12:17
Sefewiler we Eýranyñ şaýylaşdyrylmagy
SEFEWILER WE EÝRANYÑ ŞAÝYLAŞDYRYLMAGY

Suratda: Şeýh Safiýýuddiniñ we Şa Ysmaýylyñ kümmetleri.

Sefewilik - ilkibaşda sefewi tarykaty, soñ-soñlar Sefewi döwleti bolan bu toparlanma adyny Erdebilde ýaşan sefewi tarykatyny esaslandyryjy Şeýh Safiýýuddinden alýar. Şeýhiñ etniki gelip çykyşy hakynda aýdylýanlaryñ aglabasy rowaýatlara öwrülip gidipdir. Aýratynam sefewiligiñ tarykatdan döwlete geçen wagtynda ýazylan eserlerde Şeýh Safiýýuddiniñ añyrsyny Hezreti Ala baglajak bolma meýli has güýçli duýulýar.
Şunuñ bilen birlikde osmanly we eýran çeşmelerinden giñişleýin peýdalanyp şol döwrüñ taryhyny içgin öwrenen Tufan Gündüz "Iñ soñky gyzylbaş: Şa Ysmaýyl" (Stambul-2018 ý, 8-nji neşir) atly giñ göwrümli işinde käbir eýranly awtorlaryñ ony Eýranyñ ýerli ýaşaýjylaryndan biri bolandygyny delillendirjek bolup jan edýändiklerini, beýleki bir tarapdan käbir awtorlaryñ onuñ kürtdügi hakynda rowaýatlaryñ täsiri astynda galan Faruk Sümer ýaly güýçli alymyñ bu maglumaty öñe sürendigini aýdýar. Şunuñ bilen birlikde Şeýhiñ aslynyñ türk(men)digine degişli-de köp sanly rowaýatlar bar.
Hususanam Sefewi döwletiniñ gurulyşyndan soñ ýazylan eserlerde Şeýh Safiýýuddiniñ obrazyna mifologik, legendar röwüş berlipdir.
Onuñ dünýä inmegi bilen başlan keramatlary legenda tradisiýasynyñ köp sanly öwüşginleri bilen üsti ýetirilip gelnipdir.
Etniki gelip çykyşy hakyndaky birnäçe bulam-bujarlyklaryñ bardygyna garamazdan Şeýh Safiýýuddiniñ mezhep taýdan gelip çykyşy şolar ýalam bulaşyk däl.
Tufan Gündüz Şeýh Safiýýuddiniñ şafygy mezhebindendigini, birnäçe gezek özüne mürşit gözländen soñra Gilanda (Geýlanda) Şeýh Zahidi Geýlanä gol berendigini aýdýar. Şeýh Safiýýuddin ilkibaşda ady agzalan şeýhiñ tarykatynda ýörkä, şeýhiñ ölüminden soñ onuñ ýerine geçýär we tarykata sefewiýýe diýlip başlanýar. Sefewiligiñ ýaýran ýeri Erbil bolandygy üçin osmanly çeşmelerinde bulara erdebiliýýe ýa-da Erdebil sopylary diýilýär.
Şunuñ bilen baglanyşyklylykda Şeýh Safiýýuddiniñ ady Şeýh Safiýýuddin Erdebili diýibem ýatlanýar. Şeýh Safiýýuddiniñ sünni häsiýetlu tarykaty heniz dirikä köp ýerlere ýaýraýar. Reşat Öngöreniñ aýtmagyna görä (Reşat Öngören “Safewiýýe” DİA XXXV/460) Şeýh Zahydyñ ölüminden soñ halwetiýýe ve sefewiýýe diýen iki şaha aýrylan akymyñ lideri Şeýh Safiýýyddin irşad işleri üçin döwlet emeldarlarynyñ birnäçesiniñ hormatyny gazanypdyr. Munuñ üsti bilen tarykat Erdebilden Liwana (käbir çeşmelere görä), Seýlana çenli ýaýrap bilipdir. Şeýhiñ irşadynda şol wagt şaýylygyñ ýeke alamatyna duş gelmek mümkin däl. Hatda şeýhiñ şeýle diýendigi rowaýat edilýär:
