09:56
Saña
SAÑA

Sen gideñsoñ ýyldyzlar hem öçdüler,
Gara bulutlar hem garşyma çykdy.
Göýä aý hem menden närazy ýaly,
Bulut añyrsynda gaşyny çytdy.

Bu gije mylaýym şemal öwsenok,
Bu ümsümlik menden seni soraýar.
Olara sen hakda gürrüñ berýärin,
Hemem seniñ ýatlamañy goraýan.

Diýýärler: "Gidenler dolanmaz asla"
İndi sen meñ üçin diñe "giden"-mi?
Yok, men dolanjagñy duýýaryn hemem,
Bilýän seniñ gelmek üçin gidenñi.

Gitmegiñe sebäp ýoklugyn bilýän,
Emma gelmegiñe men sebäp bo:run.
Günüñe goýmazlar ol ýatlamalar,
Düşünersiñ menligime señ ýoluñ,
Goluñ uzadarsyñ sen maña tarap,
Hem wada berersiñ bagtly bolmagy.
İntizar gözlerme bakyp diýersiñ:
"Arzuwmyzy unutmaly bolmaly".

Menem ýene özüm hakda, sen hakda,
Hemem bagtym hakda durman ýazaryn.
Ylham alaryn men ol tylla güýzden
Ylhamlanyşy deý Gurbannazaryñ.

Aýsapar EMELOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 74 | Добавил: Tumarly | Теги: Aýsapar Emelowa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Yşgyñ sungaty / Goşgular - 11.02.2021
Şahyra / Goşgular - 31.05.2021
...Göwnüm gaçdy / Goşgular - 24.03.2021
Gijara / Goşgular - 11.02.2021
Wesýet / Goşgular - 22.10.2021
Ýeňil goşgy / Goşgular - 20.03.2021
"Ýene men daglara şaýlandym bu gün..." / Goşgular - 08.02.2021
Ýa Sendendir, ýa Mendendir! / Goşgular - 26.03.2021
Karar / Goşgular - 24.03.2021
Ýaşlyk ýüzüp gitdi balyk mysaly / Goşgular - 19.03.2021



Всего комментариев: 2
0
2 Aksary   [Материал]
Sen gideñsoñ ýyldyzlar hem öçdüler,
Birinji setirde meniñ pikirimçe HEM sözüni ulanmaly däl öýtýän,WE diýen ýaly birzat.

0
1 Allanazar   [Материал]
Oňat goşgy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]