14:37
Sen ýok
SEN ÝOK

Sen ýok-indi günem nuryn saçanok
Sen ýok-reňkli dünýäm ýitirdi reňkin
Günlerem öňkisi ýaly geçenok
Indi guşlaram hiç uçanok erkin

Indi ýuwaş-ýuwaş dünýämden ýiter
Seniň sadalygyň,
Seniň päkligiň
Daýaw däldim,
Emma öňkiden beter
Ejiz goýdy, dünýämde seň ýoklugyň

Gözledim gözlerňi özge gözlerden
Käşge tapabilsem ýeke meňzeşlik
Biz söýgüni gözlemändik sözlerden
Biz mydam ýürekler bile sözleşdik

Sensiz öter
bahar,
tomus,
güýz,
gyşam
Emma şükür goýnunda men pelegiñ
Ýaşaryna şükür edermiş guşam
Ýitirse-de ganatyny-ýelegin

Ylham GURBANALYÝEW.

2021 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 43 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Ironiýa / Goşgular - 29.01.2022
"Ine, Watan diýip.." / Goşgular - 25.01.2022
"Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022
Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
Daglar meni hüwdüledi / Goşgular - 20.01.2022
Aýak yz / Goşgular - 08.01.2022
Tapylmaýan zat / Goşgular - 29.01.2022
Посвященные стихи / Goşgular - 22.02.2022
Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]