18:09
"Şalar şasy" Pehlewiniñ beýgelişiniñ we ýykylyşynyñ nyşany: Haý-haýly Persepolis seremoniýasy
"ŞALAR ŞASY" PEHLEWINIÑ BEÝGELIŞINIÑ WE ÝYKYLYŞYNYÑ NYŞANY: HAÝ-HAÝLY PERSEPOLIS SEREMONIÝASY

2021-nji ýylyñ 16-njy ýanwarynda Muhammet Ryza şa Pehlewiniñ tagtyny-täjini taşlap sürgüne gidenine kyrk iki ýyl dolýar.

Ýatlatma babyndan Eýran şasy Muhammet Ryza Pehlewi we onuñ agalygy hakynda gysgaça maglumat bereliñ:
1919-njy ýylyñ 26-njy oktýabrynda Tähranda doguldy. Müsüriñ paýtagty Kairde sürgünde ýaşap ýörkä 1980-nji ýylyñ 27-nji iýulynda aradan çykdy.
1941-1979-njy ýyllar aralygynda otuz sekiz ýyllap ýurduny demir ýumruk bilen dolandyrdy. Amerikanlara arkalanyp berkiden häkimiýetini "agalarynyñ" aýdan-diýenlerine ugurdaş - yzagalak daşary syýasaty ýöretdi.
Çendenaşa pars milletçisi bolandygy sebäpli birmahalky pers imperatorlary ýaly Ýakyn Gündogara, aýratynam Pars aýlagynyñ ýurtlary saýylýan Yraga, Kuweýte, Bahreýne, Birleşen Arap Emirliklerine, Saud Arabystanyna, Omana, Ýemene höküm etmegiñ kül-külündedi.
Şeýle-de Siriýanyñ, Liwanyñ, Azerbaýjanyñ, Täjigistanyñ, Päkistanyñ, Owganystanyñ, Hindistanyñ şaýy gatlaklarynyñ üsti bilen öz agzyna gulak asýan regionlary döretmegiñ tagallasyny edýärdi.
1967-nji ýylyñ 30-njy oktýabrynda özüni "Şahynşah" ("Şalaryñ şasy"), aýaly Farah Dibany-da "Şahbanu" (melike) yglan edip, täç geýme dabarasyny geçirdi.
Şol döwürde döwlet apparaty harby we raýat býurokratiýasy bilen halk arasynda ulanmak maksady bilen "Saýeh-e Hoda" ("Allanyñ ýer ýüzündäki saýasy") titulynyñ ýaýramagy üçin dürli resmi şüweleñleri we jemgyýetçilik çärelerini gurnady.
Nobat bu "şalar şasynyñ" adyny titulyny dosta-duşmana yglan edip kanunylaşdyrma meselesine gelipdi. Pehlewiniñ höwes edýän hökümdary Ahamenitler imperiýasynyñ gurujysy Beýik Kirdi (Kiros, Kuruş).
Kiriñ mysalynda pers hökümdarlaryna mynasyp ýagdaýda at-owazaly dabaraly çäre geçirmegi meýilleşdirýärdi.
Ol bu pursaty dört ýyldan soñ tutubildi. Pers imperiýasynyñ gurulyşynyñ 2500-nji ýyly 1971-nji ýylyñ 12-nji oktýabryna düşýärdi.
Birnäçe ýyl öñünden buýruk berşi ýaly: "Pers-eýran şalarynyñ 2500-nji ýubileý ýylyny bellemek dabaralary" gurnalmalydy.
Şu mynasybetlu hem öz şalygyna (imperator tutulyna) taryhy kanunalaýyklyk gazandyryp biljekdi hem-de dünýäniñ ähli ýurdundan diýen ýaly döwlet ýolbaşçylaryndan (prezident, hökümdar, patyşa we ş.m.) ýokardadygyny subut edip biljekdi.
Şanyñ pikirine görä Eýran "global güýç" bolma ýolunda gülläp ösýärdi. Modernleşme we ýaraglanma syýasatyna üns berildi. Birtopar sosial-ykdysady we syýasy reformalary öz içine alýan "Ak ynkylap" maksatnamasyny zorluk bilen durmuşa geçirdi.
Aslynda bu reforma hereketi modern kapitalistik önümçiligiñ we bazar ykdysadyýetiniñ öñüne böwet bolýan feodal gurluşy üýtgetmek üçin ädilen ädimlerdi.
