20:18
Şol sowalyñ jogaby
ŞOL SOWALYÑ JOGABY

Bu baradaky düşünje "Economist" iñlis žurnaly tarapyndan 1933-1937-nji ýyllarda Gitleriñ döwletiñ eýeçiligindäki käbir emläkleri satuwa çykarmagy bilen orta çykanam bolsa, onuñ taryhy gadymy Gresiýadan Rim döwrüne çenli uzalýar: Hususylaşdyrma...
Soñky kyrk ýylda haýsy ýewropa ýurtlary näçe hususylaşdyrma işini geçirenini bilýäñizmi?
Türkiýe 187… Angliýa 171… Fransiýa 72… Awstriýa 33… Ispaniýa 11… Portugaliýa 9… Gresiýa 9… Italiýa 6… Germaniýa 5…
Ýewropanyñ daşyndanam käbir mysallary bereýin: Hindistan 14,  Saud Arabystany 12, Ýaponiýa 9, Malaýziýa 9, Russiýa 7, Günorta Koreýa 5, ABŞ 4…
Ýok, gürrüñi "hususylaşdyrmagyñ çempiony" Türkiýä baglajak däl! Aýlap-dolap degip geçerin bolmanam! Men şumat esasan Fransiýada geçirilen saýlawlary analiz etmäge synanşaýyn...
Käbir "syýa ýalaýanlaram" "Fransiýa ýaly ýurtda faşist Le Pen nädip 42% ses alyp bilýärkä?" diýip soraýar. Ýogsam bolmasa onuñ jogaby bellem:
"Azatlyk, deñlik, doganlyk" şygaryny baýdak edinip öñe çykan 1789-njy ýylyñ rewolýusiýasyny, 1848-nji ýylyñ Ýewropa rewolýusiýasyny, 1871-nji ýylyñ Pariž kommunasyny amala aşyryp syýasat taryhyny düýbünden özgerdip taşlan Fransiýadaky saýlawlaryñ netijeleri geñ galdyryjymy?
Taryhy gaty bir yza sarabam durjagam däl: neoliberalizmiñ-maliýe diktatorlygynyñ taryh sahnasyna çykan segseninji ýyllaryna äkideýin sizi?
Fransua Mitteran 1981-nji ýyldan 1955-nji ýyla çenli iş başynda galyp, fransuz taryhynda iñ köp wagtlap prezidentlik eden sosialist syýasatçy boldy...
Mitteran halkara gatnaşyklardan ykdysadyýete çenli birnäçe ugurda saýlaw çärelerinde wada beren 110 maddalyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin ýeñini çermedi.

• NÄMEDI BU PROGRAMMA?

Mitterranyñ iş üpjünçiligi we önümçilik boýunça maksatnamasyndan käbir mysallary bereýin:
- Dokuz senagat pudagyny döwletiñ eýeçiligine geçirmek;
- Sindikatlaryñ jemgyýetçilik işlerine, döwlet dolandyryşyna gatnaşmagyny üpjün etmek;
- Senagaty we ekerançylygy ösdürmek üçin importa has az garaşly bolmak;
- Döwlet banklarynyñ hödürlän “Livret A” finans kagyzy bilen ýyllyk girdejileri salgydy köpeltmezden, hem tygşytlylygy artdyryp, hem-de şondan toplanan pullary kiçi we orta ölçegli kärhanalara kredit bermek;
- Merkezi banka tygşytly pul syýasatyny ýöretdirmek;
- Oba hojalyk we senagat syýasatynda düýpli maksatnamalar;
- Esasy harytlaryñ üstünden goşmaça gymmatyñ (добавленная стоимость) salgydyny nola düşürmek;
- Supermarketleri gözegçilige almak;
- Iñ pes aýlyk hakyny, işlemeýändigi üçin berilýän kömek pullary we nepaga haklaryny artdyrmak bilen bir hatarda baýlygyñ üstünden "raýdaşlyk salgydyny" almak;
- Pes girdejilere bolan göni salgydy azaltmak, arzan ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga kredit bermek;
- Iş wagtyny hepdelik 35 sagada getirmek;
- Halkyñ saglygy goraýyş, bilim, poçta aragatnaşygy ýaly hyzmatlary köpçülige añsatlaşdyrmak üçin birinji tapdyrda 210 müñ iş orunlaryny döretmek;
Garyp maşgalalarda doglan çagalaryñ göwnejaý bilim almaklary üçin bilim sistemasynda düýpli reformalary geçirmek;
- Arzan bahaly ýaşaýyş jaýlaryny, çagalar baglaryny gurmak...
Uzatmaýyn: Mitteran "güýçli döwlet bilen bol-elinligiñ gerimini giñeltmek" maksatnamasyny dowam etdirdi.
Eden işleri aslyýetinde sosial döwleti-jemgyýetçiligi güýçlendiren “garyşyk ykdysadyýet” - Keýnesýen syýasatydy...