"Biz sahabanyñ mezhebindendiris, her dördüsinem eý görýäris we dördüsi üçinem doga okaýarys."
(Seret: Tufan Gündüz, a.g.e, s.17)
Şeýh Safiýýuddin 1334-nji ýylda aradan çykansoñ, ýerine onuñ ogly Sadreddin geçýär. Sadreddin Azerbaýjanyñ häkimi Mälik Eşrep Çopany tarapyndan howply görlüp, Töwrizde üç aý zyndana atylanam bolsa, bu ýagdaý uzaga çekmändir. Şeýh azatlyga çykansoñ Gilana dolanýar we bu ýerde Altyn Orda döwletiniñ hemaýatyna girýär. Belli bir wagtdan soñ Erdebil häkiminiñ buýrugy bilen sefewi tarykatynyñ mal-mülki we emlägi salgytdan boşadylýar.
Şeýh Sadreddin baradaky çeşmelerde Teýmirleñiñ we onuñ ogly Şahruhyñ şeýhe çuññur hormat goýandygy aýdylýar.
Şeýh şeýle şertlerde Gürjüstana we Horasana oruntutarlar ugradyp, tarykatyñ hereket ediş çägini hasam giñeldýär.
Şeýh Sadreddiniñ ölüminden soñ (1392) tarykatyñ başyna ogly Haje Aly geçipdir. Çeşmelerde Teýmirleñiñ Ankara söweşinden dolananda Erdebile ýörite sowlup, şeýhi görüp geçendigi we şeýhiñ hormatlaýan 30 müñ türkmenini, şeýle-de Erdebili we eteklerini onuñ garamagyna berendigi aýdylsa-da, käbir barlagçylar bu maglumaty ýalñyş hasaplaýar.
Haje Alynyñ haj zyýaraty maksady bilen uly jemendäni daşyna jemläp ýola çykmagy we yzyna gaýdyp gelende düşlän menzillerinde eden söhbetleri köp sanly alym-fakyha ýiti täsir edýär. Käbir çeşmeler Anadola ýaýran baýramiýýe, jelwetiýýe ýaly akymlardyr tarykatlaryñ gözbaşyny-da sefewiýýe tarykatyna baglaýarlar.
Haje Alynyñ ölüminden soñ (1429) onuñ ýerine şeýh-şah diýilýän ogly Ybraýym geçýär. Ybraýymyñ döwründe heniz sefewilik şeýhlikden şalyga syçramak isleýän alamatlaryny görkezmeýärdi.
Ybraýymyñ 1447-nji ýylda aradan çykmagy bilen onuñ ýerine geçen Şeýh Jüneýit tarykatdan döwlete geçmäge niýetlenen birinji şeýh hökmünde tanalýar. Sefewilik irşad hereketiniñ çygryndan çykyp syýasy ugurlary öz içine alyp başlaýar. Şeýh Jüneýidiñ syýasy pyrryldaklarynyñ bardygy sebäpli agasy Japar bilen arasyna tow düşýär. Agasy ony Garagoýunly türkmen soltany Jahanşaha ýamanlaýar. Jahanşa Jüneýidiñ müritleriniñ köpelýändigi we onuñ hereketleriniñ özüne zyýan ýetirjegi üçin öñdenem howatyrlanyp ýörendigi sebäpli şeýhe Erdebilden çykmagy talap edýär. Çünki şeýhiñ bar arzuwy şa tagtynda oturmakdy. Jahanşanyñ gysyşlaryna çydamadyk Şeýh Jüneýit Erdebilden çykyp Anadola gelýär we Soltan Myrat II-ä ýüz tutup, özüne Gurtbeli sebitiniñ berilmegini, şol ýerde irşada dowam etmek isleýändigini aýdýar.
