19:41
Sen bir agzymy ganatma...
SEN BIR AGZYMY GANATMA...

Señ bilen göwnüm aşa ýetdi
Sen geldiñ
Bagt paýym goşa ýetdi
Arman dagyñ sili ýaly
Güwläp gitdi on dört sene...
Güýzde ýygnalmadyk narym
Sowuk urdy
gyşa ýetdi.
Kemrysgalam däl ekenim
El degmedik hoşa ýetdi.
Hyruçlandym, hyjuw joşup
Yşk gaýnady, başa ýetdi.
Bu gün çolarypdyr ýanym
Gardaş, siñli daşa gitdi.
Hernä, gelipsiñ bagtymdan
Sen bir agzymy ganatma
Ýañy göwnüm aşa ýetdi!

Has TÜRKMEN.





Категория: Goşgular | Просмотров: 164 | Добавил: Haweran | Теги: Наs Тürkmеn | Рейтинг: 3.1/7
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Neçüýn söýdüň? / Goşgular - 14.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Mähriban / Goşgular - 07.01.2022
Ertir bilerin / Goşgular - 05.01.2022
Dostuma / Goşgular - 15.01.2022
Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022
Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
"Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 12
0
11 Edebiyatcy   [Материал]
Teswirler pozulmasa gowy. Dogry ýa nädogry bolsa-da, her kimiň pikir-düşünjesine hormat goýulmagynyň tarapdary biz

-1
12 Haweran   [Материал]
Ha dogry hasaplañ, ha nädogry. Awtorlaryñ şahsy durmuşyna degişli dogry ýa-da ýalñyş çaklamalaryñ aýdylmagyny we şeýle ýagdaýda degişli adamyny bimaza edip biljekdigi ü.n şeýle lakgyldylaryñ geregi ýok hasaplaýan. Pikirler goşgy barada bolsun.

1
9 Hyýalkeş   [Материал]
Nefertita hanymyñ jogaby "öz-özünden" pozulyp gidäýipdir :)
Meñ şu teswirimiñem ykbalynyñ şeýle bolaýmagy ahmal :)

1
10 mango   [Материал]
Hawa. Menem geň galdym.
Ýogsam ol jogabynda hiç hili pozuljak zat aýtmady…
Pozulmagyny dogry hasaplamok.

0
7 Edebiyatcy   [Материал]
Goşga uzyn düşündiriş bermän, goşgyny özüňçe beýniňde süzüp, süýjümtik pikirlenip, 2-3 minut dymyp oturmagyň hem öz lezzeti bar oglanlar

1
6 Nefertita   [Материал]
Goşgydan ýok zady agtaryp tapjak bolýanlara geñ galmadym... goşgusyndan çen tutsak,
Göwni aşa ýetiren öz söýgüli gelni- ömürlik ýanýoldaşyna ýüzleneni, 14 ýyl mundan öñ öýlenip bagtly bolany (goşa bagt - belki ÝOJ-da şol ýyllar girendir, belki öýlenensoñ perzentleri bolandyr, parhy näme?!) el degmedik hoşa ýetdi bu ýerem öz soýgüli nikaly gelni, şoñ bilen hyruçlanyp joşa, ýeten, arman Güýz yygnalmadyk nar - bulam 14 ýylda iş alada bilen başagaý bolunyp, ýa-da parhsyzlykdan duşuñdan geçirilen mümkinçilikleriñ, pursatlaryñ, (islendik adamda-da bolup bil­ýär, iş güýç aladasy, etmeli işiñi äwmezlikden gaýra goýmak).

Şu ýerde temadan daşgynrak bir zat belläsim gelýär, çagalykda maşgalada öýüñ ulysy bolsañ özüñden kiçileri öýerişip-çykaryşmak hem ulyñ paýyna düşýär, özüñ öýlenip, gelniñ bilen özüñden kiçileri öýerişip çykarşjak bolsañ öz ojagyñ, perzentleñ üçin edilmeli aladany bir ýana taşlamaly bolýañ... Olar öýli ışıklı bolýar, Señ günüñ, edeniñ, ýitiren wagtyñ ýatlaryna-da düşmeýär. ( bu öz durmuş praktikamdan, belki awtora-da şeýle ýagdaý tanyşdyr, awtory real tanamok, goşgularyny tanaýan)
Indi daşy çolarmagy - öýli-işikli, bala-çagaly bolsañ gardaş, siñli daşda bolýar, her kim öz güzerany bilen başagaý, ýanyñda galan diñe halalyñ - söýgüli gelni, oña diýýä, "Ýanymda bir sen galdyñ, sen maña ullakan bagt berdiñ, başgalar gitdi, daşym çolardy, öñ agzym köp ganady, sen bir ganatm a"

Goşgyñ özi kimedigini aýdyp durka içinden başga birini gözleýänlere geñ galmadym...
Awtora maşgala agzybirligini, işde üstünlik, durmuşda abraý dileýän.

