21:18
Seni söýdüm
SENI SÖÝDÜM

Seni söýdüm,
Ýalñyz bir seni söýdüm,
Göreçlerim özge ýana bakmady.
Sebäbi sönmez bir ataşa ýugrup,
Seni Tañrym ýüregime oklady.

Seni görüp,
Menem ýandym köz bolup,
Ýalyn dek lowladym elinde yşkyñ.
Görlüp-eşdilmedik mähre çolanyp,
Görlüp-eşdilmedik derde sataşdym.

Erkim bilen,
Durkum bilen söýdüm men,
Aýan boldy meniñ parlak ýyldyzym.
Sen bolup gözüme görünýär älem,
Hem sen meniñ kalby ap-ak gunduzym.

Seni söýüp,
Düşdüm köñül dünýäñe,
Gör-ä, başym aýlanyp dur yşkyñdan.
Hasratly bolsa-da ... gitmek islämok
Muhabbetiñ bu gudratly ķöşgünden.

Aýjemal BABAGULYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 52 | Добавил: Haweran | Теги: Aýjemal Babagulyýewa | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dostum / Goşgular - 25.03.2021
Gije motiwleri / Goşgular - 12.02.2021
Arzuw / Goşgular - 23.03.2021
Dag we Asman / Goşgular - 10.11.2021
Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
Gökdepe mukamy / Goşgular - 14.01.2021
Sensiz / Goşgular - 10.04.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Sen / Goşgular - 28.10.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]