21:48
Senem gidäýdiň
SENEM GIDÄÝDIÑ

Bagtly bolmagy arzuw etdim, seň bilen,
Ýöne orta ýolda taşlap gidäýdiň.
Kim gynandy kim güldi bu halyma,
Şeýdip senem gözlerimden ýitäýdiň.

Näme üçin gitdiň, sebäbinem bilmedim,
Öňem garyp dünýämi gedaý galdyrdyň.
Men garaşdym, ýöne senem gelmediň,
Köňül deňzim gözýaş bilen doldurdym.





Категория: Goşgular | Просмотров: 124 | Добавил: Mahremlik | Теги: Aýna Amangeldiýewa | Рейтинг: 3.9/7
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gelsene... / Goşgular - 19.01.2022
Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy / Goşgular - 04.01.2022
Финская мелодия / Goşgular - 24.01.2022
«Были павлины с перьями звездными...» / Goşgular - 17.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Aglama diýme / Goşgular - 26.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Güýmenje / Goşgular - 26.01.2022
"Ötüp barýan mazarlygyň deňinden..." / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 8
0
8 Mahremlik   [Материал]
Sag boluň ýöne kän ýaşapsyň dp güljek bolýaňyzmy kän ýaşamasamam kän zat gördüm ýöne maslahatyňya sag boluň siziňkem dogry bolup biler

0
7 Hyýalkeş   [Материал]
"Men 18 ýaşadym."
Gaty kän ýaşapsyñ, Aýna :)
Seret, saña bir gowy maslahat bereýin döredijilik hakynda. Şunuñ ýaly haýsydyr bir duýgy çökgünliginden ýa-da begençli ahwaldan täsirlenip goşgy ýazanyñda şol çökgünlik ýa-da begenç duýgusy üstüñden sowlup geçýänçä garaş. Soñ duýgularyñy bir tarapa goýup, okyjy hökmünde okap gör. Eger köpe çykaryljak kämilligi bar bolsa, paýlaş. Ýogsamam gündeligiñde (telefonyñda, bellik depderiñde) sakla. Çünki sen bu duýgulary başdan geçireniñ üçin goşgy saña çuñ görünip biler. Emma biz - ýagny okyjylar bu duýgulary seniñ bilen bile başdan geçirmänligimiz üçin bize beýle görünmez.
Galyberse-de, (nesip bolsa) poeziýada kämilleşip gidiberseñ şu ilkinji öwrenje goşgularyñdan utanarsyñ "Näme üçin ýaýratdymkam?" diýersiñ. Özümden bilýän.
Indi ikinji maslahatym birinji bentde "Gidäýdiñ - ýitäýdiñ" kapyýasyny gördüm. Oñarsañ işlikleri kapyýalaşdyrmajak bol. Hem-ä çeperçilik taýdan goşguny gowşak görkezer hemem awtoryñ añsadyna bakandygyny pikir etdirer.
Üstünlik arzuw edýän! Kämilleşersiñ nesip bolsa...

0
6 Mahremlik   [Материал]
Ýokla zyýany ýok ýöne @Revo bagyşlaň welin men ýetginjek däl men 18 ýaşadym ýetginjeklik döwrüniň söýgisiniň ýelgindigini menem bilýän

0
4 Mahremlik   [Материал]
olam dogry ýöne men bu ýerde öz eziz görýän adamlarymyň menden daşlaşýandyklaryny aýtmak isledim ilki ejem, soňra doganym, soňam söýen ýarym menden gitdiler durmuş şeýle bir zalym welin içimede salyp bilmedim eger men sizi tanaýan belki bu ýere ýazmasamam ýazmazdym ýöne menä sizi tanamok sizem meni tanaňzok şon üçin bu goşgynam arkaýyn paýlaşaýdym

0
5 sabyrly   [Материал]
Onda "Siz hem" dogry bolýa-da.

Men ýalňyş düşünipdirin, bagyşlarsyňyz, awtor!

0
3 sabyrly   [Материал]
Aýna, "Sen HEM gidäýdiň" diýip başlapsyňyz welin, diýmek, ondan öňem biri giden ýaly bolup dur. Ýöne "Gitdiň" diýilse-de boljak eken.

0
1 Revo   [Материал]
Aslynda, bizä şular ýaly ýagdaý bilen gabatlaşsak, azwagtyň içinde geçip gitýän ýetginjeklik ýada emosiýal krizis diýip köpe ýaýmajak bolýarys.

0
2 sabyrly   [Материал]
@Revo, bu duýgular öz döwrüne görä bolýar. Aýdyşyň ýaly ýetginjeklik döwründe başyňdan geçirýän pikirleri, kalbyňda çaýkanýan duýgulary gizlejek bolup, beter daş-töwerege, ýyldyzlara, şemala...ýetireniňi duýman galýaň.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]