waka - 17.01.2022
Zäher / awçynyñ hekaýaty - 11.04.2022
Sonar daýy / hekaýa - 22.01.2022
Näzlim uz maňa / hekaýa - 24.01.2022
Мисти / рассказ - 25.01.2022
Basgançak-şöhle / mini-hekaýa - 23.05.2022
Kobay / hikaye - 07.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]