20:51
Selinjer bilen Çarlz Çaplini duşman eden söýgi

J.D.SELINJER BILEN ÇARLZ ÇAPLINI DUŞMAN EDEN SÖÝGI

Selinjeriñ duýgulary jogapsyz galmandyr, az wagtyñ içinde Una bilen arasynda uly söýgiñ ilkinji pyntyklary ýarypdyr. Hernä Selinjer Una bolan duýgularyndan arkaýynam bolsa, gyzy häzirem suwjugrak görýärdi, oniñ bilen kän zatlary paýlaşyp bilmejegini añýardy.
Selinjer Unanyň Çarlz Çaplin bilen gezmegine namys edip bir ölübilmändir. Ömrüniň iň uly söýgi tragediýasy hökmünde baha beren bu ýagdaýyndan belli bir wagta çenli aýňalyp bilmedik Selinjer bu barada hiç kimiň ýanynda dil ýarmandyr.
Ikinji jahan urşunyň dowam edýän ýyllarynda J.D.Selinjer dost-ýarlary bilen bile geçiren tomsunda duşan Una O’Nile şol wagta çenli başdan geçirmedik duýgularynyň dörändigini duýupdy.
“Nobel” we “Pulitzer" baýraklarynyň laureaty, meşhur dramaturg Ýujin O’Niliň we Nýu-Ýork jemgyýetçiliginiñ tanalýan zenan ýazyjylaryndan Agnes Boultonyň gyzy Una O’Nil owadanlygy bilen görenleri haýrana goýýardy. Una heniz iki ýaşamanka kakasy Ýujin O’Nil maşgalasyny taşlap, gyzyny Nýu-Ýork jemgyýetçiliginiñ ygtyýaryna beripdi. Selinjer we Unanyň jorasy Elizabet Mýurreý Una üçin, “Dereksizje gyzdy, emma owadanlygy welin gözüň ýagyny iýip gelýärdi” diýipdir. Selinjer äsgermezçilikli göz bilen garaýanam bolsa, hatda ýigrenýänem bolsa Una bolan duýgularyna erk edip bilmändir. Megerem ol şonuň üçin Unany däli-diwana bolup söýen bolmaly.
Selinjeriň duýgulary jogapsyz galmandyr, kän wagt geçmänkä Una bilen çynlakaý söýginiň ilkinji ädimleri ädilipdir. Selinjer Una bolan söýgüsinden arkaýyn bolsa-da, ony ýeňilkelleräk görýärdi, onuň bilen hemme zat barada gürrüň edip bilmejegini bilýärdi. Gyzyklanýan zatlarynyň düýbünden tapawutlydygyna garamazdan, olary söýgi birleşdirýärdi. Ýaňy on alty ýaşan ýaşajyk Una özünden alty ýaş uly Selinjeriň kämilligine haýran galýardy. Dostlary bilen alşan hatlarynda Unanyň çaga hereketlerinden, samsyklaç isleglerinden, özara gatnaşyklarynyň durnuksyzlygyndan zeýrenen Selinjer wagtal-wagtal “Kiçijik Unanyň” bu bolşy üçin onuň ejesini günäkärläpdir. Bile geçiren pursatlarynda Unanyň bolgusyzja isleglerine boýun egmäge mejbur bolan Selinjer söýgülisi näme diýse etmeli bolupdyr. Şahsy durmuşy-da edebi karýerasy ýaly inişli-çykyşly Selinjer bu ýagdaýdan aram-aram irenem bolsa, Elizabet Mýurreýe onuň üçin däliräre gelendigini aýdypdyr.
Selinjer söýgüsiniň hatyrasyna Unanyň haý-haýly arzuw-isleglerini ýerine ýetirmäge mejbur bolupdyr: puly azam bolsa, onuň bilen gymmatbahaly restoranlarda iýip-içipdir, göz gamaşdyryjy klublarda ýyldyz aktýorlar bilen, ýokary gatlakdan bolan tanymal aristokratlar bilen özüni juldan çykaran şertlerde kokteýller içipdir. Una Selinjeriň dostlarynyň aýdyşy ýaly, häsiýetsiz, lälik, baýlyga we moda kowalaşýan gyzdy. Emma Selinjer beýle bolmagyny islemeýärdi.
Ikinji jahan urşunyň turmagy we Ýaponiýanyň Pýorl-Harbora çozmagy bilen ABŞ urşa girýändigini yglan edýär. Durmuşyň akymy üýtgeýär. Goşuna girmek üçin jan eden Selinjer gulluga gidensoň hemmeler bilen bolşy ýaly Una bilenem ep-esli wagtlap habarlaşmandyr. Gaýtam gullukdaş ýoldaşlaryna Unanyň suratlaryny görkezip, bu barada gürrüň berip, söýgülisine bolan küýsegini azaltmaga synanşypdyr. Esgerlik durmuşy ýola girensoň Una bilen hat alyşmaga başlan Selinjer nämedir bir zatlaryň bolýandygyny aňşyrypdyr. Özi oňa yzly-yzyna hat ýollandygyna garamazdan Unadan seýrek hat gelipdir. Kän wagt geçmänkä ara düşen sowuklygyň sebäbini gazetlerden okap bilipdir. Täze ýyl güni çapdan çykan gazetleriň gep-gybatlar üçin berilýän ýörite sahypasynda söýgülisi Unanyň Çarlz Çaplin bilen arasynyň bardygyny okapdyr. Selinjeriňem bilşi ýaly Unanyň iň uly arzuwy Golliwudyň ýyldyzy bolmakdy. Ejesi bilen Golliwuda gidende Çarlz Çapliniň “Kölege we jisim” çeper filmine aktrisa gözleýändigini eşden Una saýlap-seçip alyş tapgyryna gatnaşypdyr we aktrisalyk ugrundan gysga kursa gatnapdyr. Bu çeper film hiç haçanam surata düşürilmändir, Una hem hiç wagt Golliwudyň ýyldyzy bolmandyr. Muňa garamazdan bütin bu bolan zatlar Selinjeriň durmuşyny üýtgetmäge ýeterlik bolupdyr.
Selinjer Unanyň Çarlz Çaplin bilen gezmegine namys edip bir ölübilmändir. Ömrüniň iň uly söýgi tragediýasy hökmünde baha beren bu ýagdaýyndan belli bir wagta çenli aýňalyp bilmedik Selinjer bu barada hiç kimiň ýanynda dil ýarmandyr. Gullukdaşlary Una bilen Çarlz Çapliniň arasyndaky söýgi gatnaşygynyň üstünde jedel edipdirler, bir bölegi olaryň nikalaşjagyny öňe sürse, bir bölegi wagt geçirmek üçin gezýändiklerini aýdypdyr. Selinjer şeýle ýagdaýa gelendigi üçin Unanyň ejesini günäkärläpdir. Unanyň kakasy munuň üçin gyzy bilen arasyny kesip, ony hatybizar kylypdyr.

