13:41
Ene KÜTI gyzy: "Suwperilerini öwrenýän ylymlaryñ doktory boljak!"
Ene KÜTI gyzy: "SUWPERILERINI ÖWRENÝÄN YLYMLARYÑ DOKTORY BOLJAK!"

• Ene Küti bilen söhbetdeşlik

- Ýeññe, hoş gördük.
- Jigi, men-ä baýramçylygyñyz bilen ýörite gutlaýaýyn diýip geldim.
- O nämäniñ baýramçylygy?
- Sekizinji mart baýramçylygyñyz bor-da!
- Bu diýýän baýramçylygyñyz biziñkimi ýa-da...
- Aý, men-ä, jigi, erkekler: "Biziñ baýramçylygymyz ýok" diýip öýkeleşip ýörensoñlar, öñümden kim çyksa baýramçylygy biken gutlaberýän. Goý, hiç kim kemsinmesin.
- Biz-ä öýekelemeris, ýeññe. Ýöne zenanlar biziñ baýramymyzy ortalyk etdiñi diýip arz etmeseler...
- Erkek bilen aýal deñleşdi. Häzir erkek bilen aýaly eşigine görä däl-de, häsiýetine, beren sözünde tapylyşyna, mertligine, edermenligine görä seljermeli.
- Ýeññe, onda siz haýsy topara degişli bolýañyz?
- Ony siz bilmeli, il-gün bilmeli.
- Munça bolanyna görä meññem haýsy topara degişlidigimi aýdaýsañyz?
- Ony-da il-gün bilmeli... Umuman, jigi, soñky döwürde siziñ gülki damaryñyz biraz gowşapdyr.
- Şol-a çyn gelneje. Uzynyñ gülküsi gijräk geläýýä öýdýän. Birküç günlükde çagalar bilen öýde otyrdym. Telewizorda satiriki gepleşik gidip durdy. Alyp baryjy: "Biziñ telegepleşigimize okyjylardan gaty köp hat gelýä" diýdi hem-de birini ýanyna çagyryp: "Hany, şol hatlardan birküç sanysyny getir. Tomaşaçylara görkezeli!" diýýär. Olam: "Hat ýok. Maşynkamyz döwüldi" diýip jogap berýär. Men çagalaryma: "Muñ nämesine gülmelaý?" diýenimde ýumruk ýaly oglum: "Kaka, özüñ-ä "Şadyýan şenbede" işleýäñ. Ýumora-da düşeñok. "Hat ýok. Maşynkamyz döwüldi" diýýäniniñ sebäbi olara ýekeje-de hat gelenok, hatlary özleri okyjylaryñ adyndan gurnaýarlar diýildigi" diýdi. Ýeññebaý diýýän-ä?
- Hä, näme jigi?
- Bolmasa, otstawka gidäýsekmikäk?
- Jigi, otstawka gitmezden burun meñ habarymy beri alaweri!
- Ýagşy, aýdyñ onda habaryñyzy!
- Men sekizinji mart baýramçylygy mynasybetli üýtgeşik sowgat getirdim.
- Sowgadyñyz aýallar jynsyna degişlimi ýa-da erkekler jynsyna degişlimi?
- Iki jynsa-da degişli. Umuman, meñ bu sowgat diýýänum uly ylmy açyş. Özem meniñ, ýagny Ene Kütiñ açyşy. Nesip bolsa, şu açyş bilen dünýä ylmynyñ taryhyna girerin...
- Ýeññe, sözüñiz agzyñyzda, ilki üýtgeşik sowgat getirdim diýýäñiz, soñundanam açyş etdim diýdiñiz. Sözüñiz birhili iki çykýamy?
- Men iki dili biwepalardan däldirin. Birigün sekizinji mart gerek?
- Hawa...
- Diýmek, meñ ylmy açyşym sekizinji mart üçin özboluşly sowgatdyr.
- Bir okda iki towşan urýañyz-da...
- Bilmediñiz, jigi... Fotoapparat bilen suwperisini şarkyldadýandyrys.

(Şu ýerde Ene Küti ýeññemiz bilen söhbetdeşligimiziñ arasyna azajyk maý düşürmeli boldy. Sebäbi ýeññemiz elbukjasyndan şol diýýän ylmy açyşyny, sekizinji mart üçin niýetläb sowgadyny çykardy. Has dogrusy, ol surat bolup çykdy. Ýeññemiziñ ylmy açyşynyñ şekili. Ilki ýeññemiz şol şekili gazetlerdir internet saýtlarynda çykartmak islemedi. Özüniñ awtorlyk hukugyna dawagär tapylar öýtdi. Ýöne Ýöne www.kitapcy.ml saýtynyñ Ene Kütiniñ ylmy açyşyna hiç hili dahylynyñ ýoklugy barada kepilnama berenimizden soñ ol ynjaldy. Şeýlelikde, biz şol şekili kitapcy.ml saýtynyñ okyjylaryna hödürleýäris).

