10:23
Seň söýgiňden geçmerin

SEÑ SÖÝGIÑDEN GEÇMERIN



Men söýgiňden ganat baglap uçaryn,
Söýgiň böwedini böwsüp geçerin,
Şuny bilgin Hakdan kasam içerin,
Seň söýgiňden,
Seň söýgiňden geçmerin.

Dag-daşlary ýumrup, baglara gonup,
Söýginiň güýjünden bilmedim ganyp,
Bilsem-de, bu ýollaň kynlygyn aňyp,
Seň söýgiňden,
Seň söýgiňden geçmerin.

Derýalarda, tolkunlarda ýüzerin,
Yşk şerabyn pyýalalap süzerin,
Kynçylyklaň hötdesinden gelerin,
Seň söýgiňden,
Seň söýgiňden geçmerin.

Gam-gussadan müzermerin ejizläp,
Gaýtam süyjäp, has söýerin ezizläp,
Seni ykbalymdan tapynçam yzlap,
Seň söýgiňden,
Seň söýgiňden geçmerin.

Bu söýginiň hupbatlary owadan,
Söýgiň dämi meni ile tanadan,
Hiç kim bilmez, aýyrmasa, Ýaradan,
Seň söýgiňden,
Seň söýgiňden geçmerin.

Lezzeti başgadyr päkize duýgyň,
Jebrinden gorkmaryn, hözürli gaýgyň,
Çünki meni bu dünýäde ýaşadýan,
Seniň söýgiň!

Gurbanmämmet MEREDOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 123 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Irki gündelikler / Goşgular - 29.05.2021
"Nätanyş zenan" atly suratdaky zenana / Goşgular - 12.02.2021
Kemalyma... / Goşgular - 09.01.2021
Goja şägirt / Goşgular - 25.03.2021
Bizden size kim gerek? / Goşgular - 15.02.2021
"Äh-eý..." / Goşgular - 07.02.2021
Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
Ÿa:t illerde rubagylar / Goşgular - 03.06.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
“Rahatja günlerňi ýa:t etdim saňa...” / Goşgular - 23.02.2021
Всего комментариев: 6
2
6 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Menem Hyýalkeş bilen ylalaşÿaryn, Söýgi, söýgi diýip, söÿgüli goşgy ýazyp bolmaýar. goşgy (goşgy diýip bolsa) beter ejiz Gurbanmämmet jan (Zehin)! Ýaş bolsañ oñuşmaz ÿaly däl, ýöne meniñ ýaly ýaşyñ bir çene ýeten bolsa, men-ä Zehin, zehinli diýip bijek däl.

1
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Ilki bilen täze agza hoş geldiñiz diýesim gelýär.
Elbetde entek birinji goşgusyny görüp pylan hili diýip baha keserden irräk. Ýöne şonda-da aýtman durup bilemok (hemişeki bolşy ýaly:))
Mençe, poeziýa owadan-owadan jümleleri tapmak albom setirleri döretmek däl.
"Men näme bolsa-da söýgimden geçmen. Daglary ýumraryn. Baglara gonaryn" - howaýy söýgi setirleri.
Bir ýerde "seni ykbalymdan tapsamam yzlap" diýýär. Yzyndanam "señ söýgiñden geçmerin"diýýär. Birikdirip okap görýäs: "Seni tapsamam söýgiñden geçmen". Nädip düşünmeli? Ýa başga birini tapsamam söýgüñden geçmen diýjek boldumyka :).
Awtor hamana, öñde soñda serinde ýygnanan hemme setirleri, pikirleri şu goşgyñ üstünden eñteren ýaly.
Awtora maslahatym:
Bu howaýy jümlelerden gaçarak durup ýürekden çykýan jümleleri gözlesin.
Galamy ýiti bolsun! Üstünlik!
Has gowy goşgulara garaşýas. Gödeklik eden bolsam bagyşlañ.(ynanyñ, bu sizi kämilleşdirer)

1
3 Aksary   [Mowzuga geç]
Ozal hiç ýerde eştmedim,görmedim.

Umuman goşgy erbet däl

0
2 Aksary   [Mowzuga geç]
Seni ykbalymdan tapsamam yzlap,

Seni ÝITIRSEMEM TAPARYN yzlap/diýseñ beýleki setirler b.n birigerdi

@zehin sen Gurbanmämmet Meredowyñ özümi?

0
1 Aksary   [Mowzuga geç]
Men söýgiňden ganat baglap uçaryn,
Söýgiň böwedini böwsüp geçerin,

Söýgä BÖWETLERI böwsüp geçerin*diýseñ gelişjek ýaly

0
4 Zehin   [Mowzuga geç]
Salam hawa özüm. Maslahatlyňyz uçin sagboluň!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]