Uly kapital synpynyñ peýdasyna bolan bu hemleler "Bazaari" diýilýän tradision söwdagär synpy bilen häkimiýetiñ arasyna tow düşürdi.
Şa maşgalasynyñ we dolandyryş apparatynyñ eden-etdilikleri, korrupsiýa ýetjek derejesine ýetipdi. Elhençlik ýagdyrýan SAVAK gizlin gullugynyñ üsti bilen girizilýän gadagançylyklaryñ, gysyşlaryñ, zulumlaryñ öñi-ardy görünmeýärdi.
Şaha garaşly "Rastahiz" ("Direliş") partiýasyndan başga ähli syýasy partiýalaryñ işi gadagan edildi. "Bir diktator, bir partiýa, aşa isripçilik we korrupsiýa" döwri başlady.
Hut şonuñ üçinem şa çetleşdirilen şaýy ulamalary bilen eksplutatirlenen zähmetkeş synplaryñ goldawyny ýitirdi.
Öñem işi gadagan edilen liberal, demokrat, sosialist oppozisioner toparlaryñ çyrasyna ýag damdyrdy we nägilelikler ýüze çykyp başlady.
Aýratynam 1977-nji ýyldan bäri bir tarapdan marksist "Halkyñ pidaýylary", beýleki bir tarapdan Dr. Ali Şeriatiniñ radikal pikirlerinden täsirlenen "ynkylapçy yslam garaýşyny" halk içinde ýaýratmaga jan edýän on müñlerçe şaýy molla bilen "Halkyñ mojahetleri" guramasy ýaragly göreşiñ taýýarlygyny görmäge başlapdylar.
Käbir kürt hereketleri-de 1946-njy ýylda gurulyp, kän wagt geçmänkä Pehlewiniñ goşuny tarapyndan ýykylan Mahabad Kürdüstan respublikasyna meñzeş özbaşdaklygy almagyñ ugruna düşdi.
1978-nji ýylyñ ýanwar aýynda häkimiýetiñ golastyndaky gazetleriñ biri öñden bäri şaha garşy gidýändigi sebäpli Türkiýede, Yrakda, Fransiýada sürgünlikde ýaşan Aýatolla Ruhulla Homeýnini ýazgaryp makala çap etdi.
Munuñ netijesinde Eýranyñ iñ möhüm dini-ruhany merkezi bolan Kum şäherinde protestler başlady. Arakesmeler bilen dowam eden nägileçilikli çykyşlar barha güýjedi. Şonuñ üçinem 1978-nji ýylyñ sentýabrynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.
Jemgyýetçiligiñ tebil tapynmagy baş-başdaklygy we köpçülikleýin tolgunşygy ýetjek derejesine ýetirdi, bularyñ soñy rewolýusion herekete öwrüldi. Muhammet Ryza şa Pehlewi 1979-njy ýylyñ 16-njy ýanwarynda Eýrandan gaçyp gitmäge mejbur boldy.
Şany iñ köp goldan we onuñam öz gezeginde uly umyt bilen bil baglan Amerikasy ony emigrant hökmünde-de kabul etmedi.
Ýaranlaryndan Müsüriñ döwlet ýolbaşçysy Enwer Sedatyñ çakylygy bilen şa we onuñ maşgalasy Kaire galmaly boldy.
Has soñra Marokko, Bagam adalaryna, Meksika, ABŞ-na (pankreas düwnüginiñ bejergisi üçin) gitdi we Panamada galan Muhammet Ryza Pehlewini ýakyn dosty Enwer Sedat çagyryp duransoñ, ikilenç Müsüriñ paýtagty Kaire dolanyp geldi. Kän wagt geçmänkä-de, şol ýerde aradan çykdy.
Şa Pehlewi üç gezek öýlendi. 1939-njy ýylda Müsüriñ patyşasy Fuat I-iñ 18 ýaşly gyz jigisi Fewziýäni aldy.
Amerikan kontrrazwedka gullugy MRU-nyñ (CIA) taryhy habarnamasynda habar berilmegine görä, bu nika ýaş çatynjalaryñ ikisiniñem patyşa kakalary tarapyndan meýilleşdirilen syýasy bähbitden ybaratdy.
Sünni ynançly melike Fewziýe bilen şaýy ynançly Pehlewiniñ nikasy sebitdäki iki patyşalygy Ýakyn Gündogarda güýçlendirmegi maksat edinipdi.
