14:12
Soñunda bagt bar eken

SOÑUNDA BAGT BAR EKEN

Senem unutdyňmy puçmu indi bary
Geçipdi ömrümiň seň bilen ýary
Bu gün oda salyp, ýandyryp jany
Synpdaş partadaşym seni ýatladym.

Soňky jaň kakyldy hoşlaşdyň gitdiň
Şol günden soň menden araňy açdyň
Sebäbi hut şol gün gaşyňa geçip,
Saňa pynhan söýgim men äşgär etdim

Dymdyň, gözleriňi sowup men taýdan
Yşgym gowrup barýar, meni çar ýandan
Habarsyzdyň sen, meň içki ünýämden
Sen dermandyň gutulmama bu haldan.

Soňky jaň söýginiň nokadyn goýup,
Gitdiň sen gözlemden uzaga gaýyp.
Ýa-da, men ýalňyşdym ýüregimi berip,
Belk sen saýypdyň söýmegi aýyp.

Bilmedim, sowallar möwç urdy serde
Hamala ýerinde däl ýaly kelle
Müň dert hereketde bolsa beýnimde
Her ikiden biri sendiň-le Gülle.

Soňky synaglary tamamlap üçe
Ahmyr bilen attestaty ele aldym.
Sen bolsa bäşlikli attestat bilen
Şol ýyl Men uniwersitet talyby bolduň.

Men bolsa kemsindim, ökündim biraz,
Indiki ýyl talyp bolaryn diýdim
Emma, Watan öňündäki borjumy
Berjaý etmek üçin gulluga gaýtdym.

Iki ýyl gün sanap geçip başlady
Hepde, aý aýlandy, geçdi ýyllaram
Iki ýyl gullugy tamamlap gelsem,
...Ah, ýanaýyn näme gördi gözlerim.

Al öýmäni başa örtüp, uz ýaşynyp,
Öýümiziň törün otyrsyň bezäp,
Ýakdyň meni, synpdaş, alawsyz ýakdyň
Bermek islediňmi ýene bir güzap.

Agamyň toýuna bilmändim gaýdyp,
Az wagtdan gulluk borjum dynýardy
Howlukmadym suratlaryňyz görmäge
Wah, ejemjan ibereýinem diýýärdi.

...Men kejirlik edip, garşy bolýardym,
Baranymda görerin eje diýýärdim.
Ine bu gün gördi gara gözlerim...
Men dostlaryma seni alaryn diýýärdim.

Aýt indi, men näme etmeli partadaş
Unutdyňmy ýa-da soňky jaň günün?!
Wah, şol gün dişimi gysan bolsadym
Edil bu wagtky dek gyzmazdy ýüzüm.

"Aý dost, gerelidä hany içeri"
-diýip, Anna meni özüme getirdi.
"Haý inim, sagaman geldiňmi "-diýip
Agam meni seň garşyňa geçirdi

"Tanyş bol, toýa-da gelip bilmediň,
Gelnejeň Şöhle, senem öýereris
Gülläňe nesip etse"
Hä-ä?!- diýip, soragly sandyrap sesim
Düşünmän hiç zada ot aldy içim.

Bir seretsem, synpdaş gyzlarymyz bilen
Senem toýa gelýäň uz basyp ýöräp.
Nämeleň bolýanyna hiç aklym çatman
Toý güni, gijesi çekdim kän azap.

Içimi gürledip, ýadadym halys
Sagaman Gün dogsa diýip diledim.
Ýene karar tapman Anna jaň edip,
Seniň hakda ondan kän zat soradym.

Anna-da düşünen bolmaly maňa
"Dost seň derdiň Gülle aklyň alypdyr.
Habarsyz bolmagyňam ähtimal seniň
Ejeň Güllelere sawçam barypdyr.

Ýakynda toýuňyzyň bolmagam ahmal
Agaň aýtdy, ejeň sözi alnypdyr.
Ejeňem Gülläni, ýalňyşmasam-aa
Agaň üçin sawçylykda görüpdir

Seň gelnejeň Şöhle Gülläniň taýy
Gülle perzentlige alynan eken,
Şoň üçinem Şöhlä şäher mekdepde
Güllede, biz bilen bir synpda okan.

Bu sözleri eşdip, doňdy bedenim
Gürlemek däl, bilemok näme ederim
Garmaşyk duýgulam, sowally beýnim
Gaýtadan oýandy, yşk, heser, duýgym

Indi ähli zada düşünip biraz
Jana tara tapyp uklapdyryn basym
Ertesi günortan oýananymda
Ejemjan otyrdy sypalap başym

Göz açan dessime:"turduňmy oglum,
Seň bilen döwletli maslahatym bar
Hol, synpdaşyň Güllä, ýalyk daňaýsak
Sen niçiksi görýän saňa neneň bor?!"