• Çarlz Çaplin we Una

Çarlz Çapliniň ýaş aýal-gyzlara bolan ýakynlygy dillere dessan bolupdyr. Habar beriş serişdelerinde uly seslenme döreden, jemgyýetçilik tarapyndan ýazgarylan Çarlz Çaplin 1943-nji ýylda elli dört ýaşynda on ýedi ýaşly ýaşajyk we görmegeý Una O’Nil bilen toý tutupdyr. Öňem özünden kiçi dört zenan bilen ýaşaşan we çaganyň üstünde turan bir dawa sebäpli karýerasy hapalanan Çarlz Çapline garşy köpçülikleýin garalama kampaniýasy başlanypdyr. Oňa ABŞ-na gelmek gadagan edilipdur. Är-aýal ömürleriniň ahyryna çenli Şweýsariýada ýaşapdyr. Sekiz çagany dünýä inderen är-aýal ölýänçä biri-birlerinden aýrylmandyr.
Selinjer Una we Çarlz Çaplin hakda hiç ýerde dil ýarmadygam bolsa, Çarlz Çapline bolan ýigrenjini dostuna ýazan bir hatynda gizläp bilmändir.

# Kennet Slawenskiniñ “Gynanç. Banan gabygy we Selinjer” kitabyndan.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 93 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kennet Slawenski | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 3
0
3 Bogdankdr   [Материал]
Can I contact Administration?
It is about advertisement on your website.
Regards.

0
2 Bogdanmgg   [Материал]
Where is admin?
I'ts important.
Regards.

0
Una O Nil I diyen owadanam däl ekenilaý

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]