13:34
Sopy meşrep ýazyjy: Şekspir
SOPY MEŞREP ÝAZYJY: ŞEKSPIR (ŞEÝH PIR)

Ep-esli wagtlap sosial mediýa Kadir Mysyroglynyñ "Beyaz TV" teleýaýlymynda eden çykyşynda aýdan "Şekspir iñlis däl. Şekspiriñ hakyky ady Şeýh Pir. Özem ol gizlin musulman..." sözleri sebäpli hop oturyp, hop turdy. Hatda munuñ gürrüñi şeýle bir ula gitdi welin, birnäçe kişi dürli meşhur şahsyýetleriñ atlaryndan caps-lar taýýarlap, ussat taryhçyny hezil edip ýañsyladylar.
Habar saýtlary-da gowur turzup bildi. Hamala Şekspiriñ musulmandygyny birinji gezek aýdan Kadir Mysyrogly ýaly edip habar baryny ýasadylar, şoñ üçin öñem okamagy we okan zadyny aýyl-saýyl etmegi kän bir halamaýan halkymyz mundan owal ussadyñ Mehmet Akif Ersoýa gargynýan "komplimasiýa wideoroliginde" bolşy ýaly bu gezegem oýnaldy we ussada hüjüm etdi.
Ussat özi hakda ýazylanlaryñ birnäçesini gördi we olara şeýleräk jogap berdi: "Bular bilmeýän bolsa, birinji gezek eşidýän bolsa, men näme edeýin, olaryñ jahyllygynyñ jerimesini men çekmelimi?" Ne ajap sözläpdir Ymam Gazaly hezretleri: "Jahyllar bilen jedele girmäñ. Men hiç ýeñebilmedim". Ussadymyz hem şu dogaýy jümlä eýerýär...

• Şekspir hakda aýdylanlar

1964-nji ýylda Londonyñ "The Octagon Press" neşirýatynda çapdan çykan Idries Şahyñ “The Sufis” eseriniñ 220-nji sahypasynda Şekspire "Şeýh Pir" diýlendigini şeýle sözler bilen beýan edýär:

“Shakespeare’s name is sometimes rendered in perfectly correct and acceptable Persian as Sheikh-Peer”, the ancient sage”

Bellik: Okamak isleýänler kitabyñ PDF-sini şu linke girip okap bilerler:

https://books.google.com.tr/books?id=S6pLvb5FYE0C&printsec=frontcover&hl=tr&source=gbs_ge_summary_r&cad=0#v=onepage&q&f=false