Emma osmanly emeldarlary Şeýh Jüneýidi ynamdar adam hasaplamandyr. Osmanly çeşmeleri onuñ Konýada Sadreddin Konewiniñ dergähinde düşländigini, şol ýerde ymamlyk-halyflyk jedellerini gozgap, şaýylaryñ ehli-beýte esaslandyrýan ymamlygyny mahabatlandyrandygyny ýazýarlar. Şeýh Konýada kän eglenmän, türkmenleriñ köpçülikleýin ýaşaýan ýeri bolan Halaba geçýär. Bu ýerde onuñ akymyna käbir bedreddiniler (Şeýh Bedreddiniñ yzyna eýerijiler) goşulýar. Şeýh Jüneýit mundan beýläk irşadynda doly şaýy ýaly çykyş edip başlaýar. Bu ýagdaý sebitdäki sünnileri ynjalykdan gaçyrýar. Olar şeýhiñ üstünden mamlýuk hökümdarlaryna şikaýat edýärler. Jüneýit bu ýerden kynlyk bilen gaçyp, Janige gelýär. Janikde çepni türkmenleriniñ aglaba bölegini täsiri astyna alyp, özüne baglaýar.
Şeýh Jüneýit Janikdekä birinji gezek metodikasyny üýtgedip, gaza (uruş) hereketlerine baş goşýar. Trabzon rumlarynyñ üstüne çozýar. Emma onuñ şol wagt heniz ýurt gurup biljek harby güýji ýokdy. Trabzondaka Osmanlydan gorkup Akgoýunly ýurduna sygynýar. Diýarbekirde biraz wagt galýar. Şeýle-de Diýarbekirdekä Akgoýunly döwletini guran türkmen taýpalaryna ýiti täsirini ýetirýär. Belli bir wagtdan soñ akgoýunly hökümdary Uzyn Hasan şeýhe uýasy Hatyja Begimi nikalap berýär. Bu nika şeýhe at-abraý we tanymallyk getirýär.
Özi sünni hökümdar Uzyn Hasanyñ şeýhiñ şaýylyga gyşarmalaryndan bihabar bolmagy mümkin däl. Tufan Gündüz ady agzalan eserinde Uzyn Hasanyñ garyndaşlyk gatnaşygyny açmak arkaly garşydaşy garagoýunly hökümdara Jahanşa Hakyka garşy şeýhiñ müritlerinden peýdalanmak pikiriniñ bolandygyny öñe sürýär.
Şeýh Diýarbekirden Erdebile täzeden dolanýar. Şol ýerde şeýh şa bolma höwesini hasam ösdürip, heniz musulmanlyga geçmedik çerkezleriñ üstüne çozuşlary gurnamaga başlaýar.
Şirwanşa Halyl şeýhiñ şalyk höwesini syzyp, oña şeýhligi taşlap şalyga höwes etmezligi duýdurýar. Şeýh bu duýduryşlara pitiwa etmänsoñ, onuñ üstüne gaýdýar. Şeýh söweşde wepat bolýar (1460). Onuñ ýerine ogly Haýdar oturdylýar.
Haýdar kakasy Şeýh Jüneýitden diñe şeýhligi däl, uruşmaga taýýar garadangaýtmaz mürit leşgerinem miras alýar. Bulam oña akgoýunly ýurdunda at-abraý gazandyrýar. Şeýh Haýdaryñ daýysy Uzyn Hasan Garagoýunly döwletiniñ tepbedini okansoñ, ýegeni Haýdary Erdebile ýerleşdirýär. Haýdar müritlerine on iki dilimli, üstüne ak tülbent dañylan gyzyl täç (täji-haýdar) geýmeklerini buýurýar. Bu täç ilkibaşda osmanlylaryñ arasynda ýañsylýanyp, "gyzylbaş" diýlipdir. Has soñra türkmen alawylary köplenç şu at bilen ýatlanmaga başlanýar. Gyzylbaş adynyñ türkmen alawylary tarapyndanam halanandygyny aýtsa bolar. Alawy bekdaşy poeziýasynyñ görnükli wekillerinden Harabi Babanyñ bu ady buýsanç bilen kabul edendigini görýäris. Onuñ bir şygyrynda:

