20:25
Saña duşan günüm
SAÑA DUŞAN GÜNÜM

Ykbalymyñ gülüp bakan günüdi,
Saña duşan günüm.
Şonda sen hakdaky arzuwlarymyñ
Amala aşan güni.

Ak penjegin geýip töwerek-daşym,
Garyñ ýere düşen güni
Gaplap alyp sen hakdaky pikirler,
Ýüregimiñ joşan güni.

Ine, şeýdip meniñ ýörän ýollarma,
Gyzyl güller düşän günüñ.
Ýatdan çykmaz bile basyp gadamy
Ädimimi goşan günüm.

Meñli AŞYROWA,
Atamyrat etraby.

"Nesil" gazeti, 2008 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 117 | Добавил: Haweran | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Заморозки / Goşgular - 24.01.2022
Bagyşla / Goşgular - 14.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
Goşgular / Goşgular - 17.01.2022
Gyz arzuwy / Goşgular - 16.01.2022
"Diýýärler agydyr ölüm bezegi..." / Goşgular - 28.01.2022
Käşgä gidip bolsa... / Goşgular - 25.01.2022
Pursat / Goşgular - 20.01.2022
Meň arzuwym - Sen / Goşgular - 20.01.2022
Aglama diýme / Goşgular - 26.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Perо   [Материал]
Aýaldogan, şol 10 ýylyñ içinde Çarşaññyda hem ýaşap ýetişdik. Pursat döräni üçin aýdaýaýyn, lebaply mugallymlarymdan (esasan, Gözel Bazarownadan), klasdaşlamdan, umuman ildeşlerden köp razy. Köp gowy ýatlamalar galdy. Olary Tañryýalkasyn!

0
1 Nurdan   [Материал]
Meñliñ dädesi harby ofiser bolansoñ on ýyllap Lebap welaýatynyñ Atamyrat etrabynda ýaşamaly bolupdyrlar, soñ öz dogduk mekanlaryna - Garrygala gaýdyp gelipdirler. Bu goşgy hem şol ýyllar ýazylan bolmaly, Atamyrat etraby diýip duran eken.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]