Ejejan, jan ejem döneýin saňa
Heý, ondan mähremem ýar bormy maňa,
On bir ýyl oturdyk birje partada
Bileje ýöredik şol bir ýodada
Razy eje, ýalyk dakyň Gülläme
Ony menden hiç kim alyp gitmesin.
Düýn öýlänki meniň düşen ýagdaýym
Aýtmaýyn. Ýöne... hiç başa düşmesin.

...Arzuwlarym myrat tapdy az wagtdan
Gülläm gelin bolup geçdi törüme
Söýgiň derdi kynam bolsa süýji eken
Degýän eken ýanyp, köze dönenňe

Aýagyň düşümli boldy partadaş
Nesip edip, talyp adyny aldym
Ýyllykdaş-a bolup bilmedim welin...
Barybir ýene-de kärdeşiň boldum

Indi sen ýanymda okaryn kitap,
Senem meniň üçin bişirsiň gutap.

Bagul ORAZMUHAMMEDOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: Aksary | Теги: Bägül Orazmuhammedowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 15
0
15 Sergezzan   [Материал]
"Indi sen yanymda okaryn kitap,
senem menin ucin bişirsin gutap"
nahili ajaýyp sozler

0
Zatlaý, halypañ barmy A gyz Bägül???

0
11 byagull   [Материал]
ýok

0
13 Hаwеrаn   [Материал]
Bägül dogan, goşgularyñyzy özüñizem paylaşyp bilersiñiz.

0
14 byagull   [Материал]
bolýa, minnetdar

-1
5 Bagabat   [Материал]
"Özbek özüne bek" diýýäler. Özüme "bek" bolup bilsem, armanym ýok. Ýöne, onda-da şu "goşgyny" okap, Kakamyrat agaň (Kakamyrat Ataýewiň) "Wellek" atly şu salgydaky: http://kitapcy.com/news/wellek_hekaya/2018-06-17-546 hekaýasy ýadyma düşdi.
Awtor okap göräýse, gowy bolardymyka diýýän.

0
7 byagull   [Материал]
okadym gowy hekaýa eken. Şeýle dereksiz hasaplanynyz üçin minnetdar.

2
8 Bagabat   [Материал]
Bagyşlaň, sizi dereksiz hasaplar ýaly, siziň kimdigiňizi tanamogam.
Ýöne: "özüňe ters düşünilip, bihuda gaty görülse, ötünç soramak dogry" diýilýänniň rastdygyna ynanýan.
Şoň üçinem, göwnüňize almaň, ötünç soraýan.
Men bu hekaýany okamagy maslahat bermek bilen, Kakamyrat agaň çeper sözüniň, ynandyryjy hem düşnükli beýan etmek ukybynyň kömegine daýanyp, ahy-nalany (ýa-da başga bir durmuşy pajygany, wakany) ýazga geçirilende seresaply, iňňän çynlakaý çemeleşmegiň gowudygyna ünsüňizi çekmekçi boldum.
Ýöne, ýaşlaň bir häsiýeti bar. Her bir aýdylan sözi, öz mellegine atylan daş diýip hasap edýär.

0
10 byagull   [Материал]
Ýok men gaty görüp diýmedim çynym, özümem gowşak görýän. hekaýany maslahat bereniňiz üçin bolsa has-da minnetdar.

0
12 byagull   [Материал]
men özüme edilýän belliklerden hiç wagtam gaty göremok, sizede kine bn dm ony, ol hekaýany okap hakykam dereksiz hasapladym. Size ötünç soramaga asla gerek ýok.

0
2 mango   [Материал]
bu zatlary aýtmak üçin, goşgulaşyp kösenmek nämä gerek?
gat-gat liste hat ýazyp klasdaşa ugradanyň aňsat dälmi?
----
özüme garşy gidip doly okap bilmedim.

0
3 byagull   [Материал]
sakawyň soňuna seret diýilýäni şu. özüňize garşy gidip okap göräýiň

0
4 mango   [Материал]
hindi kino bilen aram ýok...

0
6 byagull   [Материал]
menem göremok hindi kino ))

0
1 Aksary   [Материал]
Ýalñyşlaryny başardygymdan düzedişdiräýmeli borda agşam.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]