Baby-Haýdardan başga baba
Men-de etmen iltija.
Eý Harabi men gyzylbaş
Boldugymy älem biler.

(Harabi Diwan)

Haýdar daýysy Uzyn Hasanyñ gyzyna öýlenensoñ, Akgoýunly döwletinde hasam ygtybarly adama öwrülýär. Haýdar döwletleşme ýolunda kakasynyñ galan ýerinden hereketlerine dowam edýär. Ol Şirwanşalar bilen Akgoýunlylaryñ birleşen goşunyna garşy giren söweşinde (1488) öldürilýär. Onuñ ýerine ilki ogly Aly, onuñ ölüminden soñam Ysmaýyl geçýär. Ysmaýylyñ şeýhiñ ornuna däl-de, tagta geçmegi bilen birlikde şeýhlik şalyga, tarykatam doly döwlete öwrülýir. Bu döwüre düşünmek üçin Şa Ysmaýylyñ ömür ýoluna kem-käsleýin seredip geçmek gerek.

• Şa Ysmaýyl

1484-nji ýylda Erdebilde dogulýar. Kakasy sefewi şeýhi Haýdar, ejesi-de Uzyn Hasanyñ gyzy Älemşa Halyma Begimdir. Ol Ebulmuzapbar Bahadyr El-Hüseýni diýlibem ýatlanýar. Çagalygy kynçylykda geçýär. Kakasy şirwanşalara garşy giren söweşinde akgoýunlylar tarapyndan öldürilýär. Ejesi we iki dogany bilen bile Istihar galasynda dört ýyllap göz tussagynda oturýar. Akgoýunly hökümdary Ýakubyñ ölüminden soñ ýerine geçen Rüstem beg sefewileriñ güýjüne mätäçlik duýýandygy üçin Ysmaýyly we onuñ doganlaryny Töwrize getirdýär. Emma garşydaşy Begsungury derbi-dagyn edensoñ sefewi tarykatynyñ başyna geçen Soltan Alyny öldürdýär (1494).
Sefewiler mundan soñ heniz kiçijik çagadygyna garamazdan Ysmaýyly alyp gaçyp, özlerine şeýh bolmagy üçin Erdebile äkidýärler. Şa Ysmaýyl akgoýunly yzarlamasyndan gutulmak üçin zol-zol Reşte, Lahijuna gaçyrylýar. Lahijunda sebitiñ tanalýan mollalaryndan Lahijiniñ ýanynda arapça Kuran tefsirini we on iki şaýy usulyny, gyzylbaş kethudalaryndan uruş tälimlerini öwrenýär. Şol döwürde Anadolyda ýaşaýan gyzylbaş türkmenlee kowçum-kowçum bolup gelip, Ysmaýyly görüp gidýärler.
1498-nji ýylda Akgoýunly Rüstem beg aradan çykandan soñ Eýranda täzeden syýasy gapma-garşylyklar döreýär. Akgoýunly ýurdy Myrat beg bilen Elwent begiñ arasynda paýlaşylýar. Häkimler, taýpalar özbaşdak hereket etmäge başlaýar. Çar tarapda gapma-garşylyklar we topalañlar turýar. Bu çarkandakly şertlerde gyzylbaş kethudalary Ysmaýylyñ orta çykmagynyñ wagty-sagady geldi hasaplaýarlae. Ysmaýyl şeýdip Lahijandan aýrylyp, Erdebile dolanýar. Şol ýerde irşada başlaýar, müritleri bilen gyzyklanýar. Bu ýerdäki emeldarlar onuñ işlerinden bimaza bolmaga başlansoñ, Ysmaýyl Erdebilden çykyp Garabaga gidýär.
Bu ýerde akgoýunlylar bilen çaknyşyga girmejek bolup Erzinjana geçýär (1500).
Maksady Anadolydaky müritlerini toplamak bolan bu ýolagçylyk ýerine düşen bolmaly: Anadoly türkmen gyzylbaşlarynyñ ýaşaýan ýerleri alynýar. Owşar, çepni, şamly, dulkadyrly, tekeli, rumly, gajar, warsak ýaly taýpalaryñ goşulmagy Şa Ysmaýylyñ güýjüne güýç goşýar.
Soltan Baýezit II-niñ Ysmaýylyñ we onuñ müritleriniñ Anadola girmegine böwet bolmak üçin öñüni alyş çärelerini geçirmäge başlamagy netijesinde Ysmaýyl Erzinjandan çykyp, goşuny bilen bile ugruny syýasy bulaşyklygy başdan geçirýän Akgoýunly ýurduna gönükdirýär.
1502-nji ýylda akgoýunly goşunyny Nahçewanyñ golaýyndaky Şerjerde agyr ýeñlişe uçradyp, Töwrize girýär. Şeýh Ysmaýyl indi Şa Ysmaýyl ady bilen tarykatdan döwlete öwrülen sefewi tagtyna oturýar. Şa Töwrizde akgoýunly maşgalasyna degişlileri we sünnilikden aýrylmak islemeýänleri gylyçdan geçirýär. On iki ymamyñ adyna hutba okadyp, metjitlerde şaýy azanyny okatmaga başlaýar. Öz adyna pul çykardýar. Şol döwür Eýran heniz doly şaýylaşyp ýetişmändi. Şol sanda ilkibaşlarda Şa Ysmaýyl Eýrandaky beýleki şaýy hökümetler tarapyndan goldanmandy. Şa Ysmaýyl ilki şaýy toparlanmalary häkimiýeti astyna alyp, beýleki bir tarapdan şaýylaşdyrma syýasatyna dowam edýär. Az wagdan soñ Eýrandaky ähli ýerli güýçler Şa Ysmaýyla boýun sunýandyklaryny mälim edýärler.
