15:10
Sen kitap yaz...
SEN KİTAP YAZ..

Sen kitap yaz,
Görülmemiş kitap ýaz...
Yayınlanmaz diye olmasın gam'ın.
Parçalanmış mesaj gibi savrulsun,
Kalbe keder veren pişmanlı dün'ün.

Sen kitap ýaz,
Duyulmamış kitap ýaz...
Geçmez diýe korkma kitap dükkanda.
Bışey bilmediğini anlasın cahil
Kitabın adını okuduğunda.

Sen kitap ýaz,
Okunmamış kitap ýaz...
Okumazlar diye duyma endişe.
Bak sen,
Tatlı öykümüzün yankısı,
Gider Merv'den Isfihana, Gence'ye.

Bir kitap ýaz,
Ben'se okuduğumda,
Şairlikle bağlılığmı keseyim.
Hem de vereceksen ver bana isim
Sen kitap ýaz,
Kahramanı olayım!

Has TÜRKMEN.

Terjime: @Ogulgerek.





Категория: Goşgular | Просмотров: 100 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Наs Тürkmеn | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dünýäñ aýdymy / Goşgular - 03.06.2021
Wagt hem söýgi / Goşgular - 08.02.2021
Ýör, dogan / Goşgular - 20.02.2021
Dowam edermiň / Goşgular - 30.05.2021
Sorag alamaty / Goşgular - 22.02.2021
Мысли, рождённые на кладбище / Goşgular - 17.03.2021
Kem-kemden / Goşgular - 16.03.2021
Yşk / Goşgular - 12.02.2021
Gije / Goşgular - 08.04.2021
Topragym / Goşgular - 12.02.2021



Всего комментариев: 3
0
3 Haweran   [Материал]
Dek düýn eý görýän bir gowy şahyryma Annaguly Nurmämmediñ türk diline terjime etmeginde G.Ezizowyñ Türkiýede çap edilen "Iki agaç" goşgular kitabyny (her goşgynyñ gapdalynda türkmen dilindäki nusgasy-da bar) sowgat berenimde, şu hakda gürrüñ bolupdy.
Kitapdaky goşgulary türkmen dilinde okaýañ welin, manysy, lezzeti başga. Emma türk dilinde okaýañ welin, ýañy şygryýete baş goşan höwesjeñ şahyryñ goşgulary ýaly ýöntem ýañlanýar.
A tersine başga dillerden rus diline, türk diline edilen terjimeleri okaýañ welin, manysam üýtgänok, berýän lezzetem, duýgysam. Nämüçin? Çaprazlyk nirede?
G.Ezizow türkmen poeziýasynda dünýä edebiýatyna barýan ýoly arçan adam. Ýol arçamak üçin ýörelmedik ýollardan ýöremeli, galyba öwrülen däplerden ýüz öwrülmeli, özem muny ýazgaryljagyñy, garşy çykyljagyñy, her sözüñ kesä çekiljegini bile-bile etmeli...
Hawa, G.Ezizowyñ goşgularyny diñe türk dilinde däl, dünýä dilleriniñ islendigine terjime etselerem (başgalary-da) ýöntem eşdiler. Sebäbi ol, ýokarda-da aýdyşym ýaly, dünýä edebiýatyna barýan ýolumyzy birnäçe metre çenli bary-ýogy arçap berdi, oña ýetmek üçin entek kän-kän menzilleri geçmeli, arçamaly bolarys. Bu ýolda Gurbannazary ýa başgalary gaýtalamak şert däl, şyrrygy çykan edebi tärleri ulanmagyñam zerurlygy ýok. Doly ýüz öwürmelimi? Elbetde, ýok.
Şahyrlarymyzyñ başga dillerde ýöntem ýañlanmagynyñ sebäbi şunça: biz dünýä edebiýatynyñ ýeten derejesinden kän-kän yzda.
Iñ gynançly ýeri-de nämede bilýäñizmi: oña tarap ýol arcajak bolýan ýaşlarymyzy, olaryñ döredijiligini görmezlige salan bolýarlar, birtopar adyny agzanyña degmeýän maddy serişdeleri edebi kämillige ýetmegiñ ýoluna harçlamagyñ deregine edebi ukyplaryny maddy serişdelere, maddy bähbitlere, howaýy we geldi-geçer şan-şöhrata ulanýan we şony ulananda kömegi deger öýdýän mekir, ýüzi we sözi nikaply, söz oýnadýan tanyş şahyrlaryny öwüp arşa çykarýarlar, halypa saýýarlar. Haýp...
Edebiýaty az sanly kişileriñ mellegidir öýdýäsmi näme.
Dogry, adyny agzanlarym beýik däl, bolman geçsin, aýby näme, "beýikleri döredýänler biz dälmi", olaryñ ýörelmedik ýollara ädimlän bir ýekeje ädimi, belki, şowuna bolar, belki, bolmazam. Emma azyndan synanşyk bolar ýa-da edebiýatymyzy dünýä derejesine çykarjak zehinli ýaşlarymyza basgançak bolup hyzmat eder.
Sintezlemegiñ nämedigini bilýäñiz-ä?!. Gurbannazar türkmen edebiýaty b.n dünýä edebiýatyny sintezledi, Nobatguly-da sintezledi... Hatda gerek ýerinde ondan-mundan "gyrp-çyrpam" etdiler. Gurbannazaryñ beýikligi - öwrülişik edenliginde. (Nobatgulynyñ eserleriniñ beýikligi ýaly Marian çöketligine meñzäp duran peslikleri-de bar, gowy ýeri: Gurbannazarda beýle peslikler ýok...)
Şoña görä hem "ýol arçajak" bolýan ýaşlarymyzyñ eline-aýagyna kakmañ, Ybraýym Badahşan aganyñ aýdyşy ýaly olary goldalyñ. Sungat Gurbangeldiýew, Hudaýberdi Söhbetow, Laçyn Pürjäýewa, Enwer Nyzamow, Suraý Babanyýazowa, Abdylla Muhammedi, Akbibi Besim, Aýjemal Annabaýewa, Aýbölek Abdyýewa... (başga-da bar) ýaly öz sözüni aýdyp bilýän, hatda dünýä derejesinde diñletmäge ukyply, ýol arçap bilýän birnäçe orta ýaşap barýan we ýaş şahyrlarymyz bar.

1
1 Hyýalkeş   [Материал]
Ogulgerek, kelläme bir pikir getirdi hemem gowy zadyñ başyny başlady. Halaýan türkmen goşgularymyzy türkçä terjime etsek, neneñ bolarka?
(Dessanlardaky ýaly "Ajap bolar!" diýip öz-özüñe jogap beräýseñ:))

0
2 Nurdan   [Материал]
Gowy teklip, gow-a bolardy terjime edilse..
Ogulgeregiñ terjimesi-de diýseñ gowy bolupdyr. Üstünlik arzuw edýärin!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]