00:27
Sintaktik gutlag
SINTAKTIK GUTLAG

Ömür bolsun sintaktika,
Tertip bolsun taraşlysy.
Esasy söz özüň bolup,
Ykbal bolsun garaşlysy.

Rysgal bolsun doldurgyçdan,
Kemlik gitsin aýyrgyja.
Habar agyr gelse-de soň,
Eýe bolsun haýyrlyja.

Erkin bolsun maksadyňyz,
Durmuklylyk ýar bolsun.
Her kişili gatnaşykda,
Ylalaşma täri bolsun.

Ýaýbaňlansyn goý, adyňyz,
Ýönekeýlik ýoly bolsun.
Saçagňyzda halal çörek,
Doly söz deý doly bolsun.

Inkärleýjä baglanmaň köp,
Tassyklaýjy gözlenerler.
Ykbal gülüp bakar şonda,
Hoş söz bilen ýüzlenerler.

Ýüzlen: sorag, buýruk, habar,
Isle bolsun ümlük bilen.
Ýöne welin baş agzalar,
Gelsin hemmä deňlik bilen.

Ýekelik bir Hudaýyňky,
Goşa boluň wagty bilen.
Bagtdan paýly ösüp-örňäp,
Perzent bolsun bagty bilen.

Hal-ahwalat şatlyk bolsun,
Durmuş bolsun estetika.
Ähli zatlar ýerbe-ýerli,
Ömür bolsun sintaktika.

• Bolmasyn

Tutuş älem hem-de kalp,
Aýak yzdan torç bolsun.
Arzuwlar ýylmanak däl,
Örän-örän berç bolsun.

Durmuş bolsun manyly,
Bethoweniň sazy deý.
Niýetlermiz päk bolsun,
Ynsanýetiň özi deý.

Beklenmesin göwünler,
Gahar gapy ýapylsyn.
Durmuş manysyz bolar,
Göriplerem tapylsyn.

Şor alsa-da ýerleri,
Güllesin goý, bakjasy.
Esasy sütünleriň,
Köp tapylsyn sakçysy.

Kalplary ýyladalyň,
Hiç bir sowuk almasyn.
Dilegim, bar zatlaryň,
Bolsadysy bolmasyn.

* * *

Geljegiňiz päklik bolsun,
Ak gar kimin aklyk bolsun.
Täze ýylda rysgyňyzda
Ýok zadyňyz ýokluk bolsun.

Ahmet ARAZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 85 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dostuma / Goşgular - 15.01.2022
Ykbalyma / Goşgular - 08.01.2022
Ir säheriň oýlary / Goşgular - 18.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
«Белый, белый, белый, белый...» / Goşgular - 18.01.2022
Снегопад / Goşgular - 11.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Bentler / Goşgular - 24.01.2022



Всего комментариев: 3
0
2 Edebiyatcy   [Материал]
Ahmet, Täze ýyl arzuwlaryňy esseläp saňa-da dileg edýäris. Täze ýylda saňa täze ylham, üstünlik ýaran bolsun!

0
3 Ahmet   [Материал]
Minnetdar, agam!

0
1 Gülmahym   [Материал]
Ine goşgy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]