14:24
Senden bize em gerek däl
SENDEN BIZE EM GEREK DÄL

Dogañ hiçdir mollasumak,
Senden bize em gerek däl.
Lukmanlardan geler kömek,
Şondan başga em gerek däl,
Senden bize em gerek däl.

Zähmet çekseñ, eşretiñ bar,
Zähmetiñde rehnetiñ bar,
Bes et, ýaman häsiýetiñ bar.
Gaty gitseñ, sen gerek däl,
Senden bize em gerek däl.

Ýalan sözli wagzyñ bilen,
Hapa ysly agzyñ bilen,
Çüflän bolma nogluñ bilen,
Akyl barka, kem gerek däl,
Beýle sowuk dem gerek däl.

Azat, erkin wagtymyz bar,
Eksek, gursak bagtymyz bar,
Ile goşul, biz bagtyýar,
Dogry sözlä üm gerek däl,
Ýagty barka tüm gerek däl.

Saparmyrat ÖWEZBERDIÝEW.

"Tokmak" žurnaly, 2/1989 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 59 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Saparmyrat Öwezberdiýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]