11:00
Sarpa
SARPA

Buýsanyp gez ataña,
Guwanyp gez eneñe.
Al atañy arkaña,
Eneñi-de egniñe.

Belent dünýäñ ýüzünde
Ol adamlañ sarpasy.
Olar seniñ daýanjyñ,
Sen olaryñ arkasy.

Akyl ýetir kän zada,
Bölünensiñ ýürekden.
Añsat aýrylýan däldir
Syna birek-birekden.

Goý, sarsdyrsyn göwräñi
Atañ ýürek urgusy.
Siñsin onki synaña,
Bolup buýsanç urbasy.

Ene mähir gabydyr,
Sen ony göter egne.
Baş eg onuñ öňünde,
Daş taşlama etegne.

Şyhmyrat ABDYLLAÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 437 | Добавил: Gurban | Теги: Şyhymyrat Abdyllaýew | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Березка в Освенциме / Goşgular - 22.02.2022
Aglama diýme / Goşgular - 26.01.2022
Handurdy (Han däde) Jumadurdyýewiñ 50 ýaşynyñ toýuna / Goşgular - 22.02.2022
Salam, gussam! / Goşgular - 20.02.2022
Waspnama / Goşgular - 16.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
"Их-то Господь — вон какой!" / Goşgular - 15.02.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
Bagban / Goşgular - 22.02.2022
Снегопад / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Gumlygelin   [Материал]
Sadalyk bilen ene-atañ gadyr -gymmatyny beýan edipdir...

0
1 Garayolly   [Материал]
Gurban,sag bol,inim.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]