22:12
Soñlandyrmasy bar
SOÑLANDYRMASY BAR

Ýeñilmedik gorkularyň,
Käte eýmendirmesi bar.
Ýaşlyk paslynyñ bu ömri,
Yşka eýlendirmesi bar.

Bagt aldasa, hoş söz diýe,
Duýgularym dursun çeýe,
Diliňe bolmasañ eýe,
Kalby elendirmesi bar.

Boş gaýgylar - gury bede,
Sabyr eýle, geçer bu-da.
Ykbal Söýgä bolup guda,
Bagta öýlendirmesi bar.

Gezsem günäñ ýükün çeke,
Sogabym çekiler çete.
Göz aýlaýyn saga, çepe,
Ömrüñ oýlandyrmasy bar.

Berk bile erkim bir ede,
Mydam saklaýyn bileje,
Adama ýetse dereje,
Başyñ aýlandyrmasy bar.

Ömrüñ ygrary ne selki?!
Bolsa-da, bar baýlyk señki.
Bilseñ, bu dünýäniñ soñky
ýola şaýlandyrmasy bar.

Hemme zat diliñde añsat,
Bagt gelermi seni añtap,
Nury ýigdiñ şygry añlap,
Şeýdip soñlandyrmasy bar.

Nury SAKÇYÝEW





Категория: Goşgular | Просмотров: 141 | Добавил: Nury6119 | Теги: Nury Sakçyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje! / Goşgular - 05.01.2022
Meşedi-Misirýan oýlanmasy / Goşgular - 02.02.2022
Ertir bilerin / Goşgular - 05.01.2022
Yşk bahary / Goşgular - 22.01.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
Ironiýa / Goşgular - 29.01.2022
Потомки / Goşgular - 23.02.2022
Gitdim / Goşgular - 16.02.2022
Käşgä gidip bolsa... / Goşgular - 25.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Garayolly1936   [Материал]
Gowy goşgy. Kapyÿalar owaza ÿugurlan. Setirler akgynly. Tuÿs klassiki mazmun we forma.

0
3 Nurdan   [Материал]
Many taýdanam, çeperçilik, pikir, sazlaşyk tehnika taydanam saz, diýseñ oñat goşgy, galamyñyz kütelmesin!

0
2 Aksary   [Материал]
Gowja goşgy...

0
1 Gumlygelin   [Материал]
Ýetirip duruñ...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]