04:48
Seni oýarmadym men
SENI OÝARMADYM MEN

Bulutdan üzüldi hünjüler,
Gaçdy baglardan ýapraklar,
Üşedim, gagşap başladym...
birden senem üşäýmäwer diýip
ünji edip..
Seni oýarmadym men.

Seni oýarmadym men.
Gar boldy aýagmyň asty,
Ýylyndym peje giräýjek bolup,
Nan kakadyp iýdim peçde
Çöregiň ysyna bir oýanaýmal-a diýip
göwün edi-ip..
Seni oýarmadym men.

Gümmürdände gara gökler,
Ýyldyrymdan bezenende asmanlar,
Gülälekden dolanda giň meýdanlar,
Süňňüm agralyp başlanda
Seňem süňňüň agralaýmasyn birden diýip
gaýgy edip..
Seni oýarmadym men.

Seni oýarmadym men.
Girere deşik tapmamda yssydan ýaňa,
Öýlerinde gizlenende adamlar,
Yssy hem ýadanda,
menem ýadamda
ýüregimiň odun söndürmek üçin
(ruhuň syzyp) oýanaýsaýdyň diýip
ejap edi-ip..
Seni oýarmadym men.

Özüň düşünersiň öýdüp goşgularma
terk eýledim çarçuwanam
(teý bolmanda henek edibem bolsa)
hi-iý, özünden bilip oýanaýmazmyka diýip
umut edi-i-i-i-ip...

... Seni oýarmadym men.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 164 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýagyşly gün... / Goşgular - 18.01.2022
Ýagyş we Sen / Goşgular - 21.01.2022
Снегопад / Goşgular - 11.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022
Ümlük / Goşgular - 22.01.2022
«Белый, белый, белый, белый...» / Goşgular - 18.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
Bentler / Goşgular - 24.01.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022



Всего комментариев: 5
0
5 Aksary   [Материал]
aşakdaky uzyn ýazgy täzeden okamagyma getirdi

Men şu bäş topbakda pasyllaryñ ählisini gördüm,synladym,ýerli ýerinde bolmasada duruş tertibi owadan bolupdyr.siziñ ol oýarmadygyñyzam şu goşguda oýarylan ýaly ýa oýanmasada şeýle goşguny döredibilýän bolsañyz,onda ol oýansa nähilikä diýeniñ bilmän galýañ.
Ýöne hany gel şuny şu gün turuzaýynla diýeniñ bilen onuñam erki siziñ eliñizde däl ahyry.men pikir edýän ýagny awtor dörtburclyk birzat döredesi gelýär,oñada ine şu setirler şaýatlyk satýar

Özüň düşünersiň öýdüp goşgularma
terk eýledim çarçuwanam

Galybersede Suraý hanymyñ taze ýylyny gutlamak b.n bir hatarda geljekki ýylda özünden biliiip oýanmaýan şol ýaltasynyñ oýanmagyny,uzak ömrüniñ,ojagynda abadançylygyñ hökum sürmegini arzuw edýän.

Aksary

0
4 Haweran   [Материал]
"Aryfyñ dini bolmaz" diýen söz bar. Ýagny, aryf, onuñ garaýşy, düşünjesi bir mezhebiñ, bir diniñ çägine sygmaz, galyp bilen belentligine galar, jümle-jahana, adamzada belentden sereder, ähli ramkalardan, galyplardan, çarçuwalardan çykyp sereder diýildigi bolýar...

"Terk eýledim çarçuwanam..." bu setir hem Suraýyñ kämillige gol bulaýan we barha goýazylaşýan zehininden habar berýär hem-de ýokarky aýtgynyñ zamanabap ýañlanmasy bolup eşdilýär.
Alla sizi we zehiniñizi gözden-dilden gorasyn, biliñizi bek guşañ! Bu muşakgatly ýoluñ muşakgatyny görmegi, hunabasyny ýuwtmagy, keşigini çekmegi her öñýeten oñarmaz. Bumat "goşgy" ýazdym diýip ýörenleñ käbiriniñ we edebiýatymyza hakykatdanam "suraý-stil" bolup inen ajaýyp goşgulara dodak çöwüryänleriñ goşgularynyñ ýene on ýyldan soñky halyny görüp bilmeýişlerine (olary zibil ýaşikdäki tomzaklar ysgaýmasa başga derde ýaramajakdygyna) bu "suraý-stil" goşgularyñ bolsa hemmeleriñ (has dogrusy şygryýet muşdaklarynyñ) dilinden düşmejekdigini görmejek derejede çöññediklerine gynanýan...
(kimiñ şübhesi bolsa, ýa ylalaşmasa şu sözümi belläp alsyn. Alla ömür berse, ýene on ýyldan şol aýdanlarymyñ hasyl bolanyny görmäge gözümiz sag bolsun!)

0
3 mango   [Материал]
Yssy hem ýadanda,
menem ýadamda

Şular ýalyja zatlar gürrüňçiniň ökdedigini aňladýar.
Gürrüňiniň dowamyny diňläsiiňi getirýär.

Özüň düşünersiň öýdüp goşgularma
terk eýledim çarçuwanam

Bu terk - gowy terk.

0
2 Gumlygelin   [Материал]
Peçde gyzdyrylan çöregiñ ysy... Örän ajap bolupdyr. Bu enemjanyñ iñ gowy görýãn höregidi.

0
1 Gumlygelin   [Материал]
Wahhhh, Suraýjan. Seniñki ýaly sabyrly, mähirli, geçirimli, ýyljajyk kalby Älemleri agtarsañ-da tapyp bolmazmyka diýýän...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]