Ysmaýyl şa Yspyhan we Ýezd sebitlerinde turan gozgalañlary basyp ýatyrandan soñ häkimiýetini Diýarbekire çenli giñeltmäge jan edýän Alauddöwle begiñ üstüne gaýtmagy makul bilýär. Munuñ üçin ol Osmanlynyñ çäklerine girýär. Alauddöwläniñ onuñ bilen uruşmakdan gaça durandygy sebäpli Kaýseriniñ üstünden Maraşa we Elbistana girýär (1507). Şeýle-de Maraşy, Elbistany weýran edip, Bagdada tarap gaýdýar (1508). Bagdady alandan soñ Kerbela we Nejebe giren Şa Ysmaýyl ol ýerde on iki ymamyñ kümmetlerini gurdurýar. Ondan soñ Lurystany we Şirwany häkimiýeti astyna alýar.
Şa Ysmaýylyñ Eýrandan daşlaşmagyny amatly mümkinçilik hasaplan Hywa hany Şeýbek (Şeýbany) gyzylbaşlary masgaralap, Şa Ysmaýylyñ şaýylaşdyrma syýasatyny tutaryk edinip, sefewileriñ üstüne gaýdýar. Merwde bolan söweşde Şeýbany han agyr ýeñlişe uçraýar, özi-de şol söweşde wepat bolýar. Şeýlelikde Hyrata çenli ähli ýerler sefewi häkimiýetiniñ düzümine girýär.
Mundan beýläk şa ýüzüni Anadola gönükdirýär. Şa Maraş, Elbistan taraplara gaýdanda Soltan Baýezit II-ä hat ýazyp, maksadynyñ osmanly topraklaryny basyp almak däldigini we Baýezit II-ä çuññur hormatynyñ bardygyny aýtmagyndan aoñ Osmanly döwleti Şa Ysmaýylyñ leşgerine goşulmak isleýän gyzylbaş türkmenleriñ köpçülikleýin göçüniñ öñüni almaga synanyşmakdan başga hiç zat etmändir.
Türkmen göçüniñ öñüne böwet bolunmagy Şa Ysmaýyly diýseñ biynjalyk edipdir. Şonuñ üçin ol özüne garşy gidenleriñ akybetini görkezip, hamana göz görkezýändirin öýdüp, söweş meýdanynda duşmany Şeýbany hanyñ kesilen kellesini Soltan Baýezit II-ä ýollapdyr.
Emeldarlarynyñ bir toparynyñ muña berk garşylyk bermelidigi baradaky pikirlerine garamazdan Baýezit II sesini çykarman oñmagy makul bilipdir.
Şa Ysmaýylyñ Anadoly türkmen alawylaryna ýetirýän täsiri netijesinde Şaguly gozgalañy turýar. Bu gozgalañ osmanly esgerleri tarapyndan basylyp ýatyrylýar (1511). Soñra gyzylbaş derwüşlerden Nuraly Gündogardan we Günorta-Gündogardan toplan gyzylbaş müritleri bilen Tokata ýöriş edýär. Olar üstlerine gelen osmanly esgerlerini derbi-dagyn edip, Tokaty ele geçirýärler. Şa Ysmaýylyñ adyna zikge basylýar. Bu wakalaryñ dowamynda Baýezit II-niñ agtygy şazada Myrat hem gyzylbaş täjini geýip, Şa Ysmaýylyñ tarapyna geçýär.
Baýezit II-niñ ýerine geçen ogly Soltan Ýawuz Selim döwleti berkitmek we Anadolynyñ sefewiler bilen arabaglanyşygyny üzmek maksady bilen uruşa taýýarlyk görüp başlaýar. Şa Ysmaýyl birnäçe goşuna garşy gazanan ýeñişleriniñ howalasy bilen Soltan Selime agzyndan gelen hapa-paýyş sözleri ýazyp ugradýar.
Uruşyñ dini sebäpleri-de bolmak bilen birlikde düýp sebäp şanyñ heniz ýañy eýelän akgoýunly ýurdunda häkimiýeti doly berkarar edip bilmändiginde, osmanlynyñ bolsa gündogar serhetleriñ ygtybarlylygyny howp astynda görmegindedir.
Ahyrynda osmanly goşuny Eýranyñ üstüne ýörişe gaýdýar. Emma şa ortalykda görünmeýär. Soltan Selimem öz gezeginde şaha paýyş sözler bilen hat ýazyp ony söweşe girmäge mejbur edýär. Uruş gutulgysyz bolanda şa - gyzylbaş kethudalar bilen birigip, Soltan Selime garşy söweşmek üçin häzirki Wanyñ töwereklerinde ýerleşen Çaldyran düzlügine gelýär. (23.08.1514).
Uruşda şa agyr ýeñlişe uçraýar. Birnäçe serkerdesini ýitirýär. Bu uruşda sefewiler Diýarbekir, Kemah ýaly şäherleri elinden giderýärler.
Şanyñ söweşde ýesir düşendigi rowaýat edilýär. Şa Çaldyran söweşinden soñ ýeñilmezeklik ünwanyny ýitirendiginden öz ýurdunda birnäçe topalañlar we içerki gapma-garşylyklar bilen başagaý bolmaly bolýar. Ömrüniñ soñky ýyllarynda döwlet dolandyryşyny ýakyn adamlarynyñ ygtyýaryna berip, aw-şikara we keýpi-sapa wagtyny beren şa 1524-nji ýylyñ 23-nji maýynda Töwrizde aradan çykýar.
(Seret: TDE Yslam Ensiklopediýasy. Tufan Gündüz)

