16:53
Saz çalnanda
SAZ ÇALNANDA

Galmagal eşitseň, wokzalda-da bar,
Saz diňlejek bolsaň, otur şu yerde.
...Bir gyz agşamara suwa düşünýär,
Eşigin çykaryp çola güzerde.

Gyz saçlary suw ýüzünde kerep deý,
Owsun atýar kereplere birigip.
Oňat, aýbam bolsa gyza seretmek,
Gözellik hiç haçan bilmez irizip.

Çöl içinden ak sakgally ýaşuly
Atynyp egnine mele çäkmenin,
Ýüzi altyn çäge ýaly nurana
Syryp gelýär Garagumuň çäklerin.

Duşman bir galany ýykýar, ýumurýar,
Kesýär erkek göbekliniň kellesin.
Şol kesilen kelleleriň içinden
Tapanoklar günäkäriň sellesin.

Başga bir galadan yza serpigip,
Gaçyp barýar duşman eren-de-tozan.
Gelip-gelip öz gyljyndan ölermiş
Bigünä ilatyň üstüne çozan.

Ak bedew dumanyň içinden çykyp,
Ýaş ýigdi göterip, asmana barýar.
Bir owadan oglan sandyga girip,
Bir gyzyň yşkyndan akmana barýar.

Dag oýulyp, weýran bolýar gara dag,
Çirkizilýär galtamanyň sakgaly.
Aşyk magşuk gözlerinden ýaradar,
Ýöne ýene şol gözlere bakmaly.

Hywa bazarynda gyrnak satmaga
Barýar alamançy - tüýsi bozuk är.
Iti kowup, kölgesinde ak öýüň
Düzzüm oýnap otyr üç sany bikär.

Gyrmyz donun geýip ak telpek ýigit
Bakýar keten köýnek çarwa gözelne.
Töwerekden gyýk göz bilen bakýany
Undar eken gyz ýigidi görende.

Iň owadan matalary üssenip,
Tabyt barýar gölegçileň egninde.
Ýitip barýar köne gubur düzlenip,
Ýene täze döräp barýar her günde.

Tümlük ýuwaş-ýuwaş syrylyp gökden,
Ýagtylanýar, nurana ak daň gelýär.
Häzir sazandanyň, dutaryň keýpi,
Märekäniň keýpi bilen deň gelýär.

Biri aglap otyr, birisi gülýär,
Biri hesret çekýär, birisi dymýar.
Saz diňlejek bolsaň otur şu ýerde,
Goh eşitjek bolsaň, wokzalda-da bar.

Atamyrat ATABAÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 73 | Добавил: Haweran | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 4.2/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Bahara hat / Goşgular - 20.02.2021
Meñ zeminim... / Goşgular - 12.02.2021
Göresim geldi / Goşgular - 29.05.2021
Adam / Goşgular - 21.03.2021
Towakga / Goşgular - 18.03.2021
Atsyz goşgy / Goşgular - 21.10.2021
Ýör, göwün / Goşgular - 21.02.2021
Bu dünýä özüni görer özümde.. / Goşgular - 06.01.2021
Çilimkeş / Goşgular - 16.02.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Hyýalkeş   [Материал]
Olya ablacığım, rica etsem posta kutunuzu kontrol edermisiniz? Bir soru sormuştum da.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]