23:57
Şol gün...
ŞOL GÜN...

Çagyryldym, bardym seniñ toýuña,
Men barmasam, bu gelşiksiz boljakdy.
Gutlamaly boldum deñ-duşlam bilen,
Ýöne diýiljek söz bagrym diljekdi.

Bokurdakda bir uly daş doñup dur,
Bir söz diýsem eräp, ýaş bolup damar.
Emma gutlamaly syrym bildirmän,
Dostlaryñ içinde görip bar, añar.

Ah, senem otyrsyñ maña seredip,
Ýekeje söz diýsem gapyp alarsyñ.
Onsoñ, sen ýüregme ýyldyz göz däl-de,
Ýyldyrym göz bilen talañ salarsyñ.

Ýylgyrdym geçmişi unudyp biraz,
Hem özüm ýitirip, tolgundym aşa.
Gara gözleriñe göni seredip,
Diýdim: "Gelniñ bilen bagtly ýaşa!"

Dört sözde gutlagyñ baryn jemledim,
Bu sözüm goldady töwerek-daşym.
Ýok, men aglamadym, söýgimiz ýatlap,
Ýöne señ gözüñde göründi ýaşyñ.

Gülälek ŞAMYÝEWA,
Murgap etraby.





Категория: Goşgular | Просмотров: 44 | Добавил: Haweran | Теги: Gülälek Şamyýewa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Watan mähri / Goşgular - 09.01.2021
Bahara hat / Goşgular - 20.02.2021
Atsyz goşgy / Goşgular - 21.10.2021
Ýör, göwün / Goşgular - 21.02.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Unutma / Goşgular - 30.05.2021
Aşyklar deresi / Goşgular - 08.02.2021
Bu dünýä özüni görer özümde.. / Goşgular - 06.01.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Towakga / Goşgular - 18.03.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Aksary   [Материал]
Şu goşgyñ döränine 10 ýyl boluberendir, okaýanam gowy okaýady.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]