• Eýranyñ şaýylaşdyrylmagy we Şa Ysmaýyl

Sefewiligiñ ilkibaşda sünni tarykatam bolsa, nädip kem-kemden şaýy reñke girendigine degişli dürli pikirler orta atylýar. Käbir barlagçylar sefewiýe tarykatynyñ Haje Aly döwründe şaýylaşandyty aýdylsa-da, Reşat Öngören muny ýalñyş hasaplaýar.
(Seret: Reşat Öngören “Safewwiýe” DİA XXXV/641).
Onuñ pikiriçe W.Hinz ýaly awtorlaryñ Haje Alynyñ Anadola wekil ugradyp, şaýylygy ýaýmaga jan edendigi hakdaky pikirleri ýalñyşdyr. Çünki Teýmirleñiñ ogly Soltan Şahruh sünni bolandygy üçin Haje Ala goldaw beripdir.
Haje Ala haj ýolunda baglanan hanefi fakyhlarynyñ bardygy, Haje Alynyñ Anadolydaky oruntutary Ümmi Kemalyñam şygyrlarynda sünni garaýyşdan daşlaşmandygy şeýle pikirleriniñ ýalñyşdygyny görkezýär diýip belleýär. Üstesine osmanly soltanlary-da Şeýh Jüneýidiñ Erdebilden çykan wagtyna çenli sefewi dergähine pul kömegini edip gelipdir.
Diýmek, şaýylyga ýöneliş Anadoly alawylarynyñ güýjünden köp derejede peýdalanmagy maksat edinen Şeýh Jüneýit bilen başlapdyr diýip hasap etse bolar. Emma Anadoly alawylaryny "käbir umumy prinsiplerden başga ýerde" ymamyýe şaýysyna meñzeş gelýär diýip bolmaz.
Galyberse-de Anadoly alawylarynyñ Şeýh Jüneýide we Şa Ysmaýyla bolan ýakynlyklary şaýy aýratynlyklardan zyýada tradision Anadoly alawylygyndan aýry däl. Şeýh Jüneýidiñem Anadoly-türkmen alawylarynyñ arasynda geçiren wagyzlarynda şaýylykdan ötri Anadoly alawylygyny (gyzylbaş) öñe tutandygyny aýtsa bolar.
Seýit Hüseýin Nasr ýaly birnäçe barlagçy sefewi şaýylygynyñ ilkibaşda tasawwufyñ batiniýe düşündirişlerinden dörändigini aýdýar. Şa Ysmaýylyj orta çykyşy bilen bir däl, iki uly üýtgeşme bolup geçýär. Birinjisi gyzylbaşlygyñ şaýylyga tarap gyşarmagy, ikinjisi bolsa Eýranyñ döwletiñ öz eli bilen şaýylaşdyrylmagy...
Şa Ysmaýyldan öñ onuñ kakasy Haýdaryñ döwründe gyzylbaş alawylaryñ on iki şaýylary ýaly ybadat edendikleri ýa-da bu mezhebiñ fykhyna bagly bolandyklary hakda çeşmelerde ýekeje-de maglumat ýok. Şa Ysmaýyl tagta geçip, şaýylygy resmi mezhep hökmünde oñlap yglan edenden soñ gyzylbaşlygyñam Eýranyñ çäginde şaýylyga öwrülendigini aýtmak mümkin.
Mugallymymyz Tufan Gündüziñ kitabyna "Iñ soñky gyzylbaş Şa Ysmaýyl" adyny bermegi-de hut şony göz öñüne tutýan bolmaly. Ýokarda aýdyşymyz ýaly Anadoly alawylygy ehli-beýt, on iki ymam ýaly umumy mowzuklar bilen bile eýran şaýylygyndanam dürli obrazlary öz içine alýar. Onuñ özüne mahsus taraplary şaýylyk bilen deñ gelýän umumy taraplaryndan has kändir.
Gyzylbaşlyk şaýylyga öwrülensoñ, hususanam Eýran-türkmen alawylygy bolan we Anadoly alawylary tarapyndanam oñlanan gyzylbaşlyk arap-şaýy garaýşynyñ basyşy astynda galmaga başlaýar. Eýran gyzylbaşlygy ep-esli derejede şaýylaşdyranam bolsa, Anadolu alawylygy üçin ýagdaý beýle däl. Anadoly alawylygy özboluşly taraplaryny hemişe gorap geldi.
