05:30
"Seni göresim gelýär..."
"SENI GÖRESIM GELÝÄR..."

Seni göresim gelýär,
eý, ömrüme gymmat düşen,
etimden ötüp halys
süňňüme ýetip
ýüregme düşen.

Göresim gelýär,
eý, özi üçin gara gözlem
gözýaşyny
çem gelen ýere seçdigim,
kölegäňe ýetmek üçin
ýyrtyjylaň penjesine düşdügim,
şagallara şam bolup,
aç awçylaň gapanyna düşdügim.

ýer tutmady aýagym,
çyrpyndym göklerde
indi durarym galmady,
bu menzilde, bu çäklerde.
ba:rlar gözüme ilmedi,
çeşmim galdy ýo:klarda.

eý, gymmadym,
gymmat düşenim,
ruhuma düşünenim,
her dem ýadyma düşürenim,
päk ismini ne kagyzdan,
ne aňymdan öçürenim,
düýşürgänim,
üýşenenim,
ähli mährim,
söýgim,
yşkym
bir gün gelersiň diýip
bir bedende üýşürenim,
gül adyny ýüregimiň
iň pynhana ýerinde
ýetmiş perdäň aňyrsynda
ýygşyranym,
müň çile çekdigim,
çölde-çöpürlerde enteý,
gunça dodaklarym kepeý,
ýeke damja mähriň ýetmeý
gije-gündiz
bogazyma gara ganlar ýuwutdygym,
aýak yzlaryňa ýetmeklik üçin
gara läbige batdygym,
ismiň her bir harpyn diňe
Hudaý eşder ýaly
iň pessaý sesde tutdugym,
meýletin özümi ýanar oda atdygym,
Bagyşla(!),
Ömrüm deý gymmat düşenim,
dünýäde iň gymmatlym(!..),
... Menem saňa arzan düşen däldirin.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 180 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Руфь / Goşgular - 18.01.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
Ejem üçin ýene bir hat / Goşgular - 26.01.2022
Talant gara däldir / Goşgular - 22.01.2022
Söý dünýäni / Goşgular - 12.01.2022
Jigime nesihat / Goşgular - 13.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Aýdaýynmy?! / Goşgular - 23.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 aylarshabayramowa   [Материал]
Juda täsirli. Bu goşgynyň ajaýypdygynyyy. Tüweleme!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]