21:31
Şeýtangala
ŞEÝTANGALA

Şeýtan bolup ýaşamaly,
Şeýtanlaryň arasynda.
Senem ýazdyň, menem ýazdym,
Bu ahwalat barasynda.

Obaň ady Şeýtangala,
Çatma ýykar eşden çala.
Daňylandyr tamaň tala,
Goňşy-golam arasynda.

Öňler oba sada eken,
Rehimdarlyk kada eken.
Ili asylzada eken,
At-abraýy töresinde.

Doýurmazlar ýolda ajy,
Gürleseler bary hajy.
Düşse ýoluň, agyr pajy,
Wah, ýollary gurasyn-la!

Uç-gyraksyz ýaýlahlary,
Gumda gezer arwahlary.
Ýagşy kişi awlahlary,
Jähennemiň gyrasynda.

Gardaşyna gardaş ýagy,
Sagdyr çepi, çepdir sagy.
Ündeýänçi bir bolmagy
Ýokdur taýpa-tiresinde.

Goý, Allaýar, goý, nalaňy,
Isteme şeýtan balany.
Gör düzedýändir ýalany,
Ýalan - Şeýtangalasynda...

16.12.2017.





Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ynjynma / Goşgular - 23.03.2021
Ýokarky gatdan seredilip ýazylan goşgy / Goşgular - 11.02.2021
Yşgyñ sungaty / Goşgular - 11.02.2021
Dostum / Goşgular - 25.03.2021
Dag we Asman / Goşgular - 10.11.2021
Ýene-de bir owadan goşgy / Goşgular - 20.03.2021
Horasanyñ durnasy / Goşgular - 03.06.2021
Rubagylar / Goşgular - 06.04.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021
Sen maňa dymma diýme!.. / Goşgular - 10.02.2021



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
Gör düzedýändir ýalany
—-
Nakyl: Egrini il düzeder, küýküni – gör.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]