21:51
Sarp bolup gutardym, sygnyp gutardym...
SARP BOLUP GUTARDYM, SYGNYP GUTARDYM...

Sarp bolup gutardym, sygnyp gutardym,
Gözümi perdelän ham-hyýallara.
Mähribanym, meni nädip atardyň,
Beýle betbagtlyga, beýle ýollara?

Pikirlem Çingiziň düýşi deý gorkunç,
Şübheden ot alýan, şulmy ýa dowzah?!
Meni halas eder Ýerde haýsy künç,
Gutularyn ugrum hanjaga sowsam?!

Ýüregim ýaraty, täleýim ýarty,
Haýsy girdap meniň ýarymy soran?
Kim ol gözlerimden ogurlan bagty?
Indi bu ömür däl, indi bu sorag.

Jogaby — jezam meň, çeken jebrim meň,
Tükenmez ahmyr ol içimde dörän.
Biz duşupdyk Ýaradanyň emrinden,
Indem aýryldyk seň islegňe görä.

Mätgurban MÄTGURBANOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 55 | Добавил: Aksary | Теги: Mätgurban Mätgurbanow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Бессмертие / Goşgular - 17.02.2022
Все повторяется / Goşgular - 19.02.2022
Ugurtapyjy towşan / Goşgular - 04.01.2022
Aglak gyzyň aýdymy / Goşgular - 14.02.2022
Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022
Ukudan oýanmak ýa-da Jentlmene telegramma / Goşgular - 23.02.2022
Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022
Стихи / Goşgular - 25.02.2022
Дачный роман / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]