02:13
Salawmaleýkim
SALAWMALEÝKIM

Säherdir turýan wagtym,
Turdum-da çyra ýakdym.
Çykdym, asmana bakdym,
Asman, salawmaleýkim!

Çaşan daşy daşynda,
Lemmer bulut başynda,
Bilmen näçe ýaşynda,
Daglar, salawmaleýkim!

Tomsuñ ýaşyl galasy,
Janly-jandar penasy,
Guş diliniñ senasy,
Baglar, salawmaleýkim!

Beýik-peslere uçran,
Arkasyna ýag syçran,
Ugry wysal ýa hijran,
Ýollar, salawmaleýkim!

Göwnümde ýokdur güman,
Açyldy gowy zaman,
Ördüñizmi sag-aman,
Iller, salawmaleýkim!

Garañky gözden gaýyp,
Gün dogdy altyn çaýyp,
Töwerek-daş ajaýyp,
Dünýä, salawmaleýkim!

Ýusup HAÝYDOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 56 | Добавил: Haweran | Теги: Ýusup Haýydow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Sen maňa dymma diýme!.. / Goşgular - 10.02.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Taк / Goşgular - 04.04.2021
Ýokarky gatdan seredilip ýazylan goşgy / Goşgular - 11.02.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021
Ýazha-ýaz! / Goşgular - 05.06.2021
Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Söýün aga / Goşgular - 29.05.2021
Men ýigrenip bilemok / Goşgular - 05.11.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Tumarly   [Материал]
Gowy goşgy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]