18:24
Seni ilki söýen, soñra küýsän men...
MENIÑ ÝÜREGIMDE SEN

Sährada elwan güller,
Güllerden bogdum çemen.
Ara düşse-de ýyllar,
Meniñ ýüregimde sen.

Gara bulut gübürdäp,
Ýagyş ýagýar şibirdäp,
Neneñ gözel: şo bir däp -
Meniñ ýüregimde sen.

Aý aýlanyp, gyssasa,
Goýup göwni gussada,
Güneş aglap batsa-da
Meniñ ýüregimde sen.

Dynç alansoñ dideler,
Tamam bolýar gijeler,
Kimdir biri idese,
Meniñ ýüregimde sen.

* * *

Mydam öwsüp durmaz bu şemal başda,
Seni ýüregime gömer giderin.
Meñ göwnüm baharda, señ göwnüñ gyşda,
Bulutlañ göwsüni emer giderin.

Gözlerde monjuklar saklanar akman,
Şonda çal bulutlar saklanar hökman,
Ýakamy galdyryp, yzyma bakman,
Gözleriñ çuñlugna çümer giderin.

Dişlemde Ýakubyñ armany bilen,
Gabakda Ýusubyñ hijrany bilen,
Içimde Ybraýmyñ gurbany bilen,
Sümme tokaýlyga siñer giderin.

Suratyñy aýramok hiç kisämden...
Seni ilki söýen, soñra küýsän men,
Seniñ sowuk suwly söýgi küýzäñden
Bir käse zäheri kemer giderin.

Soñra gurap galar joşgun çeşmeler,
Yşkdan başga suw tapmasa teşneler,
...Bir gün ýïregimde bir ses eşdiler,
Şo pursat gözümi ýumar giderin,
Topragyñ bagryna damar giderin.

* * *

Sen meniñ gözlermiñ doñaklygynda,
Üşän barmaklarmyñ arasynda sen.
Meñ pikrim bar zadyñ oñatlygynda,
Oýlanýarsyñ näme barasynda sen?!

Güýç gelýär golumyñ bileklerine,
Gandan dolar dyñzap duran damarlar.
Señ gözleñ dilimiñ dileglerinden
Ýüregime ýagmyr bolup damarlar.

Gara kömür kimin gara gijeler
Goýup gitdi gaýgy-gussalaryny.
Señ gara saçyñdan alypdyr öýdýän
Olar garalygyñ nusgalaryny.

Mähir-muhabbet ýok agsak sözlemde,
Ýüregim, hamala, ýüz ýaşlarynda.
Sen meñ aglamakdan çişen gözlemde,
Señ meñ aglanmadyk gözýaşlarymda.

Meniñ giñ mañlaýmyñ açyklarynda,
Her böwrümi diñläp duruşymda sen.
Sagadyñ dilinim jyk-jyklarynda,
Ýüregmiñ her bir uruşynda sen.

Tomuslarymda sen, güýzlerimde sen,
Gyşlarymda, bahar-ýazlarymda sen.
Meniñ gowy gören gyzlarymda sen,
Ýazan şygyrlamda, sazlarymda sen.

Ýürek mydam telwas urýar gursakda,
"Añ bilen duýgymyñ" arasynda sen.
Meniñ bütin duýgularym sen hakda,
Oýlanýarsyñ näme barasynda sen?!

Sungat GURBANGELDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 31 | Добавил: Haweran | Теги: Sungat Gurbangeldiýew | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hatyja / Goşgular - 15.02.2021
Söýün aga / Goşgular - 29.05.2021
Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
"Nätanyş zenan" atly suratdaky zenana / Goşgular - 12.02.2021
Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
Perzent / Goşgular - 20.03.2021
Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
Horasanyñ durnasy / Goşgular - 03.06.2021
Seniñ adyñ / Goşgular - 29.01.2021



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
Gözlerde monjuklar saklanar akman

Başgada owadan setirler kän eken…
Harp ýalňyşlaram duş gelýär

Gandan dollar (dolar) dyñzap duran damarlar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]