01:04
"Sen örän owadan..."
"SEN ÖRÄN OWADAN..."

Sen örän owadan,
Örän owadan,
Çirk tapylmaz didaryñdan, didäñden.
Maña diñe seni görmek ýeterlik,
Müñ gözeli synlap,
söýüp,
seredip,
seredip,
Olañ kaddy-kamatyndan,
keşbinden,
Bakyşyndan,
ýylgyrşyndan,
gülşünden,
Summatyndan,
suratyndan,
bolşundan
Öz gözleýän gözelligmi idänden.

Sen örän owadan,
Örän owadan,
Hatda saña seretmäge çekinýän
Utanýan dünýäniñ bigörkliginden,
Señ şekiliñ ýöne-möne şekil däl.

Bu gözellik çözüp bolmaýan matal,
Ony çözen azaşar öz aklyndan.
Sen adamyñ ilki laýdan ýasalyp,
Megerem soñ jan berilen aslyndan.

Derýadym - agdym men öz kenarymdan.
Deñizdim men - görüp yza çekildim.
Howalasy belent,
howasy belent
Dagdym - synyp, aýagyña ýykyldym.

Şahyrdym - waspyña söz tapmadym men,
Bagşydym - ses-sedam galmady meniñ.
Aşykdym - yşkymy giderdim elden,
Dindardym - din-hudam galmady meniñ.

Men seni özüme rowa görmän,
Taý gözledim seniñ görküñe maýyl.
Señ husnuñy görüp diýdi:
- Eý-aman!
Bar halaýyk,
peri-peýker,
melaýyk!

Hiç kimse bu bagta eýe çykmady,
Gorkdy-ürkdi nämynasyp bolmakdan.
Ýok-ýok,
nämynasyp bolmakdan däl-de,
Gorkdy dünýä gözelligi bozmakdan.

Onsoñ seni ýalñyz goýmajak bolup,
Täk özümiñ het edenmi bagyşla!
Saña taý gözledim ýeriñ ýüzünden,
Saña taý tapmadym özümden başga.

Atamyrat ATABAÝEW.

"Sowet edebiýaty" žurnaly, 1985 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Haweran | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Çopan / Goşgular - 30.05.2021
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
Tymsal / Goşgular - 14.01.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Nyşan / Goşgular - 08.02.2021
Arzuwlarmy gözleýärkam / Goşgular - 23.05.2021
Watan hakda aýdymym / Goşgular - 07.02.2021
Şahyrlar bir gezek söýýän däldirler / Goşgular - 15.03.2021
Täze goşgulardan / Goşgular - 26.01.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Tumarly   [Материал]
Ajaýyp şahyr.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]