13:56
Sarygülüñ umra ugradan adamy

SARYGÜLÜÑ UMRA UGRADAN ADAMY

Ýurdumyzda syýasat her geçen gün öñküsinden has hereketlenýär.
Partiýa barsy gurulýar.
Ýurdumyzyñ şunça partiýa mätäçligi barmyka beri? Bu aýratyn gürrüñiñ temasy we sowalyñ iñ dogry jogaby saýlawlarda beriler.
Mustapa Sarygülüñ täze guran Türkiýäniñ Öwrülşik partiýasy (Türkiye Değişim Partisi - TDP) - TÖP.
Partiýanyñ baş binasy öññin Ankarada dabaraly ýagdaýda açyldy. Açylyşyñ yzyndan geçirilen ses berlişikde Sarygül elli gurujy agzanyñ biragyzdan sesini alyp partiýanyñ başlygy wezipesine saýlandy.
Partiýanyñ işiniñ başyny Atatürküñ mawzoleýini zyýarat etmegi we ýadygärlik kitabynda: “Atam, ogullaryñ bugün işe başlaýar” diýip ýazmagy ünsi çekdi.
TÖP-liler "Bu partiýa Türkiýäni özgertmek üçin guruldy" diýýär...

★★★

Birküç ýyl öñ Muş, Bingöl, Bitlis ýaly welaýatlarymyza gidip, şol ýerlere syýahat edipdim.
Syýahatda iñ ünsümi çeken zatlaryñ biri-de Mustapa Sarygüle bildirilýän içgin gyzyklanmady. Muny men hut öz gözüm bilen gördüm, şaýatlyk etdim…
Hiç ýadymdan çykanok… Bingölde garry ýaşulylaryñ biri “Çykalga Sarygülde…” diýýärdi, ýaşuly başga hiç bir syýasatçynyñ adyny tutmaýardy.
Men onuñ bilen gyzyklanyp:
- Adyñ näme, agam? Nireden gelýär bu Sarıgül söýgüsi?- diýip soradym.
Ýaşuly:
- Adym Abdylkerim… Sarygül meni we deñ-duşlarymy umra zyýaratyna ýollady. Ömrümiz ötinçä gidip bilmejek, görmek nesip etmejek mukaddes ýerleri şonuñ saýasynda gördük - diýdi.
Sarygülüñ birnäçe ýyllap Günorta-gündogar we Gündogar Anadoly sebitiniñ ilatyna şular ýaly çykdajy edip, goldap ýörendigini bilemokdym.
Sarygülüñ ady Anadoly welaýatlarynda dillerden düşenok.
Megerem, şindi ol "eken ekininiñ hasylyny almak" isleýär.
“Biziñ siýasatymtz söz däl - iş, dert däl - çäre, çykalga syýasatydyr” diýen Sarıgülüñ AKP häkimiýeti üçin aýdan sözi täsin:
- Bu häkimiýet ýadady, adrenalini gutardy… AKP indi düýnüñ gazeti, ömri paýawlady, ony indi hiç kim okamaýar!
Sarygül öz partiýasy hakynda-da şeýle diýýär:
“ - "Partiýañyz sagdamy, soldamy?" diýip soraýanlar bar. Jogabymyz anyk: "Sag-sol syýasatynyñ möwriti geçdi. Biz Türkiýäniñ syýasatyny ýöretmekçi.
Negözel ýurdumyzyñ birnäçe ugurda meselesi bokurdaga gelip diredi!
Işgär, işçi-daýhan, mugallym, talyp, lukman, inžener... kimi diñleseñiz, her gatlakdan perýatlar asmana göterildi.
Yzly-yzyna bahalaryñ galyp durandygy sebäpli öýlerde gazanlaryñ gulagy gyzanok.
Işewürleriñ umydy gutardy, ýaşlar işsizlikden kösenýär...
Ýurtda her dürli haksyzlyk, adalatsyzlyk ýetjek derejesine ýeten bolsa, howp zañlarynyñ çalynýandygyny añladýar.
Eýse biz ullakan ýurduñ biçärelige tarap iterilmegine tomaşa edip oñmalymy?
Dertlere çäre gözlemek üçin ýola çykdyk.
TÖP Türkiýäniñ öñüne täze ýol arçar, gutarañkyrlan umytlar täzeden şinelär!”

▪︎ Henek: SOSIAL ADALAT DIÝILÝÄNI...

Häkimiýet gatlagynda “Reformalardan we sosial adalat” sözlerini dilinden düşürmeýänler diýseñ kän!
Elbetde, “adalat” ýaly ajaýyp söz barmy näme… Emma, olaryñ adalata bolan garaýyşlary nähilikä?
Aşakda gürrüñ berjek tymsalymyz muny diýseñ gowy aýdyp berse gerek.
Ýolbars, eşek, tilki awa çykypdyr we bir keýik awlapdyr.
Ýolbars:
- Şuny adalatly şekilde üleşiñ - diýip, buýrupdyr.
Eşek awy üç deñ bölege bölüpdir, hemmäniñ paýyny beripdir, ýöne ýolbars muny halaman hyñranypdyr:
- Hany meniñ ýolbars paýym?
Eşek şirin janyndan jyda düşjek bolup duranyny añşyrman:
- O nämäniñ ýolbars paýy? - diýipdir.
Ýolbars gahary ýetjek derejesine çykýar, ol bir topulanda eşek görgülini bölek-bölek edip, tilkä tarap öwrülipdir:
- Hany, sen paýla.
Tilki:
- Goýaweri, tagsyr - diýipdir. - Siziñ bar ýeriñizde paý bormy? Alyñ, hemmesi siziñki, noş bolsun!
Ýolbars geñ galypdyr:
- Sen bular ýaly adyl üleşigi nireden öwrendiñ?
Tilki jansyz ýatan eşegiñ maslygyny görkezip:
- Eşegiñ başyna inenlerden öwrendim - diýipdir. - Munuñ adyna-da sosial adalat diýýärler!

▪︎ GÜNÜÑ SÖZI

Hak, adalat we deñlik ýaly ýörelgeler güýçlüleriñ piñine-de däldir!

Rahmi TURAN.

"SÖZCÜ" gazeti, 23.12.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 78 | Добавил: Gökböri | Теги: Rahmi Turan | Рейтинг: 1.0/1
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]