11:35
Seýliñ mübärek, ildeş!
SEÝLIÑ MÜBÄREK, ILDEŞ!

Oguzhan neberesi,
Görogly kabylasy.
Kaşgarynyñ taýpasy,
Magtymguly tiresi...

Sen-sen kowmum-şejeräm,
Arkadaşym-gardaşym
Gör-bak çykdy kaýlardan
Seniñ ol gara başyñ!..

Sesiñ geldi Kümmetden,
Sesiñ geldi Hyratdan,
Aşdyñ ýüz bir döwletden
Geçen ýaly syratdan.

Sending bu gün Mekana, -
Hoş gördüm, sapa gördüm,
Ojak atly dükana
Zannyñda wepa gördüm,
Süññüñde wepa gördüm!

Sözle, sözüñ Kerbelañ
Ýa Dymşygyñ sazymy, -
Pereñde owaz eden
Şol Gyratyñ özümi?!

Paşmagyñda Istambul,
Londonlañ tozy görner,
Gözüñde garagumly
Oglanlañ özi görner,
Ojarlañ közi görner.

...Aýyrmasyn ylahym,
Gül meñzin ýapragyndan,
Sogurmasyn Allahym
Perzendin topragyndan!

...Oguzhan neberesi,
Görogly kabylasy
Sapar-seýliñ mübärek, -
Ilñi ýüzñe sylasy,
Ýurduñy alna sylasy,
Eheý, türkmen balasy,
Türkmen atañ çagasy!..

1992 ý.

Annaberdi AGABAÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 34 | Добавил: Haweran | Теги: Annaberdi Agabaýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gysga satiralar, kelte setirler / Goşgular - 04.02.2022
Ugurtapyjy towşan / Goşgular - 04.01.2022
Men daglaryň reňkin söýdüm / Goşgular - 19.02.2022
Зарница / Goşgular - 28.02.2022
Şygry söýýän / Goşgular - 12.01.2022
Magtymgula nezire / Goşgular - 19.01.2022
Şahyr hakda rowaýat / Goşgular - 22.02.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Я уеду, я уеду... / Goşgular - 15.01.2022
Руфь / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]