11:41
Şekil / hekaýa
ŞEKIL

Dälize palas ýazylgy.
Ortasy gyzyl, iki jähegi sarymtyk-goňur.
Şoň üçinem oňa garşy “uz basyp seýkin ýöräp” gelýän kärdeşiniň ökjeli köwşi “tyrkyldamaýar-da”, “pytdyldaýar”.
Owadan gelin.
Gelişdirip daňlan gyňajynyň astyndan görünýän alyn saçy, birgeňsi altynsöw.
Boýalan bolaýmasa.
Sebäbi, adatça diri adamda muň ýaly dokmäde öwüşginli saç bolmaýar.
Gurjaklarda, kinolarda, fotoşoplanan suratlarda welin, ite dökün.
...Garşysyndan, özüne golaýlap gelýän gelniň saçyna üns beren kişiň aňyndan şu pikirler ýyldyrym çaltlygynda zymdyrylyp geçdi.
Gelin deňesine ýetende, ol, giň dälizde muň üçin dynnymça zerurlyk bolmasa-da, az-kem gapdala tesip, ýol berýänsiredi.
Gelin oňa tarap ýüzünem galdyrman, çalaja, bildirer-bildirmez baş atyp ötende bolsa, onuň atyrynyň nähilidir birhili nämälim gülüň ýaz ýagşyna garylan ysyna çalymdaş ysy burnuna ildi.
Bada-badam gözüniň öňünde, edil hakyky durmuşda bolup geçýän dek, janly, täsirli, ýiti sahna ýalpyldap gitdi.
...Gije.
Anyk sagad-a belli däl welin, megerem, ýarygije bolsa gerek. (Sebäbi, şuň ýaly sahnalaň hökman ýarygije bolmalydygy, asyrlaň dowamynda ynsan aňynyň endigine öwrülip gidipdir).
Alagaraňky otag.
Penjireden köçäň ýagtysy düşýär.
Gujagynda gyzgyn beden.
Pamykdan mymyk, mahmaldan ýumşak, tamdyrdan urýan howur deý gyzgyn.
Ýaňky nämälim gülüň ysyna eýlenen ýaz ýagşynyň ysam ýüpek saçlaryndan gelýär.
Şol ysam oň süňňüni şeýlebir heýjanelek hyjuwdan doldurýar welin, ol durky-düýrmegini dolap alan gyjynmadan ýaňa ýeňiljek saňňyldap başlaýar...
...Meçewçi aňynyň döreden sahnasy, oň aýagyna badak atdy. Oslagsyzlykdan ýaňa süssenekläp gitmän, zordan saklandy. Kürtdürdi. Bary-ýogy iküç sekuntlyk. Geçip giden görnüşiňmi ýa-da haýyn hyýalynyň döredip beren sahnasynyňmy, yzyndan gaňrylmazlyk üçin bir ýerinde erki bolsa jemläp, özüne zor saldy.
Şu pursat hiç kes gaharyny getirmese-de, näme üçindir bir demde öz-özünden emele gelen, düşnüksiz-sebäpsiz gazap bilen hyrçyny dişledi.
Bolupdyrmy, o sahna?!
Bolmandyrmy?
Belki, “bolanyny” isländir-de, “bolduryp” bilen däldir...
...Ol, göýä, öz içiýangynlygyna aýaklary günäkär deý, olara bilgeşleýin agram salyp, batly ýöräp, barýan ugruna ýöneldi.
Gidip barşyna-da, dälize düşelen ýumşak palasa içi ýandy.
Iň bolmanda, gaharyňy gadamdan çykarar ýaly, “dars-dars” ýöräp barşyňa, “tarpyldadyp” ses çykarmaga-da mümkinçilik bermeýär.
Aýagyňy näçe ursaň uruber, boguksy “pat-patdan” özge ses çykmanjyk geçäýer...
...Ýaňky “görnüşiňkem”, hanha, ýürekgopduryjy enaýylyk bilen eşidilýän “tyrk-tyrk” däl-de, seň biperwaý “pat-patyňa” meňzeş “pyt-pyt”...
...Ol gelşine hajathana girip gitdi. Işini bitirensoň, elýuwara bardy. “Şarlap” akyp ugran suwa elini tutup durşuna, diwardaky aýnadan özüne garaýan, orta ýaşdan agan, içine çöken gözüniň aşagy pökgerip duran, maňlaýy joýa-joýa, dulugy çekilen pyýada seretdi.
Aýna bilinden ýokarysyny görkezýändigi üçin, ep-esli öňe çykyp, tommaryp duran garny, bärik bakýanyň sypatyny hasam betgelşik görkezýär.