Şa Ysmaýyl şaýylygy resmi mezhep hökmünde yglan edensoñ bu mezhebiñ fykhyny gowy bilýän din adamlaryna mätäçlik duýulýar. Eýranda-da ýeterlik şaýy din alymy ýokdy. Çünki sefewi döwletiniñ ilkinji ýyllarynda eýran halkynyñ aglaba bölegi sünnidi. Şa Ysmaýyl sünniligiñ häkimiýeti iki ýol arkaly aradan aýyrýar:
Birinjisi berk jeza beriji çäreleri girizip, sünniligi gadagan edýär. Ikinjisi Liwandan we Bahreýnden şaýy ulamalaryny Eýrana çagyryp, şaýylygyñ medreselerde öwredilmegini üpjüm edýär.
Şa Ysmaýyl 1501-nji ýylda goşuny bilen Töwrize barandan soñ, ýakyn adamlary bilen möhüm gepleşikleri geçirýär, mezhep meselesini ara alyp maslahatlaşýar.
Emeldarlary ilaty 300 müñe ýeteñkirleýän Töwriziñ üçden biriniñ sünnidigini we olaryñ öz arasynda "Bize şaýy patyşanyñ geregi ýok" diýip gürleşýändiklerini habar berip, jemagatyñ şaýylygyñ yglan edilmegine garşy çykyp biljekdigini aýdýarlar. Emma Şa Ysmaýyl eýýäm belli karara gelipdi. Şaýylyk resmi mezhep bolmaly, muña garşy gelenlerem ýok edilmelidi. Şeýle-de boldy. Ertesi gün şanyñ serbazlary elleri gylyçly Juma mesjidine halkyñ arasyna siñýär. Şa Ysmaýyl eli gylyçly münberiñ gapdalynda durýar.
Möwlana Ahmet Erdebilli münbere çykyp on iki ymamyñ adyna hutba okaýar. Çeşmelere görä, metjitdäkileriñ ýarysy muña hoşal bolypdyr. Yza galanlar biynjalyk bolup gorsanmaga başlandan, gyzylbaşlar gylyçlaryny syryp olary sem edipdir. Azana “Eşhedü enne Aliýýe Weliýullah we Haýýi alâ haýr’ül-amel Muhammed we Ali haýr’ül-beşer” sözleri goşulýar. Hutbadan soñ Hezreti Ebu Bekir, Hezreti Omar, Hezreti Osmana, emewilere we abbasylara nälet okalýar. Mundan soñ hemme ýerde birinji üç halyfa nälet okalmagy, okamadyklaryñ öldürilmegi, sünniler ýaly namaz okanlaryñ kellesiniñ kesilmegi, şanyñ orta çykmagyndan öñ sefewilere we şaýylara mylakatly çemeleşenlere zulum eden sünnileriñ ar alyş odunda ýakylmagy buýrulýar. Şundan soñ Azerbaýjanda öldürilen adamlaryñ hetdi-hasaby bolmaýar.
(Seret: Tufan Gündüz “Iñ soñky gyzylbaş Şa Ysmaýyl", Stambul-2018, sah. 68-69)
Şeýlelikde şaýylyk döwlet derejesinde hemmeleriñ tabyn bolmaga mejbur mezhebine öwrülensoñ, nobat munuñ bilim we medeniýet arkaly wagyz edilmegine geldi. Şa ýokarda-da aýdyşymyz ýaly on iki ymam şaýylygy garaýşyny bilýän ulamalaryñ halka mezhep bilimini bermekleri üçin Liwandan we Bahreýnden şaýy ymamlary Eýrana çagyrýar.
Şu tarapyny-da göz öñüne tutanyñda şaýylyk Eýrana mahsus käbir milli aýratynlyklary öz içine alýanam bolsa, eýran şaýylygynyñ düýbüni tutan garaýşyñ Bahreýnden we Liwandan gözbaş alyp gaýdýandygyny aýtmak ýalñyş bolmasa gerek. Gürrüñi edilen ýurtlardan gelen şaýy ulamalarynyñ Eýrana ýerleşmegi ilki bilen şaýy ýazgylaryñ arap dilinde ýazylmagyna ýa-da arap dilinden pars diline terjimeleriñ edilip başlanmagyna şert döredipdir. Şol döwürde käbir tarykatlar-da şaýylygyñ ýaýramagyna ýardam edipdir, medreselerde we tekgelerde sünni akydasyna garşy ýazylan reddiýeleriñ (inkärnamalaryñ) sany barha artypdyr.