Müsürde birinji bolup XIX asyrda žurnalist Faris el-Şidýak Şekspiriñ aslynyñ arapdygyny ýazdy, 1989-njy ýylda Liwiýanyñ öñki döwlet ýolbaşçysy Muammar Kaddafi-de Şekspiriñ arapdygyny we onuñ hakyky adynyñ Şeýh El-Zübeýirdigini bütin dünýä jar etdi. Şol wagtlar öñem şahyryñ aslyýetinde kim bolandygynyñ üstünde birnäçe şübheli pikirler bolan Şekspir boýunça Müsürde we beýleki ýurtlarda ylmy-barlag işleri geçirilip başlandy.
Ömrüniñ köp bölegini Şekspiri we onuñ eserlerini öwrenmäge bagyş eden Dr. Martin Lings 2003-nji ýylda "Globe" teatrynda geçirilen "Şekspir we yslam" konferensiýasynda "Şekspir musulmanmy?" atly nutuk bilen çykyş edip, Şekspiriñ pýesalaryndaky sopuçylyk düşünjeleriniñ yzyny yzarlap, "Korol Lirdäki" Edgaryñ ýolagçylygynyñ sufileriñ hakykaty gözläp ýola çykyşlary bilen birmeñzeşdigini, Liriñ Kordeliýa bilen özara gürrüñinde-de sufi düşünjesiniñ yzlaryny görmek bolýandygynu aýtdy. Aýratynam “The Sacred Art of Shakespeare” ("Şekspiriñ mukaddes sungaty") ady bilen ýazan eserinde Martin Lings Şekspiriñ tasawwufa görkezýän ýakynlygyndan söz açybam çäklenmeýär, şahyryñ şol bir wagtyñ özünde musulman tarykatyñ pelsepesine ýakyn "ruhany gatlagyñ" agzasydygyny birnäçe ýerde nygtap geçýär.
Peter Bruk “Evoking Shakespeare”-de Russiýa gidende bir tomaşaçynyñ aslynda Şekspiriñ özbekdigi, "Sheik"-iñ - Şeýh, "Peer"-iñ bolsa "gaýratly kişi" (ýagny, pir) manysyny berýändigi, hususanam Şekspir adynyñ gizlin lakamdygy we onuñ aslynda ýaşyryn musulmandygy barada aýdandygyny ýazýar.
ABŞ-nyñ Yslam sosial ylymlary institutynyñ düýbüni tutujy Mark Hanson täze Hamza Ýusup adyny alansoñ, Martin Lings ýaly olam Şekspiriñ eserlerini öwrenende ýaşap geçen döwri bilen baglanyşyklylykda musulmanlardan täsirlenendigini we bu täsiriñ Şekspiriñ ruhy dünýäsine hem-de eserlerine siñendigini aýdýar.
Mustafa Armagan "Şekspir. XVII asyrda bir sopy" makalasynda Garold Blumyñ şu sözleri mysal getirýär: "Blumyñ pikiriçe Şekspiriñ dünýäsi durşuna mistiki, hatda tasawwuf älemi bilen eriş-argaç. Ýagny, Şekspir gönüden-göni sufi bolmasa-da, "uly" tragediýalarynda gündelik durmuş bilen belent (yşkyñ) älemiñ arasynda, hristian mistisizminde bolmadyk "hyýaly dünýä" (imaginal realm) unsuryna ýer berýär, bu bolsa bütinleý Ibn Arabynyñ we Suhrawerdiniñ (elbetde, beýleki sufileriñem) agzaýan "Jebrut älemine" ("Jebrut älemi" barada Magtymgulynyñ goşgularynda-da aýdylýar -t.b.) yşarat edýär. (Tasawwufda biziñ ýaşap ýören jismany älemimiz bilen latif perişdeleriñ ýaşaýan Melekut äleminiñ arasynda "nurana akyllar we tämiz perişdepisint nebisler" bar bolup, bularyñ Jebrut äleminde ýaşaýandygyna ynanylýar.)
Sussex uniwersitetiniñ işgäri Dr. Matthew Dimmock hem ýokarda agzalan şahslar ýaly Şekspiriñ yslamdan ýiti täsirlenendigini şeýle sözler bilen “Without Islam there would be no Shakespeare” beýan edýär, ýagny, "yslam bolmasa Şekspirem bolmazdy" diýýär we bu pikirini Şekspiriñ öz eserlerinden mysal getirip, çykyşlarynda nygtap geçýär.
Bütin bu agzap geçenlerim bir ýana, men şu soragy orta atasym gelýär:
Şekspiriñ musulmandygyna ýa-da musulman bolup çykaýma ähtimallygyna nämüçin hemmeler beýle señrigini ýygryp seretdi, dünýä belli dramaturgyñ musulman bolmagy nämüçin adamlara ýaranok? Ýa-da şeýle soralyñ: nämüçin meşhur şahsyýetlere yslamy-musulmanlygy gelişdirip bilenoklar?
Ýa bolmasa iñ bärkisi Iogann Wolfgang Gýote, Lew Tolstoý ýaly dünýä belli şahsyýetleriñ musulmandygy şübhelenip bolmajak derejede subut edilen hakykatlardygyny bilmeýän barmy. Bärde ýañsa alynar ýaly näme bar? Ýeri, bi kemalistleriñki we olara golaý durýan toparlaryñky düşnükli diýeli, ussat taryhçy olaryñ butuna tokunandygy üçin onuñ her sözüne garşy çykýarlar. Emma biziñ musulman diýip ýörenlerimize näme diýmeli? Size näme bolýar? Taryh ylmyna, ynanýan hakykatyna ömrüni bagyşlan-bagyşlabam ýören alymymyza siz haýsy ýüz bilen "ussat, saña sözümiz ýok, ýöne bu aýdýanyñ edil beýle-de bolan däldir" we bärde meñ agzamajak etika çapraz gelýän jümleleri ulanyp bilýärsiñiz? Musulmana gelişýän hereketmi bu?
Ussadyñ aýdan bir gowy sözi bar: "Halkymyzyñ aglaba köpçüligi ahlak taýdan alanda musulmanam däl"... bu sözüñ üstünde mazaly oýlanmak gerek...
Şekspir barada aýdanda bolsa, adamlaryñ kalby diñe Jenaby-Haka aýan. Bärde Şekspiriñ musulman bolandygy hakda çynlakaý çaklamalar bar. Şonuñ üçin biziñ paýymyza Şekspiriñ aradan çykanyna dört asyr geçensoñ, "Belkäm, musulman bolup aradan çykan bolaýady-da!.." diýip ýagşy doga-dilegde bolmak düşse gowy bolmazmy?

Nurullah MYSYROGLY.

