10:11
"Sen maňa dymma diýme!.."
"SEN MAÑA DYMMA DIÝME!.."

Sen maňa dymma diýme!
Sen maňa «Dymma!» diýme...
Ir düşündim jadysyna sözleriň,
Ir düşündim azabyna,
hasabyna,
gymmatyna...

Sözler...
Käbiri-hä çoýdy kalbymy,
Käbiri otlady — ýandym, lowladym.
Söz oguşýa jennetiň müň jilwesi,
Söz oguşýa müň bir jebri dowzahyň.

Gör-ha, näçe gezek görkezdi ykbal
Sözler içre uçut baryn, gorp baryn.
Diliňe ýarmaşyp, alnyňdan çykýan
Men sözlerden öler ýaly gorkýaryn.

Ýalňyşdym käteler sözümi oýlap
ýa-da aýdaýmagyň amatyn peýläp,
Geçirdim kän pursatlary duşumdan.
Geň ýeri, şol ýowuz ýitgilerime
Gelip ýene hoş sözlerde duşdum men.

Sözlere tabşyryp amanat jany,
Ölmez-ýitmez sözde täzeden dogdum.
Alaga-da, «Ýüregimi açardan
sözler ejiz» diýip, ýöntemligimi
Söze ýöňkemäge ysmady bognum.
Sen maňa dymma diýme!
Sen maňa «Dymma!» diýme!

Kakamyrat REJEBOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 125 | Добавил: Lebaply | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Гадание / Goşgular - 20.01.2022
Дума вассалов / Goşgular - 20.01.2022
«Ты тайна тайн моих...» / Goşgular - 25.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
Seň Adyň / Goşgular - 21.01.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]