21:01
Saýt düzgünnamasy

Hormatly agzalar we myhmanlar!
www.kitapcy.com edebi saýtynda ulanyjylar şu aşakdaky kategoriýalara bölünýär:

1). Myhman okyjylar: – Saýta agza bolmadyk ulanyjylar diñe paýlaşylýan eserleri okap we ball goýup we myhman depderde ýazgy galdyryp (teklip berip we ş.m.) bilýär.

2). Okyjy agzalar: – Agza bolan (şahsy hasaby registirlenen) ulanyjylar bloglary okap, okan bloglaryna teswirlerde tankydy belligini, pikirini, teklibini we ş.m galdyryp bilýär (okyjy agza blog açyp bilenok).

3). Awtor agzalar: – Okyjy agzalaryñ arasyndan saýlanyp alynýar. Awtor agzalaryñ ýokarda agzalan mümkinçiliklerden başga-da, blog açmaga (dürli žanrdaky eserleri, makalalary paýlaşmaga) hukugy bar. Agzalary awtorlyga agzanyñ ýüz tutmasyndan soñ onuñ paýlaşjak bloglarynyñ hiliniñ ýokary bolmak, alnan çeşmesini görkezmek, ýalñyşsyz we awtorlyk düzgünlerini doly berjaý etmek şerti bilen adminstrator geçirýär.

Bloggerler saýtyñ edebi kollegiýasynyñ doly hukukly agzasy hasaplanýar. Şonuñ üçin agzalyga saýlananda belli bir derejede onuñ sowat we bilim derejesine seredilip saýlanylýar.
Bloggerlere tema çäklendirmesi ýok. Islendik temadan ýazylan materiallary paýlaşyp bilerler. Materiallar paýlaşylanda saýhally, ýönekeý, harp ýalñyşsyz paýlaşylmagyna üns berilmeli.
Türkmen edebiýaty, taryhy, medeniýeti we jemgyýetçilik durmuşy boýunça, şeýle-de daşary ýurt awtorlarynyñ terjimelerinden nusgalary, dürli dillerde (türkmen, rus, iñlis, türk dillerinde) berilýän giñ möçberli maglumatlary okamaga mümkinçilik berýän ähli bloglar diñe okyjylar bilen pikir alyşmagy, çeper edebiýatyñ, kitabyñ muşdaklaryny özgeren dünýäniñ innowasion mümkinçiliklerine laýyk amatly elektron gollanma bolmagy, ýaş zehinlere ruhy goldaw bermegi we ýerlerdäki täze zehinleri gözläp tapmagy maksat edinýär. Agzalaryñ pikir alyşmalarynda ýüze çykyp biläýjek islendik düşünişmezlikler sebäpli kitapcy.com saýty jogapkärçilik çekmeýär.

Saýtda jynsparazlygy, milletçiligi, ildeşparazlygy, dini duşmançylygy öjükdirýän ýa-da beýleki agzalaryñ şahsy mertebesini kemsidiji, hapa-paýyş sözler ýazylan islendik blog, teswir duýduryşsyz öçürilýär. Mundan degerli netije çykarman, öñki bidüzgünçiligine dowam eden agza duýduryşsyz bloklanýar. Belli bir awtory, özüne ymykly kabul edip alan belli bir edebi lakamy-tahallusy (nikneýmler muña girmeýär) görkezilmedik anonim bloglary paýlaşmagam şuña girýär.
Saýtda paýlaşylan maglumatlary alnan çeşmesini we linkini görkezmek şerti bilen paýlaşmaga we ulanmaga rugsat berilýär.

Категория: Saýtyň täzelikleri | Просмотров: 87 | Добавил: Hаwеrаn | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 3
0
1 mango   [Материал]
Garaşylan, täzelenen düzgünnama.
Düşnükli.
Ýagny, meniň mangolygym edebi lakam-tahallus derejesinde däl-de diňe nikneým hasaplanany üçin men awtory özüm hökmünde hiç bir ýazgy goýup bilemok.
Ol düşnükli boldy, ýöne sorag çykýar: ady-sory belli bolan awtorlardan eden terjimelerimi goýup bilýänmikäm?

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Synanşyp gör.

0
3 mango   [Материал]
Synanyşdym.
Boldy.
Minnetdar.
—-
Özüme degişli ýazgylaram ýat bloglarda “kwartirant” ýaşadarynda.
Başga çäre ýok.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]