01:06
Seniñ gözlegiñde
SENIÑ GÖZLEGIÑDE

Bu uly şäherden gözleýän seni,
Ýok-la, ýogsa saña aýtjak zadymam.
(Tötänden duşaýmak mümkin ahyry)
Bu gözlegden bizar bolm:an, ýadam:an.

Geçip barýan seýilgähiñ içinden,
Hol, barýan ýigid-ä meñzeşem saña.
Ýöne ol sen ýaly ýylgyryp däl-de,
Parhsyz bakyş bilen seredýär maña.

Belki, bu ýigdiñem bir ýerde bir gyz
Ýoluna bakýandyr göresi gelip.
Menem senden umydymy üzýärin,
Başga bir ýerlerde ýöreniñ bilip.

Duşýan özgeleriñ gözleýänine,
Deñlerinsen biparh ötüp barýaryn.
Bu uly şäheriñ köçelerinde,
Seni gözläp,
özüm ýitip barýaryn.

Gülnar BAÝLYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 38 | Добавил: Haweran | Теги: Gülnar Baýlyýewa | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şahyryñ gyzy men... / Goşgular - 10.02.2021
Gamgyn goşgy / Goşgular - 11.02.2021
Şu sözi hiçwagt ýatdan çykarmaň! / Goşgular - 13.01.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Gojalyk / Goşgular - 03.04.2021
Ümsümlik we sen / Goşgular - 10.04.2021
Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny... / Goşgular - 10.02.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Garaşmak / Goşgular - 13.03.2021
Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Mähriban   [Материал]
Gülnaryň gowy goşgulary bar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]