07.07.2016.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 166 | Добавил: Gökböri | Теги: Nurullah Mysyrogly | Рейтинг: 0.0/0
Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 4
0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"...kemalistleriñki we olara golaý durýan toparlaryñky düşnükli diýeli, ussat taryhçy olaryñ butuna tokunandygy üçin..."

"Kemalist" diýip dinsizlikde aýyplanýanlaryñ - demokratiýa, deñlige, sosial deñlige, ynanç azatlygyna, adalata gol ýapýan dünýewi gatlaklaryñ dini ynanjyny "men musulman!" diýip döşüne kakýan dinçilerden bitewi we sagdyn görýän men-ä...
Atatürki ýigrenýän dini reaksioner gatlagyñ düşünjesinde ýazylan ýazgy... Kemalistler Atatürki "but" (hudaý) saýanok, ýykylan imperiýanyñ (Osmanlynyñ) küllerinden täze Türkiýe respublikasyny gurmak maksady bilen taryhyñ emri we döwrüñ zerurlygy b.n orta çykan gahryman ýörük türkmeni Mustafa Kemala dil uzadylmazlygyny, bir halkyñ azatlygyna gowuşmakda aýgytly rol oýnan we kese ýerli basybalyjylardan ýurdy azat eden beýik serkerdäniñ hyzmatyna adalatly baha berilmegini isleýärler...
"ussat taryhçy" diýilýän sähne Mysyrogly utanman-uýalman "käşgä, ýunanlylar (grekler) ýeñiş gazanan bolsa bolmaýarmy" diýip, öz halkynyñ watançy ogullaryna nälet okan näsagdan başga hiç kim däl. Kemalistleriñ aýdyşy ýaly, aklyndan azaşan bir däliñem sözi bormy...

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bir zady hiç göz öñüme getirip bilemok... ))
Şekspir bar musulman bolanam eken diýeli. Baryp XVI asyryñ katolik Angliýasyna, iñlis jemgyýetine arap, ýa özbek musulmany nirden gaýyp düşdükä? Ýa-da aradan çykan wagty musulman ynançly Şekspirem bolanda, kimem bolanda başga diniñ dessurlary bilen depin edilmegine köñli yrza bolarmyka? Şekspiri musulman däp-dessurlary b.n jaýlamak üçin onuñ golaý-goltumyndaky adamlaram musulman bolmaly. Bu bolsa şol wagtyñ haçparaz añyýetinden doly saplanyp ýetişmedik orta asyrlar Angliýasynda boljak zat däl!

-1
2 Orhideýa   [Mowzuga geç]
(@Gõkbõri,onda-da,sag bol.Beýle materialy õz dilimizde okadym).

0
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
"Peter Bruk “Evoking Shakespeare”-de Russiýa gidende bir tomaşaçynyñ aslynda Şekspiriñ özbekdigi, "Sheik"-iñ - Şeýh, "Peer"-iñ bolsa "gaýratly kişi" (ýagny, pir) manysyny berýändigi, hususanam Şekspir adynyñ gizlin lakamdygy we onuñ aslynda ýaşyryn musulmandygy barada aýdandygyny ýazýar".
Hawa- da,aýdýalar- a,"dil bir õl yerde biten zat.." Nàmàni jedel etseñ,adamlaryñ yñdyrylma häsiyeti bar.. :) (Amerikany türkmenler açdy hem diýipdik...)
Asla,Tolstoýam musilman dàl.Ol bir genial adam hõkmùnde,yslam dini barada juda inçelik bn aýdan zatlary bar.( Ony aýtsañ,ol Ýewangeli hem terjime eden adam). Şekspir bolsa,õzbek dàl.Iñlis.Bu zatlary adamlañ añyny bulaşdyrmak üçin,ýõrite gurnalýan,oýlanyp tapylýan zatlar hõkmunde kabul edýan.Bir milletiñ gymmatlygyna eýe çykylmanlygynda- da her kimiñ oz dünýà belli GENIÝ adamlary bar.Dogrusy, olar àhli adamzadyñky.ADAMLAR ücin ýazypdyrlar.Musulman,hristian..haýsy dine uýanlarynda da õz işleri.Gizlinmi,açykmy..olam õz işleri..(õzleri jogap bererler).
"Şonuñ u n biziñ paýymyza Şekspir..Belkäm, musulman bolup aradan çykan bolaýady-da!.." diýip ýagşy doga-dilegde bolmak düşse gowy bolmazmy?"- bu fraza şu jogaby beredim- biz doga- dileglerimizi musulman bolup dünýeden gaýdan,biziñ dogalarymyza garaşýan.. ýakynlarymyza ,õz ene- atalarymyza,bizden umydygàr bendelere...sarp etsegem Alla olardan hem bizden razy bolsun..Alla kabul etsin diýeliñ..

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]