Dünýä kino sungatynyñ aktrisalaryndan Wiwýen Li, Jin Tirni, Hed Lamarr daga meñzedilen we hakykatdanam uçursyz owadanlygy bilen haýran galdyrýan melike oglan dogrup bilmändigi we beýleki sebäpler bilen (Eýranyñ howa şertlerine öwrenşip bilmän kesellemegi, şanyñ başga aýal-gyzlar bilen Gülüstan köşgünde wagtyny geçirmegi ýaly) şowsuz maşgala durmuşyny başdan geçirdi.
Şonuñ üçin ol Bagdatda amerikan psihiatristi tarapyndan psihiki bejergi aldy.
1945-nji ýylda ýurdy Müsüre dolanan Fewziýe şa bilen aýrylyşdy. Eýran muny kabul etmedi.
Emma Fewziýe kakasynyñ öýünde gaýtadan melike tutulyny alyp, 1949-njy ýylda patyşa kakasynyñ kömekçisi, asly çerkez diplomat Ysmaýyl Şirine durmuşa çykdy.
Şanyñ ikinji aýaly Süreýýa Esfendiyaridir. Ol bahtiýariler diýip tanalýan etniki toparyñ begzadalaryndan we Eýranyñ Günbatar Germaniýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Halil Esfendiýariniñ gyzydyr.
1951-nji ýylda gyýlan nika çaga Süreýýanyñ çagasynyñ bolmaýandygy sebäpli bozulmaly boldy. Süreýýa köşkden uzaklaşdyryldy. Ol "Mahzun gözli melike" lakamy bilen tanalypdyr.
1959-njy ýylda Eýranyñ Howa güýçlerinde gulluk edýän asly azerbaýjan Suhrab Dibanyñ gyzy Farahy alyp, üçünji gezek öýlendi.
Iki gyzy, iki oglany dünýä inderen Farah Pehlewi - hem melike hem imperatrissa (Şahbanu) titulyny aldy.
Farah Diba sürgünde Waşingtonda we Parižde ýaşamaga başlady. Şol ikiarada gyzy Leýla geroin ulananda, dozasy artyk düşüp ýogaldy. Körpe ogly Aly Ryza bolsa özüni atyp öldürdi.
Uly ogly Ryza Pehlewi özüne "Eýranyñ hökümdary" adyny berdi. Ol 2014-nji ýylda ABŞ-da guran teleradioýaýlymy arkaly häzirki eýran hökümetine garşy çykyş edip, häzirem şalyk dawasyny edýär.
Biz gaýtadan Muhammet Ryza şa Pehlewiniñ agdarylmazdan öñ geçiren şol haý-haýly şüweleñiniñ gürrüñine dolanalyñ.
"Mecra" atly saýtda paýlaşylan "Şanyñ soñky tangosy" makalasy şol dabaraly çäräni ähli jikme-jiklikleri bilen gürrüñ berýär.
Awtoryñ esasy peýdalanan çeşmesi "BBC" teleýaýlymynyñ (Channel 4) 2016-njy ýylda taýýarlan "Decadance and Downfall: The Shah of Iran's Ultimate Party" ("Yza gaýdyş we çöküş: Eýran şasynyñ jemleýji şagalañy" atly dokumental filmidir.
Şeýle-de "Lonely Planet" neşirýatynyñ çap eden "Farsi (Persian) Phrasebook & Dictionary" kitabyndan-da peýdalanyldy.
Dokumental filmde şa bilen aýaly Şahbanu Farahdan başga-da, Şahbanunyñ nedimesinden şüweleñde hyzmat eden garsonlara çenli, myhmanlardan habar beriş serişdeleriniñ işgärlerine çenli dabaranyñ köp sanly şaýady bilen gürrüñdeşlikler bar.
Biz barada aýdanda: köp sanly çeşmeleriñ ýany bilen bile maglumatlarymyzy Liwanda çykýan "El Ahbar" gazetiniñ 2020-nji ýylyñ 27-nji noýabryndaky sanynda çap edilen "Şanyñ soñky şüweleñi" makalasyndan aldyk.
