20:42
Şemal

ŞEMAL

Gussamy ýeňletmek saňa başartmaz,
Näçe darasaň-da daraber saçym.
Sypaber ýüzümden gaýratyň goýman,
Nätseň-de açylmaz çytylan gaşym.

* * *

Zaryn sazyň näçe çalyber çalsaň.
Maňa parhy ýokdur gitmez ünsüm,
Içki dünýäm kabul etmez şowhuny,
Töwerek dymdyrslyk meň üçin ümsüm.

* * *

Gara lybasyna bürenip köçe,
Sandyratdy penjirämiň tutusyn,
Şemal, kürsäp gir-de, çykan mahalyň,
Ýapyp gitgin erbetligiň gapysyn.

Gurbanmämmet MEREDOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 66 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 3.7/3
Goşgular bölümiň başga makalalary

Kaýyllyk / Goşgular - 30.01.2021
Duralgada / Goşgular - 12.03.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Güýzüm sen / Goşgular - 30.05.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021
Bagyşlaň meni! / Goşgular - 21.02.2021
Şahyra / Goşgular - 31.05.2021
Melegiñ aýdymy / Goşgular - 10.02.2021
Sadalykdan dogan kämillik / Goşgular - 16.03.2021
Ömür menzili / Goşgular - 15.03.2021
Всего комментариев: 3
0
2 Zehin   [Mowzuga geç]
Goşgyda ol many ýaňzydylanok.

1
3 Aksary   [Mowzuga geç]
Her kim öz pikirin aýtýara!

1
1 mango   [Mowzuga geç]
Gara lybasyna bürenip köçe,
Sandyratdy penjirämiň tutusyn,
Şemal, kürsäp gir-de, çykan mahalyň,
Ýapyp gitgin erbetligiň gapysyn.


Gurbanmämmediň (ýa-da liriki gahrymanyň) penjiresini köçe sandyradypdyr…. (belki köçeden geçen başga bir gara lybasly sandyradandyr?).
Şemalam Gurbanmämmediň (ýa-da liriki gahrymanyň) jaýyna kürsäp giripdir, çykanda-da erbetligiň gapysyn ýapmaly bolýan bolup duran bolsa… onda Gurbanmämmet (ýa-da liriki gahryman) erbetligiň otagynda oturyp dur.
Şemal erbetligiň gapysyn ýapman, tersine açyk goýsa otagyň howas-a täzelenerdi…

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]