• ÇEP GANATYÑ KELLESI BULAŞDY

Jedelsiz bir hakykat bar:
SSSR-iñ dargamagy bilen bütindünýä sosialistik teoriýalaryñ gözbaşy bolan fransuz çep ganaty-da uly urgy aldy. Mitterany häkimiýetde saklan 14 ýyllyk sosialist, kommunist, çepçi radikal ýaranlyk çym-pytrak boldy.
Sowet Soýuzynyñ ýykylmagy bilen Ýewropada indi amerikan ykdysadyýetiniñ döreden neoliberalizmi agalyk etmäge başlady. Munuñ ses sandyklaryna etjek täsiri gijikmedi: 1995-nji ýylyñ prezident saýlawlarynda sosialistleriñ kandidaty Lionel Žospen birinji tapgyrda 23.3% bilen birinji bolanam bolsa, ikinji tapgyrda Parižiñ şäher sowetiniñ başlygy Žak Şirak 52.5% bilen ýeñiş gazandy.
Şondan on ýyl yza saraýyn:
Şirak 1986-njy ýylda premýer-ministr bolan döwründe iñlis we amerikan neoliberallaryndan täsirlenen maksatnamasy bilen hususylaşdyrmagyñ tolkunyny başlatdy. Hökümetiniñ iki ýylynda 300 ýyllyk aýna öndüriji "Saint Gobain" ýaly 11 sany uly önümçilik kompaniýasyny hususylaşdyrdy.
Fransiýada hususylaşdyrmalar Angliýada bolşy ýaly köpçülikleýin iş taşlaýyşlara sebäp bolsa-da, Şirak maksatnamasyny bökdençsiz dowam etdirdi. Müsürde "Nasyr döwletiñ eýeçiligine geçirdi" diýip uruşa sebäp bolan energetika pudagyndaky 130 ýyllyk Suweýş kanaly şereketi "Suez"-i hem hususylaşdyrdy!
Şirakdan soñ çepçi premýer-ministrler Mişel Rokar, Edit Kresson, Eduar Balladýur, Lionel Žospen dagy 1990-2000-nji ýyllar aralykda ýigrimi bir sany kärhanany hususylaşdyrdy.
Şiragyñ ykdysady ýykgynçylygynda halas bolmak üçin fransuzlar Mitterandan soñra sosialistleri - Fransua Ollandy 2012-nji ýylda gaýtadan prezident kürsüsine oturtsalar-da, neoliberalizmiñ soltanlygy dowam etdi: Olland 12 sany kärhanany hususylaşdyrdy!
Yzyndan sagçy Sarkozi, çepçi Makron bilen neoliberalizm-finans ykdysadyýeti arakesmesiz dowat etdi gitdi. Netijede:
Bu ykdysady-syýasy bir gysym "kagyz oýunçysyny" - finansçyny aşa baýlaşdyran bolsa, öndüriji uly gatlaklary garyplaşdyrdy. Sosial döwletiñ iñ güýçli galalaryndan Fransiýanyñ orta gatlagy çökdi.
Le Pen sesleri nireden alandyr öýdýärsiñiz?

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 26.04.2022 ý.





Категория: Publisistika | Просмотров: 105 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]