05:45
Sen maňa gül iberipsiň...
SEN MAÑA GÜL IBERIPSIÑ..

Sen maňa gül iberipsiň,
O gül kökün urar maňa.
Sen maňa gül iberipsiň,
O gül ýaly oralmaga, saralmaga,
Gurşamaga,
Gözýaşlarmy seň ýüzüňe
çaga ýaly çyrşamaga...

Sen maňa gül iberipsiň,
Ganatly gül, reňki dürli.
Sen maňa gül iberipsiň,
Bildirip dur meňkidigi...

Sen maňa gül iberipsiň,
Köki gökde, daly — damar,
Hut eziz ol, haly — habar.
Barmaklarmyň arasynda
akyp ýatan ýüpek ýaly,
Säher kölüň üstün basan
dumandan bir gapak ýaly,
Sen maňa gül iberipsiň —
gyzyllary şapak ýaly.

Sen maňa gül iberipsiň —
reňkinden doýup bolmaýar,
Gapdalda goýup bolmaýar...
Käsämdäki çaýyň reňki
ýaňaklarynda oýnaýar...
Obamyň läle-reýhanyn ýatladyp,
gül iberipsiň!

Sowuk ülkede meýhanaň
gijelerine güýmenip
Sen maňa gül iberipsiň...
Sen maňa gül iberipsiň:
Iberäýmänsiň aýralyk...

Görmesem, setan-seýranda,
Derwüş kädiň keşdeleri —
Bar meniň hem çal öýmämde...

Ah, şalyma şemal çolan,
derdiň bilen öwrülipsiň.
Düýşümdemi, huşumdamy,
Sen maňa gül iberipsiň...

Gijäniň seçeklerine
basan halym, belki-de, ol.
Ýüregiňi diňe maňa
açan halyň, belki-de, ol.

Ýa, belki, gowakda galan
gussalaryň, teňlenipsiň...
Ýa ölümden eýmenipsiň,
Sen maňa gül iberipsiň?!
Aldym!

Ukyň arasynda, çatrygynda, çäresinde,
Janyň jan bolýan çagtynda,
Aňyň äm bolýan çagtynda...
Reňkin dökýän älemgoşar
Sähel wagt küýlenipsiň!
Ýyllardyr garaşyp ýördüm,
Sen maňa gül iberipsiň!

Oguljennet BÄŞIMOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 125 | Добавил: Nurdan | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Heýkeller ýylgyrmaýar / Goşgular - 02.02.2022
Parahor kyrkaýak / Goşgular - 15.01.2022
Постоянный нелепый риск / Goşgular - 22.02.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022
Hero Your Comics / Goşgular - 21.02.2022
Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022
Gitdim / Goşgular - 16.02.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
Туркменистан / Goşgular - 25.02.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Garayolly1936   [Материал]
Gowy şygyr

0
3 Perо   [Материал]
Juda tanyş-la muñ ýazyşy dp okap otyrşyma, Jennet genjäñkidigi añyma gelmändir. Söz oýnatmany ulanybam, şeýle jadylyja şygyr ýazaýýar. Ajaýyp goşgy! "Biz sataşdygy" ýadyma saldy.

0
2 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Gowy goşgy, Sag boluñ!

0
1 Gumlygelin   [Материал]
Bu goşgyny örän haladym. Sag bol @Nurdan uýam.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]