17:59
Ses geldi
SES GELDI

Köpelipdir edebiýat ogrusy,
Ogry gözleň ogurlykda gözleri.
Gyrp-çyrp etdi Pyragydan, Nepesden,
Käte hem Ezizow bolup sözledi.

Gol goýdular iliň ýazan zadyna,
Şöhrat geler diýip "şöhrat adyma“,
Nälet okadylar ýakyn-ýadyna,
Şöhrat näme, nälet sözi pes geldi.

Ýazmadyk zadyňa "ýazdym men" diýmek,
Göterýän kelläňde "şaryk kem“ diýmek,
"Nowaýy, Ferdöwsi, Saady kim?“ diýmek,
"Eý, waý!“ diýip, mazarlardan ses geldi.

Bardyr goşuk ýazyp berýän guluňyz,
"Şahyr men!“ diýenler, budur günüňiz!
Para-peşgeş horjunynda puluňyz,
Ahyrynda hasabyňyz ters geldi...

26-29.05.2018.





Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Seýrek nusga / Goşgular - 20.02.2021
Bahar görnüşi / Goşgular - 17.03.2021
Esger jigime / Goşgular - 05.02.2021
Nädemde näme? / Goşgular - 14.02.2021
Что ты любовь моя… / Goşgular - 04.04.2021
Dag ahwaly / Goşgular - 12.02.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
Araba / Goşgular - 29.03.2021
Taк / Goşgular - 04.04.2021
Kelle / Goşgular - 20.03.2021



Всего комментариев: 2
0
2 Garayolly1936   [Материал]
Ogryň gözi özgäň zadyna zardyr,
Ozal hem bolupdyr, häzirem bardyr,
Ondan gelen şöhrat~ereýän gardyr,
Allaýaryň aýdanlary ras geldi.

0
Ogurlyk eserleriñ meşhur bolany barmy?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]