Bu şekil edil, nadyllyk bilen lapykeçlik laýyndan eýlenen ýaly...
...Ol ýumrugyny düwäge-de, jansyz närsäň biparh gyjalaty bilen şu şekili özüne mazamlaýan akmak aýnany, bir uranda kül-uşak etmezlik üçin, dişini gysdy. Egildi-de, näme üçindir goşawujyny dolduryp ýüzüni ýuwdy. Başyny galdyryp, ýene-de aýnadaky şekile alaryldy. Oň, suw damjalary bulduraýan, lopbuşdan yşnaksyz keşbine seňrigini ýygyrdy-da, düşnüksiz hümürdedi:
-Gutaran-aý, senem! Gultundyryp, ät goýjak bolsaň, beýdip, gyjyklap-gyjyndyryp nätjekdiň?!...
Kime diýdi?
Näme üçin diýdi?
Özem doly düşünmedi...

*****

Uzak gün keýpi bolmady. Işden gaýdanda-da sus gaýtdy.
Awtobusa münjek bolanda, iküç sany basdaş gyzjagaz, özi bilen ýaşytdaşrak biriniň daşynda kebelekläp, oňa her haýsy bir zat diýip, biri-birine gezek bermän ýerli-ýerden lak atyşyp, düşdüler. Kakalary bolmaga çemeli. Biri-birlerine meňzeş.
Olaň bolşuna ol: “Bäh, töwereklerinde özlerinden başga adam ýok ýaly-aý!” diýip, ilki gatyrganjak boldy. Soňam, birdenkä, ugran awtobusyň penjiresinden özüne ünsli garaýan şekilde nazary ägindi. Bu gezek ol hajathanadaky ýaly dup-dury däldi. Belki, şol solgun, sudurpisinligindendir, ol oň gözüne hälkisi ýaly beýle öte bedroý bolup görünmedi.
Şo pille-de oň hakydasynda şu şekiliň gatnaşýan sahnajygy ýalpyldap gitdi.
Ýap-ýagty otag. Şekil çaý içýär. Gujagynda alty-ýedi ýaşly gyzjagaz.
-Kaka, surat çekä-ä-li!-diýip, ojagaz näzik sesjagazyny hasam süýjüdip, haýyş edýär.
Şol wagtam, ýeňsesinden ýene-de bir, on-onki ýaşly gyzjagaz eli mejimeli gelýär:
-Kaka, şu kökedenem iýip görsene! Özüm bişirdim. Diňe ejem biraççyk kömekleşdi...
...Ol gözüni gyrpdy welin, aýnadaky suduram, hyýalyndaky sahnada gaýyp boldy.
Näme üçindir oň şähdi açyldy. Birhaýukdan soň ol özem aňşyrman, içinden haýsydyr bir düşnüksiz, sözsüz, heňsiz aýdyma hiňlenjireýänine düşündi...





Категория: Hekaýalar | Просмотров: 198 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Öňüm gelenden soňum gelsin / hekaýa - 22.01.2022
Старик Иуда / рассказ - 24.01.2022
Asylzada / hekaýa - 10.01.2022
Kapkaç / hikaye - 19.01.2022
Çapar / hekaýa - 10.01.2022
Soltangözel gelneje / hekaýa - 22.01.2022
Şeftren / hikaye - 04.01.2022
Mürepbe / hekaýa - 24.01.2022
Gülgün jorap / hekaýa - 11.01.2022
Ardiye / hikaye - 03.01.2022



Всего комментариев: 4
1
3 Nurdan   [Материал]
Hekaýañ mazmuny bilen suratdaky şekil bileleşip hekaýadaky obrazy has baýlaşdyrypdyr.
Suratlandyrma tüýs ýerine düşüpdir.

0
4 Bagabat   [Материал]
Sag boluň, taňryýalkasyn.

1
1 Garayolly1936   [Материал]
Gowy hekaya

0
2 Bagabat   [Материал]
Taňryýalkasyn, ýaşuly! Ömrüňiz uzak bolsun!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]