Mundan soñ güýç-kuwwatyny ýetjek derejesine ýetendir öýden Muhammet Ryza şa Pehlewi 1971-nji ýylyñ 12-nji oktýabrynda geçirmegi meýilleşdiren "Pers şalarynyñ 2500-nji ýubileý ýylyñ çärelerini" gurnamak üçin iñ ynanýan wepaly adamy we syrdaşy saýylýan Esedullah Alemi belledi.
Asly Biržand şäherinden, begzada maşgalasynda doglan Esedullah Alem Ýewropada ýokary bilim alyp gelensoñ, 1960-njy ýyllardan başlap döwletiñ jogapkärli wezipelerinde (premýer-ministr, köşk işlerine jogapkär döwlet ministri, Pehlewi uniwersitetiniñ rektory, Sistanyñ we Bulujystanyñ häkimi) işledi. Ol özüne ynanylan medeni çäräni abraý bilen sowmagyñ aladasy bilen ýeñini çyzgap işe girişdi.
Onuñ ýazan "The Shah and I" ("Şa we men") kitaby dokuz ýyllap şa bilen geçirilen duşuşyklarda gepleşikleriñ arka tarapyna goşmaça çeşme hökmünde - köşkde bolup geçýän syrlardyr pyrryldaklar hakda ýaşyryn ýazylan iñ gowy gündelikdir.
Käbirleri bu kitaba "ylmy-fantastiki žanryna degişli üýşendiriji sosial maglumat" hökmünde garaýar. Gündelikde şanyñ dillere dessan bolan şol täç geýme dabarasynyñ hem perde arkasy gürrüñ berilýär.
Esedulla Alem birnäçe ýyllap gijesini gündiz edip şol giñ gerimli medeni çärä taýýarlyk işleri bilen güýmendi ýördi. Şertnama baglaşylan şereketler iñ bir ownuk detalyñ üstünde-de jedelleşdi.
Şany begendirmek maksady bilen şereketiñ jogapkär işgärlerini bir ýere jemläp, ultimatum häsiýetli duýduryşlary berdi:
"Şertnamanyñ şertlerinde bellenilen borçlaryñyzy iñ ownuk detalyna çenli ýerine ýetirmeseñiz, walla, ant içýärin, hemmäñizi hatara goýup mañlaýyñyzdan ot açaryn, yzyndanam şol sapança bilen özümi ataryn!"
Şa bu medeni çäre üçin gaznanyñ agzyny açdy: hiç bir çykdajydan gaçylmady.
Bu isripçilik eýran halkynyñ arasynda şa režiminiñ garşysyna her dürli gep-gürrüñleri döretdi. Medeni çärä "Şeýtanlaryñ şagalañy" diýen Aýatolla Homeýni ýaly birgiden şaýy mollalaryñ nägileligi artdy.
Munuñ tolgunşygyñ birinju etabyny döredendigini aýtmak ýalñyş bolmasa gerek.
Haý-haýly şagalañ üçin saýlanyp alynan ýerem gyzgyn çekişmeleriñ temasy boldy: Şanyñ idoly saýýan imperator Kiriñ jümle-jahana yglan eden hökümdarlygynyñ beýgelendigini jar edýän Persepolis şäheri.
Şiraz şäheriniñ 70 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän bu şäher şol bir wagtyñ özünde Ahamenit (pers) imperiýasynyñ hem paýtagtydyr.
Şäher b.e.öñki VI asyryñ soñlarynda pers patyşasy Dariý I tarapyndan gurlupdyr. Serhas (Xerxes) we Artakserkses (Ardaşir) atly iki patyşa bolsa, şäheri ulaldyp, dürli memorial binalar bilen doldurypdyr.
Ol ýerde ýerleşýän we dikeldilen hemme zat simwolikidir hem-de taryhy ähmiýete eýedir.
Ýokarda sanalýan sebäpler üçin Parsa harabalygy (grekçe Persepolis) medeni çäräni geçirmäge iñ amatly ýer hökmünde saýlanyp alyndy.
Bu ýer ýüzlerçe ýyllap ýalazy meýdanda galandygy sebäpli ýaşalýan ýer bolmakdan galyp, diñe turistleriñ gelip-gidýän meşhur haraba şäheri bolup galypdy. Häzir ol ýere "Teht-e Jemşid" diýilýär.
Esedullah Alemiñ görkezmesi bilen sebiti gözden geçiren medeni çärä jogapkär komitetiñ agzasy Abdylryza Ensary "Teht-e Jemşidde" we onuñ töwereginde ýylan-içýanlaryñ köpdügini başlygynyñ dykgatyna ýetirdi.
