18:17
Saña duşup...
SAÑA DUŞUP...

Men söýginiñ gözleginde,
gözleriñe duçar boldum.
Öñler-ä ot ýaly gyzdym,
yşka köýen naçar boldum.

Ahwalymy bilmän-bilmän,
Şu güne çen gülmän-gülmän,
Indi ökde gülek boldum,
Bir kesirdim, gyñyrdym-da,
Maña duşup, oñardyñ-da,
Baý-baý, indi bir mysapyr,
Bir mylaýym melek boldum.

Seniñ üçin dünýe bir ýan,
ýeke özümem bir ýan boldum.
juda-juda bagtlykamam,
gussalardan girýan boldum.
Men görgüljik saña duşup,
gamly düýşler görýän boldum.

Ellerimden tutjak çagyñ:
"Ýok" diýsemem gaýta-gaýta,
Göwünjeñem boldum men.
Joralarmyñ ýanynda sen hakynda aýda-aýda,
Öwünjeñem boldum men.

Öýkeläñde, ýalbaryplar dyza çökdüñ,
Hakyky şagyzy boldum...
Şeýde-şeýde yrdyñ meni,
Şeýdip saña razy boldum.


Gülnabat BEGENJOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 75 | Добавил: Haweran | Теги: Gülnabat Begenjowa | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Biz hakda / Goşgular - 08.02.2021
Halturaçy we okyjy / Goşgular - 05.04.2021
"Kiçeltmedim, kiçeltdiler..." / Goşgular - 01.04.2021
Tymsal / Goşgular - 14.01.2021
Akademik / Goşgular - 04.02.2021
Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
Kemalyma... / Goşgular - 09.01.2021
O ne beýle? / Goşgular - 12.02.2021
Ahyrzaman bolar / Goşgular - 13.01.2021
1937 / Goşgular - 05.04.2021



Всего комментариев: 4
0
4 Mähriban   [Материал]
Gülnabadyň goşgulary ýürekden çykýar. Olaram Gülnabadyň özi okaýsa... Tüweleme!

0
3 mango   [Материал]
Öýkeläñde, ýalbaryplar dyza çökdüñ,
Hakyky şagyzy boldum...

"öýkelämde" bolmalymyka?
----
adminlere.
suratlar bir standarta salynsa gowy bolar.
suratlar köplenç gorizontal goýulsa, razmeri maksimum 500-350 piksel.
---
hemmelere üstünlikler.

0
Yes of course

0
1 Allanazar   [Материал]
Oňat goşgy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]