05:35
Sapak
SAPAK

Kä hepdede, käte günde
Giderdik biz enemlere.
Atam asla gürlemezdi,
Alçagrakdy enem ýene.

Oturandyr egrip i:gin,
Hiç zada janyn ýakmazdy.
I:k müň galar,
Müň bir i:nip,
Enemden bir söz çykmazdy.

...Eje-kakamyz öwretdi
"SÖZ" diýen PÄK GYMMATLYGY.
Ene-atamyzdan bolsa
Öwrendik biz DYMMAKLYGY.

Suraý BABANYÝAZOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.3/3
Всего комментариев: 8
0
8 Mähriban   [Материал]
Okaýandygyňyz we seslenýändigiňiz üçin köp-köp sag boluň! Taňryýalkasyn!

0
7 Bagabat   [Материал]
Oturandyr egrip i:gin,
Hiç zada janyn ýakmazdy.
I:k müň galar,
Müň bir i:nip,
Enemden bir söz çykmazdy.

Üýtgeşik janly sahna bolupdyr. Aleksandr Blogyň şunsyny ýada saldy:

Ночь, улица, фонарь, аптека,
Бессмысленный и тусклый свет.
Живи еще хоть четверть века —
Всё будет так. Исхода нет.

Ýene-de şunsyny:

Черный вечер.
Белый снег.
Ветер, ветер!
На ногах не стоит человек.
Ветер, ветер —
На всем божьем свете!

Minnetdar. Üstünlikler.

0
6 menliasyrowa91   [Материал]
Gözel ýatlamalary oýardyñ,Sagbol,Suraý!

0
5 Gumlygelin   [Материал]
Ajaýyp...juda gowja bolupdyr.Menem enemi ýatladym-:).Ýöne,biziñki tersine-:).

0
4 Hаwеrаn   [Материал]
Ne artykmaç ýeri, ne görkezere kemi bar. Gowy goşgy.

2
3 Nurdan   [Материал]
Goşgy Enemi ýatlatdy, erteki aýdyp bererdi, mähremdi, dymmaly ýerinde dymsa-da, agraslygy ýetik bolsa-da, hamrakdy. Atamy, mamamy, babamy göremok. Enem welin igem egirerdi, ýumagam sarardy, bizem oña öýkünip ýüñ darap pişge ýasardyk, keçe salsa "güllerini" goýuşardyk. Daşyna üýşüp ertekilerini diñlärdik.. Namaz okasa gapdalynda ýaglyjak ýazyp hereketlerini gaýtalap "namaz" okardyk.. Jaýy jennet den bolsun..

0
2 Revo   [Материал]
Jemleme ajaýyp bolupdyr. Ilki gürlemäni öwreden eje - kaka we özleriniň agraslygy we azsözligi bilen dymmaklygy öwreden ene - ata. "Mollanyň edenini etmede, aýdanyny et" diýilsede, çaga özüniň eje - kakasynyň, ene - atasynyň diýenine gulak assada, görenini (edenlerini) gaýtalamak bilen bolýar. Ýöne şu jemleme ýomut gardaşlarymyz üçinä kynyrak gelse gerek. :)
Ýomutlarda:
Eje - kaka / Näne - däde
Ene - ata / Eje - kaka
Mama - baba / Ene - ata.

0
1 mango   [Материал]
Babamy, mamamy ýatlatdy.
Babamdan çekinerdim, salam berersiň, olam salamyňy alyp mährini görkezmezdi, derrew ýanyndan ugradardy…. Saçyňyz ösgün diýip halamazdy (ösgün saçy halamazdy).
Onsoň mamamyň ýanyna barardyk.. gowy aýaldy, hökman lenin kelleli demir 1 рубль bererdi…. Pul bereni üçin gowy aýal diýemok, onsuzam ýüzünden nur ýagýardy, adamy gynandyrmazdy…
Olam bize sapak beren eken… ýaşaýy’y bilen sapak berdi…
Ruhlary şat bolsun.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]