Esedullah ugurtapyjylygy bilen iki müşgili-de birden aşdy. Birinji gezekde 30 km meýdana her dürli zäherli süýrenijilerden (içýan, ýylan ýaly) we beýleki mör-möjeklerden arassalanar ýaly uçarlar arkaly derman sepildi.
Netijede uly ýük maşynyny dolduryp duran öli ýylan-içýanyñ maslygy toplandy. Persepolisi täzeden janlandyryp biljek terzde gurluşyk maksatnamasy işlenip düzüldi.
Fransuz arhitektorlarynyñ gözegçiliginde jemi 50 çadyr we göçme otag guruldy. Şu maksat bilen Fransiýadan 40 TIR-y we 100 ýük uçaryny dolduryp duran gerekli zatlar getirildi.
Patyşalary garşylap biljek özboluşly otaglar bilen birlikde çadyr şäher guruldy. Bu hususda Angliýanyñ koroly Genri VIII-iñ 1520-nji ýylda Fransiýanyñ koroly Françous I-a myhman bolanda gurduran çadyr düzgüninden peýdalanyldy.
Açyk meýdanda iki hatar edip on-ondan gurlan çadyrlarda myhmanlaryñ garşylanjak ýerleri taýýarlandy. Ýüzi hemme ugra bakdyrylyp gurlan çadyrlar ýokardan seredilende ýyldyza meñzeş görnüş berýärdi.
Diñe çadyr şäheriñ gurluşy ýyla çekdi we tegelek 37 km uzynlykda ýüpek matalar ulanyldy. 68 metr uzynlykdaky "Myhman otagy çadyry" 125 sany tikinçi aýal-gyzyñ alty aýlyk zähmetiniñ önümidi. Bu çadyr äpet restoran mysaly, myhmanlaryñ hemmesiniñ garşy alynýan ertirlik, günortanlyk we şamlyk naharlarynyñ iýilýän ýeridi.
Asyr tapawudy bolandygy üçin her patyşanyñ ýa prezidentiñ otagy döwrebap howalandyryjy enjamlary we aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edildi. Ýere bolsa dillere dessan ajaýyp eýran el halylary düşeldi.
Suw geçirijiler bilen suwlama enjamlary, golf meýdançasy guruldy.
Dynç alyş, gijäni geçirme desgalarynyñ ýerini tutýan otaglaryñ daş-töweregine Fransiýadan getirilen 15 müñ agaç nahaly ekildi.
Bu emeli bagy gelşigine getirjek jynsdan 50 müñ sany saýrak guş satyn alyndy. Gynansak-da, çölüñ yssysyna we sowugyna döz gelip bilmän, guş janawerleriñ hemmesi üç günüñ içinde ölüp gitdi.
Şeýle-de Şiraz howa menzilini Persepolise birleşdirýän gara ýol guruldy. Myhmanlary çäräniñ geçirilýän getirmek üçin "Mercedes" kysymly 250 sany limuzin satyn alyndy.
Altmyş dokuz ýurtdan döwlet ýolbaşçylary çagyryldy. ABŞ-nyñ Prezidenti Riçard Nikson hem şol wagtlar wýetnam urşy bilen başagaý bolansoñ, öz ýerine kömekçini ugradypdy. Rim papasy-da wekilini ugradypdy. Dabaraly çärä jemi 600 adam gatnaşdy. Türkiýeden bolsa prezident Jewdet Sunaý gidipdi.
Şa özüniñ "ýeke-täk adam", "ýeke-täk partiýa" häkimiýetine esaslanýan despotik monarhiýa režiminiñ kanunylygyny dünýä jemgyýetçiligine oñladyp, ýatdan çykmaz ýaly etmegiñ arzuwyndady. Belkäm şonuñ üçindir, çagyrylan myhmanlaryñ arasynda monarhlar we patyşalar has kändi.
