23:50
Sen hakdaky arzuwlarym
SEN HAKDAKY ARZUWLARYM

Dogry, ikimiziñ ýolumyz aýry,
Emma nämüçindir ýüreklermiz bir.
Belki, bizi bir kenarda duşuran
Biziñ hoş niýetli ýüreklermizdir.

Alyp git sen meni alys ýurduña,
Aramyza bet niýetli düşmesin.
Biz bagtly bolaly, bagtly bolaly,
Gyşam gökden seçibersin pişmesin.

Seniñ eşiklerñem bolsun sypaýy,
Ýöne ýüregiñ deý arassa bolsun!
Seniñ maña beren bagtyñ bir esse,
Saña beren bagtam ýüz esse bolsun!

Öýümizem, goý, bolmasyn ullakan,
Ýöne onda gussa-gybat bolmasyn!
Gapymyzda iki sany gül bolsun,
Emma olar ömürboýy solmasyn!

Goý, az bolsun agşam iýjek naharmyz,
Ýöne welin ertirligmiz bar bolsun!
Agşamlyk ýüz dürli tagam dadýanlar
Biziñ bagtly ertirmize zar bolsun!

Günleñ biri gara bolup täleýmiz,
Düşsek bir nätanyş, betniýet ile.
Bizi şol pursatda dardan assynlar,
Ýöne mazarmyzy goýsunlar bile.

* * *

Gijeler gar ýagsa ala düzlerde,
Garlañ tozgasyndan gabanýan seni.
Dünýäde ýaşaýan ähli gözelleñ
Menden özgesinden gabanýan seni.

Sen düýş, düýş bolsañam diñe meniñki,
Seni ähli zatdan eziz görýärin.
Men ölerin, barybir ol ýerde-de
Diñe seniñ gözleriñi gözlärin.

Ine, günleñ biri göresiñ geler,
Sözlemek isleseñ söýgi sözleriñ.
Täleýime nesip bolan söýginiñ
Beýik ybadathanasyndan gözlegin.

Maña baýlyk, ullakan bagt gerek däl,
Diñe gijelerne gam-gussa çekme.
Saña ýazan ähli goşgularmy däl,
Bir seni söýýänmi ýadyñda sakla.

• MEN SENI SÖÝÝÄN!

Seni söýdüm ýigitleriñ içinden,
Öz bagtymy gördüm gara gözleñde.
Ýöne welin sada söýgim üçin men,
Mydama ejiz men, mydam gözlegde.

Şadyýan gözleriñ çynlakaýlygy,
Hemem aýdýan sözleñ ýönekeýligi.
Ah, olary söýmän durmak mümkinmi?
Seni söýmek ýa-da söýmezlik kynmy,
Gör-ä, hiç bir zady bilemok, dünýäm,
Ýöne düşün, janam, men seni söýýän!

Meni derde goýýar bir agyr gussa,
Seniñ gözleñ gözlerme siñip gitse
Ýa gitmese, birden oýa gitseñ kän,
Men seni söýmäge mynasypmykam?!
Hiç bolmanda, rugsat ber-dä görmäge,
Gara gözleñ gije-gündiz gözläre.

Eý, meniñ baharda doglan perişdäm!
Seniñ birje bakyşyña garaşýan.
Ýöne günälemen bakmanyñ üçin,
Sag bol, beren söýgi ykbalyñ üçin.

Çünki bu dünýäde bagtly men, dünýäm,
Çünki bu dünýäde men seni söýýän.

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.

"Nesil" gazeti, 2008 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýgi söhbeti / Goşgular - 19.03.2021
O ýer.. / Goşgular - 07.02.2021
Ýerkümede dörän goşgular / Goşgular - 15.04.2021
Kakañdyr / Goşgular - 25.02.2021
Gamgyn goşgy / Goşgular - 11.02.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Dostsyz başym - duzsuz aşym / Goşgular - 05.04.2021
Yşk öýüm / Goşgular - 26.02.2021
"Ykbalym baglydyr..." / Goşgular - 16.03.2021
Garaşmak / Goşgular - 13.03.2021



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
Agşamlyk ýüz dürli tagam dadýanlar
Biziñ bagtly ertirmize zar bolsun!


bu arzuwmy?
bir hili bet doga ýaly boldy, buýa...
suraý hanym size gelişmedi.
diýmek isläniňiz bir zat, ýöne düýbünden başga zat diýdiňiz....

jemlemesi ajap.
---
ikinji gaoşgy güýçli başlap, jemlemesi gowşan ýaly.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]