07:01
Sežde
SEŽDE

Ne beýle ir oýanypsyñ, eje jan,
Üşän gyşyñ gagşap barýar eñegi.
Dil bilen däl, köñül bilen pyşyrdap,
Edýärsiñ Hudaýdan ýagşy dilegi.

Üşäñokmy?
Gijäñ gerşinde gyraw,
Aýaz penjeläpdir gyş ümsümligin.
Eginlerin sallar otyr baglarmyz,
Agramyndan ýaña sowuk tümlügiñ.

Bagtly ýaşamaga haklydyr juda,
Seždeden soñ özün bagtly saýan.
Köñül pyşyrdyñy men eşdip durun,
Eşidýän dälmidir eýsem, Hudaýam?!

Hudaýberdi SÖHBETOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 67 | Добавил: Haweran | Теги: Hudaýberdi Söhbetow | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dag ahwaly / Goşgular - 12.02.2021
Года мои! Не судите меня строго / Goşgular - 17.03.2021
Hatlar / Goşgular - 26.05.2021
Esger jigime / Goşgular - 05.02.2021
Çilimkeş / Goşgular - 16.02.2021
Gar ýagyp dur... / Goşgular - 12.02.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
Bir ýerlere gitsem... / Goşgular - 19.01.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
Eje / Goşgular - 03.03.2021



Всего комментариев: 3
0
3 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Ajaÿyp gošgy, (Üşäñokmy?
Gijäñ gerşinde gyraw,
Aýaz penjeläpdir gyş ümsümligin.
Eginlerin sallar otyr baglarmyz,
Agramyndan ýaña sowuk tümlügiñ.) šular ÿaly šygryÿete baÿ setirleri döredip bilÿân šahyrdan, ÿene gošga garašÿarys.

0
2 mango   [Материал]
sežde edýän enäniň ruhy ýylyllygy, rahatlygy bilen daşaryň aýazy, sowugy - gowy kontrast.
başynda "Ne beýle ir oýanypsyñ, eje jan" diýende ertir namazy ýada düşdi, indiki kupletinde "Üşäñokmy? Gijäñ gerşinde gyraw" diýende bolsa - bu ýarygije namazy hasapladym. ybadatlaryň iň gymmatly wagty....
näme-de bolsa bir zatlar-a ýetenok...
pikir aýdylyp bilinmedik ýaly....

Bagtly ýaşamaga haklydyr juda,
Seždeden soñ özün bagtly saýan.

bagtly ýaşamaga haklysyň, hakyň bardyr... ýaly sözler sowuk (hakyňy ýatladyp başlasalar, eýýäm....)

Köñül pyşyrdyñy men eşdip durun,
Eşidýän dälmidir eýsem, Hudaýam?!

goşgyň başyndaky "Dil bilen däl, köñül bilen pyşyrdap, Edýärsiñ Hudaýdan ýagşy dilegi" -diýen ajaýyp sözleriňi jemlemede gaýtalap gowşadypdyr, hemem üstüne şübhe goşup gowşadypdyr (hasap edýän).

goşgy gowy, has bişirilen bolaýsa hasam gowy bolardy.

0
1 Edebiyatcy   [Материал]
Hudaýberdi Söhbetiň goşgularyndan bar bolsa köpräk goýsaňyzlaň! Gowy poeziýasy bar şu şahyryň

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]