02:08
Şeýle bir gar ýagdyrsana...
ŞEÝLE BIR GAR ÝAGDYRSANA...

Şeýle bir gar ýagdyrsana
Asman!
Ýagyşyña baglanaýyn.
Dag bolaýyn.
Her ýagmyra ymsynmaýyn.
Ýykylaýyn taýyp-taýyp
Ýöne garsyz kemsinmäýin.
Ýarsyz galyp
Arsyz galyp
Jigerimi elegiýalañ
Arasyna duwlamaýyn.
Şeýle bir gar ýagdyrsana
Asman!
Daglar
daglygyndan utansyn!

Eger gar ýagdyrsañ
Garrygalada, Gyzylarbatda
Täze dünýä iner oglan bäbekler.
Sumbaram öz Etregine gowuşar.
Soñudagyñ añyrsynda ahmyrly
Ýatan Pyragy-da begener çaksyz.
Çowdur hanam geler,
Mämmetsapa-da.
Eger gar ýagdyrsañ
Kürüždeýde ýazda erikler güllär
Onsoñ...
Tomus arzuwyna gowşar
Wepa-da!..

Asman!
Eger gar ýagdyrsañ
Hasardaga bahar geler.
Akbulakda toý bolar.
Alkymyna gowşar açgöz dideler
Ýalkymyna gowşar nurly gijeler
Tümlük umma gaçar şerinem alyp
Eger gar ýagdyrsañ
Söýgülimiñ gözlerinde
Birçak dagap giden
Serne aýlanyp
Mähriban ülkämem güler.

Has TÜRKMEN.





Категория: Goşgular | Просмотров: 151 | Добавил: Haweran | Теги: Наs Тürkmеn | Рейтинг: 3.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Adamyň maksady / Goşgular - 16.01.2022
Bagyşla / Goşgular - 14.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Песнь Смерти / Goşgular - 15.01.2022
Köwşüm / Goşgular - 15.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 6
0
6 Gumlygelin   [Материал]
Şu ýyl gyşyñ başynda Ybraýym agamyz, Suraýjan ynha-da Has Türkmen gar barada ýazylan ajaýyp goşgyny bize sowgat berdiler we gar ýagança lezzet berdiler. Ömrüñiz uzak bolsun gadyrdanlar!
Enşalla bu gyş garly bolup, gyşymyz gyşa, ýazymyz ýaza meñzär.

-1
5 Tumarly   [Материал]
Bärde başga zat bar ýaly. Söýgimi näme.

0
Men-ä düşünemak. Eý Hudayym, bi şahyrlara men düşünemakday. Nåme üçin düşünemýokka?

1
3 mango   [Материал]
gahryman arzuw edýär "Şeýle bir gar ýagdyrsana Asman! ...Dag bolaýyn" -diýip.
soňra-da ol arzuwlan dagy barada "Şeýle bir gar ýagdyrsana Asman! Daglar
daglygyndan utansyn!
" -diýýär.
bu ýerde duýgularda, terslikler ýokmy?
gar ýagansoň dag bolmak gowy zat bolup, üstüňe gar ýagdyran dag bolmak utanç zatmy?

jemleme barada...

Eger gar ýagdyrsañ
Söýgülimiñ gözlerinde
Birçak dagap giden
Serne aýlanyp
Mähriban ülkämem güler.

1) "Söýgülimiñ gözlerinde" - şu setiri ýokarsyndaka baglasaň: "söýgülimiň gözlerinde gar ýagdyrsañ" bolýar. aşaky setire baglasaňam: "Söýgülimiñ gözlerinde (bu ýerini agzamaýyn) Mähriban ülkämem güler".

Tomus arzuwyna gowşar
Wepa-da!..

gyşda ýagjak gar seni tomusda arzuwyňa gowuşdursyn.
bu-da arzuwym.
ýene bir belligim. bu goşguda agressiw sözler azalypdyr. bu-da gowy zat.
üstünlikler!

0
2 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Has atlary gereginden artyk ulanylÿanyny Eÿran türkmenleriniñ şahyrlarynda köp gördüm. Köp mukamlar, halk sazlaryñ atlaryny bir goşgynyñ içinde hatarlap, ÿa-da Türkmensähranyñ gözel obalarynyñ atlary bilen setirleri bezäp, hakyky hem ilsöÿer goşgy döredäÿmek añsadam däl.

0
1 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Örän gowy goşgy Has Türkmen! Üç bölekden ybarat, Her bölegiñ özüçe tagamy, özüçe ysy bar, olar birigip hemme taraplayyn gözel bir goşgyny formalaşdyrÿar. Tebigatda ÿüze çykÿan gözel wakalary (Bu ÿerde garyñ ÿagyşy) suratlandyryp, olary öz ÿagdaÿyñ, duÿgyñ bilen, öz watanyñ, il-günüñ ykbaly bilen baglanyşdyryp bilmek, ol eÿÿäm şahyryñ çeper tarapy. Bu däp türkmeniñ nusgawy şygyrynda, hem-de halk döredijiliginde hemişe ulanylan däp: "Sogan başy solanda soldy diÿgin eje jan, ÿandak bajy..." we ş.m.
Ÿene bir nygtajak zadym: Goşguda "has at"lary seresap ulanmaly, ÿer-ÿurduñ, şahsyÿetleriñ, halk sazlarynyñ, derÿalar we ş.m. atlaryny goşguda getirip bilmek, oña bir hili mähir artdyrÿar. Ÿerli okyjylaryñ ruhuny galkyndyryp bilÿär. Ÿöne olar gereginden köpräk bolsa, goşgynyñ forma berkligine, gözelligine nugsan ÿetirÿàr. Üstünlikler!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]