04:34
"Sen meni gysmagyn, dünýe..."
"SEN MENI GYSMAGYN, DÜNÝE..."

Sen meni gysmagyn, dünýe,
onsuzam bu janjagazmyň
etden ýasalan kapasa
gysylany bes dämi?
Etsem-petsem kitabym bar
Oňa çap edip bilmen-ä
Kimdir biriniň islänni.
men hemişe özüm saýdym
dünýäniň iň pes zadyny.
Hatar-hatar gijelerden,
Setir-setir gündizlerden
okap gezdim Ussadymy.
Çaşy tüweleý äkitdi
Ýere ýazan dessanymy.
Eý, dünýe!
Saňa berdim-ä
Köňül guşuň bossanyny.
Eý, sen, gyzyp galan dünýe!
Eý, sen, gysyk galan dünýe!
Eý, sen, gysyp galan dünýe,
Näme beýle,
Näme beýle
urundyryp,
çabalandyryp,
ýalany dabaralandyryp,
çyny harabalandyryp,
ýüregmi awaralandyryp,
görseňem görmedik bolup,
äwüp-säwüp bilmän seredäýseňem,
eliňi çommaldyp, jort atan bolup,
her öňňä täç dakan bolup,
meň başyma hekem bolup
ýörsüň-le, dünýe?!
ejiz görmegin, dünýe,
seň şugiden gazaplarňa
azaplarňa,
güzaplarňa
çydap gezip ýören bolsam,
naçar diýmegin, dünýe!

her uçup geçen şemala
gulak asmadym, dünýe,
ýöne şu bä.äş gün ömürde
iki ädim ýere sygýarkam,
aýak yzymy özümden gysganma, dünýe!
Gyssama, dünýe,
gysma, dünýe,
etme dilim gysga, dünýe!
Başyň alyp durman menem
Gysylma, dünýe!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 132 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
Ykbalyma / Goşgular - 08.01.2022
Я уеду, я уеду... / Goşgular - 15.01.2022
Снегопад / Goşgular - 11.01.2022
Göwnüm geçdi / Goşgular - 08.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Meň arzuwym - Sen / Goşgular - 20.01.2022



Всего комментариев: 6
0
6 Tumarly   [Материал]
Ine şu goşgy Suraýyñ iñ gowy goşgysy bolsa gerek

1
5 mango   [Материал]
janjagazym, çaşy tüweleý… - bular gowy…
ýöne, “ýalanyň dabaralanmagy we çynyň harabalanmagy” - bu beter gowy…
Jemlemesi welin - esse beter gowy.

Başyň alyp durman menem
Gysylma, dünýe!


Birinji gezek duýdum, biriniň dünýä üçin şeý diýenini….
Berekella Suraý!

…”şu bäş gün ömürem” her kim bir hiliräk diýýä, arada bir makalada Molla Töre ahunmydy “dünýe iki gün” diýýän.
Jan Ýüjel-ä “ömür diýeniň üç gün, düýn geçdi, ertir näbelli, diýmek dünýe bir gün, o-da bu gün” diýýädi öýdýän…
Ýene bir gezek jan saglyk we bereketli döredijilik we üstünlik, Suraý hanym.

5
Öññe töññe ýeññe, iññe... ýene bir söz kelläme geldi welin, yöne meni dil bilýän hasaplamagyñ üçin şylaram ýeterd-aý, ýetenýokmy ýa??

1
3 Haweran   [Материал]
Kän gepleme. Goşgy barada aýt, näme aýtjak bolsañ. :)

1
Kellejigiñi işletseñ edil goşgy hakda aytdym

-1
1 Haweran   [Материал]
Goşgy gowy. Ýekeje ownuk detala ünsüñizi çekesim gelýär. Öñ üç ýerde:

"Segsen ýyl oturan bir garry töññe,
Diýýär: "Gaty kelpeñ özümden öññe"

(Baýram Jütdiýew - Setirler, epitafiýalar, dörtlemeler...)

"Ondan öññe bir towakgam bar Senden"
(Has Türkmen - "Şeýtanyñ nalyşy")

"Şahyr dostum, neçüýn otyrsyň ýazman,
Gör-ä, bu gün senden öňňeler ýazýar"

(Atamyrat Atabaýew - "Ýazha-ýaz!")

gabat gelenem bolsam (ýene-de üç mysalyñ biri özümkiñkiden bolany ü.n okyjylardan ötünç soraýaryn), Suraýyñ:
"her öňňä täç dakan bolup... setirindäki "öññe" ýaly seýrek ulanylýan sözleriñ iñ bolmanda birini her goşgusynda agzaýşyndanam onuñ dil gorumyzy ýeterlik bilýändigi we ony ýerinde ulanyp başarýandygy görünýär.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]