0
8 Haweran   [Материал]
Nefertita hanym, siz meni tanayañyzmy, gaty beletlik bilen ýazypsyñyz-la?
Magtymguly ýaly beýikleriñ eserlerine tom-tom kitaplar ýazylyp (hersi-de birhili), hiç birisiniñem Magtymguly we onuñ eserleri barada dogry düşündiriş berip bilmeýändigini, hatda oña ýanaşmaýandygyny (iki ýarym asyrdan soñ!) geñem görmeli däl.
Biz ýaly bolgusyz biriniñ (şu döwürde, öz döwürdeşleri tarapyndan!) ýazan zadyna her kim birhili düşündiriş berýär. Ybraýym aganyñ aýdyşy ýaly, "keýpi-de şonda".
Ýöne Goçmyradyñ aýdyşy ýaly, "özüňizçe beýniňizde süzüp, süýjümtik pikirlenip, 2-3 minut dymyp otursañyzam" ýeterlik bordy... :)
Hemmäñize sag bolsun aýdýaryn.

0
5 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Bu düýşi (goşgyny) her kim özüçe ÿorar. (Keýpi-de şonda) Käbir goşgy oýalyk bilen ukynyñ araçäginde ÿüze çykÿan bir hadysa bolÿar.
Meniñ ýörşüm: Goşgudaky hekaýajyk: Baş gahrymanyñ söÿgülisi "sen" 14 ÿyldan soñ yzyna dolanýar. (Sen geldiñ). Goşgynyñ birinji bendi, "gyşa ÿetdi" bilen gutarýan ýerine çenli, "sen"-e ÿüzlenip, hem onuñ gelenine begenjini aýdýar hem-de geçen 14 ÿylyñ sil ýaly çalt we agyr geçenligini duÿdurÿar.
Yz ýany:
(Güýzde ýygnalmadyk narym
Sowuk urdy
gyşa ýetdi.)
diÿip öz hasratyny teswirlendirÿär.
Indiki 2 beýtde:
Kemrysgalam däl ekenim
El degmedik hoşa ýetdi.
Hyruçlandym, hyjuw joşup
Yşk gaýnady, başa ýetdi.
diÿip, 14 ýylyñ ol bir tarapyny gürrüñ berýär, (3-nji gahryman, gelin) Durmuş guranyny we öz durmuşyndan hoşal bolanyny aÿdÿar.
" Bu gün" sözleri bilen başlap, goşgynyñ soñuna çen ÿene häzirki zamana gelip, başynyñ çolarandygyny gürrüñ berÿär hem-de söÿgülisiniñ gelenine özüni bagtly duÿanlygyny gaÿtalaÿar we başgalaryñ elinden galaba agzy ganan baş gahryman, "Sen bir agzymy ganatma" diÿip myhmana ýalbarÿar. meniñçe gošgudaky rowaÿat şeýleräk, ÿöne sungatda forma, goşguda formany döredÿän, berkedÿän hem dargadyp bilÿän zat, onuñ setirlerine siñen şygryÿet bolÿar. Bu şygyryñ forma berkligi neneñ? diÿip soralsa, bu giñden jogap berilmeli sorag, bu ÿerde ýazylmasy çetin!?

0
4 Hyýalkeş   [Материал]
"Siñli" - uýa diýmek bolsa gerek.
Şahyr söýgülisine ýüzlenip başlaýar goşguny.
Sen on dört ýyl gijä galdyñ diýýär. Güýzde ýygnalmadyk nar bilen el degmedik hoşa düşnükli bolsa gerek :)
uýam, agam daşa gitdi diýýär. (şol da:şa bolaýmasyn. Çünki Has Türkmen başga bir goşgusynda doganynyñ ýogalandygyny ýañzydýardy).
Goşgy gowy.
Düşnüksiz goşgy däl. Ýöne diñe 14 ýylly ýeri pikirlendirýär. Olam gahrymanyñ durmuşy bilen bagly. Okyja aýdyñlaşdyrmak islemändir. Bolup biljek zat.

0
3 Sygyrmusdagy   [Материал]
Durşuna allegoriýa. Manysy eýgertmedi.

1
2 Garayolly1936   [Материал]
Gowy goşgy

0
1 mango   [Материал]
Sen bir agzymy ganatma
Ýañy göwnüm aşa ýetdi!

Ýada düşdi: Ýetimiň agzy aşa ýetende, burny ganar.
Goşgy has şahsy ýaly. Her kime düşünmesi kyn ýeri kän.
Mysal: 14 sene???
Arman dagyñ sili ýaly
Güwläp gitdi on dört sene...


Kemrysgalam däl ekenim
El degmedik hoşa ýetdi.

——
Hyruçlandym, hyjuw joşup
Manydaş sözler eken, hyruç-hyjyw (“joşgunam” ýakynlaşýar).
—-
Gardaş, siñli daşa gitdi.
“siňli”-li ýerine düşünmedim.
—-
Hemem “Señ bilen göwnüm aşa ýetdi”, “Bagt paýym”, “El degmedik hoşa(m)” diýeňde gürrüňi aýal maşgala barada ýaly. Soň “Gardaş…” diýýäň…?
—-
Güýzde ýygnalmadyk narym
Sowuk urdy..
.
gowy meňzetme bolupdyr.
Üstünlikler.
Ýyzzyl basyldy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]