Gresiýanyñ öñki patyşasy Konstantin bilen Daniýanyñ, Norwegiýanyñ, Gollandiýanyñ, Belgiýanyñ, Ispaniýanyñ patyşalary, ýapon imperatorynyñ ýerine dogany Ýurika Mikasa, Monakonyñ mirasdüşer şazadasy we onuñ maşgalasy, Lýuksemburgyñ gersogy, Pars aýlagyndaky arap petro-dollar şazadalary, Iordaniýanyñ patyşasy Hüseýin, Marokkonyñ mirasdüşer şazasady Mewlaýi Abdullah, Omanyñ soltany Kabus, Hebeşistanyñ imperatory Haile Selassiýe, Nepalyñ patyşasy Dipendra Bir Bikram şa, Malaýziýanyñ patyşasy Soltan Abdullah, Filippinleriñ diktator prezidenti Markos we onuñ skandallar arkaly giñden tanalýan aýaly Imelda we başgalar gelen myhmanlaryñ arasyndady.
Bir döwür ýarym koloniýasy hasaplanýan Eýrany dolandyrýan Muhammet Ryza Pehlewiniñ özüni "Şalaryñ şasy" diýip yglan etjek bolýandygyny eşiden Imperatrissa Ýelizaweta "aly hezretleriniñ at-owazasyny" peseler öýdüp, inçe iñlis diplomatiýasyna eýerenini gowy gördi we dabara gatnaşmady.
Ýerine Edinburgyñ gersogyny we onuñ maşgalasyny ugratdy. Şol sebäpli Eýran bilen Angliýanyñ arasynda dörän diplomatik krizis has soñra çözüldi.
Şu ýerde bir zady belläp geçmek gowy bolar. Şa Pehlewi myhmanlara sowgat etmek üçin jowahyrdan doly sandygyñ hemmeleriñ öñünde aýlanmagyny buýurdy.
Her myhman sandykdan diñe bir sany jowahyr almalydy. Türkiýeden çagyrylan Prezident Jewdet Sunaý nebsine buýrup bilmän birini özüne, birini-de gyzyna - jemi iki sany jowahyry alyp jübüsine saldy.
Muny synlap duran Eýran hökümeti şol wagt sesini çykarmadygam bolsa, soñra ýörite hat bilen çykyp, artykmaç alnan jowahyry yzyna talap etdi.
Dabaraly çärede hyzmat edenleriñ dili bilen aýdanymyzda "Müñ bir gijäniñ ertekilerindäki" ýaly bolup geçen şüweleñ üç gije-gündizläp dowam edipdir.
Medeni çäräni başyndan soñuna çenli dokumental film görnüşinde surata düşürmek üçin Golliwuddan bir kinokompaniýa bilen şertnama baglaşyldy.
Öz gabarasyndan uly iki tutuly göterýän "Şahynşah" ("Şalaryñ şasy") we "Arýamehr" ("Ariý kowmunyñ ýalkymy") Muhammet Ryza Pehlevi, Pasargaddaky açylyş dabarasynda harby lybasy we döşündäki köp sanly orden-medaly bilen pers patyşasy Beýik Kiriñ kümmediniñ öñünde hormat bilen baş egip şeýle diýdi:
- Eý, patyşalar patyşasy beýik Kir! Eý, Eýranyñ we dünýä taryhynyñ gahrymany!
Eýranyñ şan-şöhratly we muzaffar baýdagy iki müñ bäş ýüz ýyl soñam seniñ döwrüñde bolşy ýaly ýene al-asmanda pasyrdaýar. Şu günki Eýran buýr-bulaşyklygyñ içindäki adamzada asudalygyñ, azatlygyñ we hoşniýetliligiñ nusgasy bolup durýar.
Eýranyñ "Şalar şasy" bolan men we halkym saña söz berýäris, sen aramgähiñde rahat ýat! Çünki biz hemişe sak we hüşgär bolarys!"
Bu çykyşdan soñ "Şahynşah" Pehlewi altyn täçli imperatrissa Farah Pehlewi (aslynda onuñ imperatrissa täji dürli lagyl-jowahyrlar bilen bezelen som altyndan 5 kg agyrlykdady. Emma ol bu şüweleñde sap altyn täç dakynypdy) bilen birlikde hormat garawuly polkuny salamlady.
1700 esgerden ybarat bu polk düýeleriñ we atlaryñ üstünde salama durupdy.
Esgerler öz döwrüniñ däl-de, pers döwrüniñ esgerleriniñ eşigini geýipdiler.
Pers imperiýasynyñ pars, ahameni, sasany we şol döwrüñ eýran esgerlerini añladýan beýleki polklar hem her döwrüñ harby lybasyna laýyklykda paraddan geçdiler.
