22:35
Seniñ özüñ ýeterlik
SENIÑ ÖZÜÑ ÝETERLIK

Men senden köp zada tamakin-hä däl,
Göwnüň berseň, göwnüm alsaň ýeterlik.
Bir mähir däl, gaharyňam gerekdir,
Ýuwan bolmaz duzam gerek atarlyk.

Öýkäň gerek özlügimden gitmäýin,
Jeza bergin saçlaryňdan asmaga.
Täk durmuşda bir özümi diýmäýin,
Jübtüm gerek mydam bagra basmaga.

Bir ykbala bir goldawyň ýeterlik,
Hasrat-gaýgy gelsin onsaň dermansyz.
Ýalňyşsaň-da başyň goýsaň egnime,
Köp zatlara göz ýumaryn armansyz.

Men umuman köp zada tamakin däl,
Gülüm pes däl ýa beýik däl deň bolsaň.
Ýaşardym özümi iň bagtly saýyp,
Howam bolsa, dowam bolsa, sen bolsaň.

Ahmet ARAZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 168 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 3.4/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022
Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022
Беатриче / Goşgular - 24.01.2022
«Белый, белый, белый, белый...» / Goşgular - 18.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Ykbalyma / Goşgular - 08.01.2022
Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
Göwnüm geçdi / Goşgular - 08.01.2022
Meni saklap bilermiň sen? / Goşgular - 15.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022



Всего комментариев: 10
-1
9 Taryhçy   [Материал]
Yadyma düşdi. Omar Haýýamyñ "Meý bolsa, ýar bolsa, saz bolsa..." diýen ýalyrak rubagysy bardy :)

-1
10 Haweran   [Материал]
Şumy:

Saz bolsa, meý bolsa, gözel ýar bolsa,
Akar suw kenary hem gülzar bolsa,
Ölçeme ojagyn sönen dowzahyň,
Şudur jennet, eger jennet bar bolsa.
(Omar Haýýam).

0
8 Taryhçy   [Материал]
Jemlemesi øñ okan bir goşgymy yatlatdy.

0
4 Allanazar   [Материал]
Bellik bar, oňat goşgy

0
6 Ahmet   [Материал]
Minnetdar. Belliklerem aýdaýsaňyz, bar diýdiňiz welin...

0
3 Jeksparro   [Материал]
Türkleriň i harpyny pozsaň gowy boljak!

0
5 Ahmet   [Материал]
Düšünmedim?

0
2 Aksary   [Материал]
Gowy goşgy, ömrüñ bolsun.

0
7 Ahmet   [Материал]
Minnetdar.

0
1 Ahmet   [Материал]
Bellik ýokmyka?!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]