23:31
Şeýle gelipdir, şeýle gitmesin...
ŞEÝLE GELIPDIR, ŞEÝLE GITMESIN...

Ähli ejeler - ejeleriñ gözeli,
Sen - gözelleñ gözeli!
On üçde çykdyñ äre
Meni dogurdyñ on bäşde.
Ýigrimalty ýaşyñda
Dünýäden açdyñ ara.
Söýgi dolup-daşýan ýüregim üçin
Saña ömürbaky minnetdar, eje.
Ýeke suratyñam galmady mende
Günädi,
Surata düşmek-de küje.
Ne kino görüpdiñ, ne-de teatr.
Tok, yşykly gaz, suw, peç...
bularyñ,
Hiç birisi ýokdy
Zar bolduñ peje.
Ne deñze suwa düşdüñ
Ne okap-ýazybildiñ.
Gözel gözleñ,
Gara bürenjegiñ añyrsyndan bakdy dünýä.
Ýigrimalty ýaşyñda
Ölüp gitdiñ ýaşaman...
Ejeler indi ýaşamazdan ölmeli däl...
Şeýle gelipdir,
Emma şeýle gitmeli däl!

Eziz NESIN.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.





Категория: Goşgular | Просмотров: 83 | Добавил: Haweran | Теги: Eziz Nesin | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ömür menzili / Goşgular - 15.03.2021
Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny... / Goşgular - 10.02.2021
Yşgyñ sungaty / Goşgular - 11.02.2021
“Akylym azaşyp özüni tapdy...” / Goşgular - 25.03.2021
Guşlaryñ tansy / Goşgular - 19.03.2021
Biz hakda / Goşgular - 08.02.2021
Keramat / Goşgular - 14.02.2021
Gijara / Goşgular - 11.02.2021
Şahyrlyk borjy / Goşgular - 16.03.2021
"Kiçeltmedim, kiçeltdiler..." / Goşgular - 01.04.2021



Всего комментариев: 2
0
2 Allanazar   [Материал]
Güýçli täsirli bolupdyr, bokurdak dolup gidýar.

0
1 Garayolly1936   [Материал]
Mähir çeşmesiniň gözbaşy bolup durýan mährem enäniň ir köýen ömrüniň perzendi tarapyndan berilen ahmyrly beýanatynyň şygyr formasyndaky elegiýasy. Gowy terjime.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]