22:39
Saryçyrmaşyk
SARYÇYRMAŞYK

Gör nähili myrtar saryçyrmaşyk,
Ekinleri baýnadanok çyrmaşyp.

Onuñ bar öserni kerep deý örter,
Şeýdip ösjek zadyñ ösüşin kerter.

Meñzär seçek-seçek sary sapaga,
Kesek salan ýaly salyp sapana

Ýerde-ýurtda goýman gaýdyrsañ ony,
Şonda-da günleriñ ýene bir güni

Sen haýran edip ol sary çypar,
Sary içýan bolup alnyñdan çykar.

Ýöne takyr ýere urmaz köküni,
Ösümlik, ekine atar ýüküni.

Onuñ özi üçin össe bolany,
Ekinleriñ saralany-solany

Piñine däl, gitdigiçe ýaýrar ol,
Ekinde-de iñ gowusyn saýlar ol.

Ýap-ýaşyl ýapragam samandyr onsoñ,
Başga ýerden çykar bir ýerden ýolsañ.

Ekiniñ tenine temen dek çümer,
Ýuwaş-ýuwaş şeýdip süññüne sümer.

Galtaşdygy her baldagy ýarar ol.
Ösümligi sülük bolup sorar ol...

Nebsijeñler misli saryçyrmaşyk,
Bizi iýip barýar olar çyrmaşyp...

Sapar ÖRÄÝEW.

"Sowet edebiýaty" žurnaly, 1987 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 37 | Добавил: Haweran | Теги: Sapar Öräýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Kakama / Goşgular - 26.01.2021
Под лаской плюшевого пледа… / Goşgular - 08.04.2021
Конекесир мой! / Goşgular - 19.03.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Talyp haky alynýan gün / Goşgular - 01.03.2021
Ýaş ölümiň ünjüsi / Goşgular - 23.05.2021
Owadan geline / Goşgular - 16.03.2021
Dilber / Goşgular - 28.05.2021
Şahyra / Goşgular - 31.05.2021



Всего комментариев: 1
0
Hmm. Dogry aydýañ. Iýip baryarlar. Senem aýlyjagyñ bilen zordan ol aydan ol aýa yetmegiñ aladasynda

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]