Netijede: makalada gürrüñini edenlerimiz haýsydyr bir ynanjyñ ýa-da mezhebiñ tankydy däldir. Bolmanam bir zadyñ gürrüñi hut şonuñ özi bolup bilmeýär. Biziñ bärde syýasy wakalaryñ dini hereketlere, dini hereketleriñem syýasy hereketlere nähili täsir edýändigini anyklamakdan başga maksadymyz ýok.
Bir dananyñ aýdyşy ýaly "Hiç bir teoriýa özüne perdelenip edilen jenaýata jogapkärçilik çekip bilmez". Şa Ysmaýyly sünnilere zulum etdiren ynanjy däl, belki-de onuñ fanatizmidi (yñdarmalygydy). Galyberse-de, Idris Bitlisliniñ "Selimşanamasynda" Çaldyran ýörişine gidilende Soltan Selimiñ emri bilen öldürilen alawy (türkmenleriñ) ölümine sebäp bolanam soltanyñ ynanjy däl-de, syýasy garaýşydy.
Biziñ işimiz olary ýazgarmak däl: “Dünýäniñ bütün baýlygy bir adamyñ ganyny dökmäge degmeýär” diýip, aryflara, beýiklere köp dogaýy salamlarymyzy ýollaýarys we söhbetimizi tamamlaýarys.

Prof. Dr. Mehmet ÇELIK.

© The Independentturkish





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 88 | Добавил: Gökböri | Теги: Mehmet Çelik | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 3
0
3 Tumarly   [Материал]
Şah Ysmaýylyñ gowy goşgulary bar

0
2 Taryhçy   [Материал]
Dinini dünýä ýaýanam türkmen, dinini içinden omranam türkmen.
Dünýäde iñ köp döwlet guranam türkmen, öz guran döwletini özi ýykanam türkmen.

0
1 Ependi   [Материал]
Dogry, sünniler bilen şaýylaryñ döremegine sebäp bolan zat, esasy syýasy uruşlar, döwletara uruşlar, umumylykda urşuñ bahanasyny turzup bolaýjak mahinasiýa.
Şu wagtam göre-göre gelýäs, "Taliban" "Yslam dowleti" "Boko haram" we s.m-ler. Bularam hiç haçan bir-birini inkär etmeýär. Hersiniñ ýörelgesi aýratyn, potustoronni mir, religiýa.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]