00:17
Sen barybir eziz!
SEN BARYBIR EZIZ!

Ýazgarsa-da seni tünüñ ýelleri,
Sen barybir eziz.
Gulagymy ýapýar söýgiñ elleri,
Sen barybir eziz!
Duýgularmyñ agyr ýüki bolsañ-da,
Göreçlerme gözýaş bolup doñsañ-da,
Ahmyr bolup adyñ galsa dodakda,
Sen barybir eziz!

Zeýrenjem däl, igenjem däl, agy däl,
Men nädeýin, öz erkime bagly däl.
Seni ertirimden gözleýär didäm,
Sen barybir eziz!

Ýazgydymy okaryn hem görerin,
Gitseñ, sag bol, bagtym saýyp ýörenim!
"Men señki däl!" diýse diýsin ýüregim,
Sen barybir eziz!

Laura MAKSYMOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Haweran | Теги: Laura Maksymowa | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Küýseg / Goşgular - 03.03.2021
Tebigatyñ gyzy / Goşgular - 08.03.2021
Şeýle gerek?! / Goşgular - 01.03.2021
Nädemde näme? / Goşgular - 14.02.2021
Kakañdyr / Goşgular - 25.02.2021
Perzent / Goşgular - 20.03.2021
Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
Söýgi söhbeti / Goşgular - 19.03.2021
Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny... / Goşgular - 10.02.2021
Dostsyz başym - duzsuz aşym / Goşgular - 05.04.2021



Всего комментариев: 2
0
2 Mähriban   [Материал]
Gulagymy ýapýar söýgiñ elleri,
Sen barybir eziz!

Neneň gowy!

0
1 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Wah, şeýle setirleri hemişe okasyñ gelýär. sada, şahyrana hem ýürekden joşan. sag boluñ awtor!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]