- Gelneje, eger ylmy syr bolmasa, bu şekiliñ döreýşiniñ taryhy barada birki agyz aýdaýsañyz?
- Az-owlak aýdaýyn. Ýöne, belli sebäplere görä, dolulaýyn hem giñişleýin gürrüñ berip biljek däl. Başlaberiñ onda sowalyñyza?
- Bu üýtgeşik şekili haýsy ýurtda düşürdiñiz?
- Öz ýurdumyzda. Aşgabatda...
- Aşgabatda? Aşgabatda deñiz barmy, derýa barmy?
- Deñiz-derýañ näme dahyly bar. Men suwperisini ýarygijeden soñ agajyñ şahasynda - Aýa bakyp oturan mahaly surata düşürdim.
- Nirede?
- Aşgabatda diýdim-ä ýañy!
- Aşgabadyñ niresinde?
- Seýil bagynda... Seýil bagynda gezelenç edip ýörkäk...
- Kim bilen?
- Weý, jigi, betgümanlygyñyzy goý, elbetde, suwperisi bilen gezelenç edip ýörkäk...
- Suwperisi bilen gezelenç edip ýörkäk diýýäñizmi? Birhili ynanmajak bolýan men-ä, ýeññe?
- Men suwperisinden interwýu hem aldym. Indiki gelemde sesinem eşitdireýin size...
- Bar, maña eşitdirdiñizem diýeli, ýöne okyjylara nädip eşitdirjek?
- Okyjylar siz ýaly müñkür däl. Olary ynandyrmak meñ bilen. Hany, sowalyñyzy dowam edýäñizmi ýa-da...
- Düşnükli... Suwperisi nirede otlap-suwlaýa? Belki, ony indiki sapar öz ýanyñyz bilen getirsiñiz? 
- Ikinji sowalyñyza jogaby soña goýaly. Suwperisi seýil bagynda ýaşaýa.
- Niresinde? Biz-ä şony gören bar diýip eşidemzok entek.
- Oña men günäkär däl. Suwperisi seýil bagynda fontanyñ düýbünde gizlenýä. Il diň akylly-başly adamlae bilen iş salyşýa.
- Ýogsa-da, ýeññe, onuñ durmuşa çykmak niýeti ýokmuka?
- Göwnüni-hä bilýä, ýöne şerti köp...
- Şertlerini eşidip bolmaýamy?
- Birinji şerti - neşe çekmeýän bolmaly.
- Ikinji şerti?
- Arak içmeýän bolmaly.
- Üçünji şerti?
- Çilim çekmeýän bolmaly.
- Ýeññe, gitdik, onda?
- Nirä, jigi?
- Sawçylyga... Men içemogam, çekemogam, tüýa suwperisiniñ isleýän ýigidi...
- Jigi, oñ başga-da şerti köp-ä?
- Mundan beter nähiki şert gerek? Şu wagtyñ gyzlary "içmeýän-çekmeýän ýigit duşsa, galyñy özleri tölemäge razy ahyry.
- Soñky şerti hasam kyn, jigi...
- Munça bolanyna görä diñläp galaly.
- Onuñ barjak ýigidi hökman Ependiniñ ýa-da Aldar Kösäniñ neberelerinden bolmaly.
- Aý, onda, ýeññe, señ suwperiñ şol fontanyñ aşagyndaky gizlenýän ýerinde ömrüni müjerret ötüräýmese.
- Jigi, men iliñ şahsy işine goşulamok. Onsoñam, men ýigitleri gyzlar bilen duşurýan agentligiñ işgäri däl. Men ylmy açyş etdim. Indi şol açyşymy düýplu derñemäge girişjek. Derñew işini gutaranymdan soñ hem ylym jemgyýetçiliginiñ öñünde talapnama goýjak.
- Nähili talapnama, ýeññe?
- Bir zarbada doktorlyk derejesini almakçy. Niçik? Gelişýämi? Suwperilerini öwrenýän ylymlarynyñ doktory Enesoltanjemalgül Küti gyzy.
- Gelişýä, ýeññe! Ýöne adyñyz birneme uzynrak diýmeseñiz...
- Men nädeýin, ejemiñ dakan ady-da şo...
- Onda, gelneje, meñ-ä size sowalym gutardy.
- Sowalyñyz gutaran bolsa, meñem jogabym gutardy.

Taýýarlan: Çary GELDIMYRADOW.





Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 491 | Добавил: ahallydan | Теги: Çary Geldimyradow | Рейтинг: 4.6/8
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 4
0
4 sabyrly   [Материал]
"Fotoapparat bilen suwperisini şarkyldadýandyrys." :)

0
3 Gurgencli   [Материал]

0
2 345   [Материал]
Sen bolarsyñ Eneküti biggrin

0
1 ahallydan   [Материал]

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]