17:25
Söhbet
SÖHBET

Adamy adamjyk lak-luk atýarmyş.
Sen — adamjyk, a men weli adam däl.
Wah, adamjygam däl,
Men — gurjajyk,
______________ Hudaýyň elindäki gurjajyk-da men.

Wi-iý, elbetde, elbetde senem gurjajyk,
Ýöne....
... adamlaň elindäki gurjajyk-da sen.

Hmmm!
Gurjajyk däl, hä sen?!
Adamjygam däl?!
Adam du:r, hä, alnymda?!
Başga-da kö-ö-öp adamlar bar ýanymda?!

Şeýlemi?!
Hany?!
Hany, Adam?!
Men-ä adam göremok,
Müňňüldeşýän gurçuklar-a görýärin.
Waý,
Eger adam bolsa görerdim-ä men,
Maňa sorag berip,
Eý, Gurçuk, gürleýäňm-aý, sen?!

Laçyn PÜRJÄÝEWA.

01.06.2008





Категория: Goşgular | Просмотров: 65 | Добавил: mango | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gije / Goşgular - 08.04.2021
"Humarala" / Goşgular - 08.02.2021
Bir söz / Goşgular - 10.02.2021
Dowam edermiň / Goşgular - 30.05.2021
Derýam / Goşgular - 02.06.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
"Poeziýada mozaikalar" goşgular toplumyndan / Goşgular - 16.03.2021
Dostluk we söýgi / Goşgular - 09.03.2021
Dagdan / Goşgular - 03.02.2021



Всего комментариев: 2
0
2 Revo   [Материал]
Gurçuk bolsun, gurjak bolsun, ähli zat garaýşyňa görä şekillenýär.

0
1 mango   [Материал]
Men — gurjajyk...
sen gurjak,
a gurçuk kim?
gürleýän gurçuk?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]