Nobat Myhman otagy çadyryndaky şamlyga gelipdi. Ini 24 metre, uzynlygy 68 metre ýetýän we iýip-içmek üçin niýetlenen uly çadyryñ içki tutylary goýy mawy atlazdandy.
Her myhmanyñ, hususanam patyşalaryñ agzynyñ tagamy, hersiniñ aýry halaýan nahary dürli-dürli bolansoñ, zyýapat üçin nähili naharlary taýýarlamalydygy hem aýratyn kelle agyrtmaly meseledi.
Esedullah Alem munuñam hötdesinden geldi. Ol Fransiýanyñ iñ at-owazaly "Maxim's de Paris"-iñ eýesi Luis Aduable bilen gürleşdi.
Hojaýyn iki hepdeligine Pariždäki işini bes etdi. Dünýä belli aşpez şef Maks Blouet bilen birlikde 39 aşpez, 120 şef garson, garson we komiden ybarat 159 adamlyk topar Tährana, ol ýerdenem Persepolise geldi.
150 tonnalyk ýokary hili aşhana enjamlaryny we paty-putysyny alyp 5 müñ km uzaklykdaky Parižden Persepolise gaýtdy.
Azyk önümleri we gerekli serişdeler uçarlar we TIR-lar arkaly çadyr şäheriñ kentin fligeli hasaplanýan aşhana peýderpeý daşaldy.
Şagalañda 2700 kg sygyr, doñuz we guzy eti, 1280 kg towuk ve ýabany guş eti, 30 kg ikra - jemi 18 tonna azyk önümi sarp edildi.
Spekulýatiw habarlary bilen tanalýan "Bünder Zeitung" žurnalyna ynansañ-a 12 müñ, beýleki habar beriş serişdeleriniñ görnetin çişirip berýän habarlaryna ynansañam 24 müñ çüýşe wiski içildi.
Ygtybarly habarlary berýän habar beriş serişdeleriniñ aýtmagyna görä, köpüsi "Câteau Lafite Rotchild" kysymly 1945-nji ýylda öndürilen dürli hilli 5 müñ sany ýörite fransuz şeraby getirdildi.
"Maxim's"-iñ hojaýyny L.Aduable "Bünder Zeitung"-a beren interwýusynda "adamzat taryhy bular ýaly dabaraly çäre gören däldir" diýdi.
Menýu şeýledi:
Hazar deñiziniñ ikrasy bilen içi doldurylan bedene ýumurtgasy, leññeç (рак), şokoladly muss. 1911-nji, 1945-nji, 1969-njy ýyllarda öndürilen şeraplaryñ ýany bilen äberilen kömelekli guzy rostosy.
Saçakda 1860-njy ýylda öndürilen konýak hem bardy. Eýran monarhiýasynyñ simwoly bolan tawus guşunyñ eti ýagly gaz etiniñ ýüregi bilen bile bişirilip hödürlenipdi.
Orkestriñ çalýan Mosartyñ we Şubertiñ ajaýyp sazlaryny diñläp, oporto syrly ýabany injir we malina iýildi.
Zyýapat çykyşynda şa gopbamlyk bilen ör turup, pers hökümdarlarynyñ iñ meşhurlarynyñ adyny sanady we olaryñ adyndan myhmanlary gutlady.
"Pers şalarynyñ mirasdüşer imperatory" bolandygy üçin ata-babalarynyñ höküm süren ýurtlaryndan gelen myhmanlaryñ bardygyna hoşallygyny bildirdi.
Çagyrylan wekiller bilen birlikde ähli döwlet ýolbaşçylarynyñ Eýran bilen gatnaşyklarynyñ bozulmazlygyna üns bermäge çagyrdy.
Şanyñ jemleýji we minnetdarlyk nutugynda garaşylmadyk tebigy hadysa bolup geçdi. Duýdansyz ýagdaýda çöl harasady gopdy. Onuñ çadyry ikiýana elenip durdy.
Myhmanlaryñ bezemen eşikleri tozan-çaña bulandy. Şanyñ hondanbärsi nutugynyñ arasy tupan köşeşýänçä kesilmeli boldy.
Tupan ýatyşansoñ zyýapat çadyrynyñ daşynda göz gamaşdyryjy ses we ýagtylandyryş çykyşlary başlady. Salýutlar Persepolisiñ asmanyny ýagtylandyrýardy. Emma çöl gijesiniñ añzakly sowugy hiç kime rahatlyk bermedi.
BAE-niñ ikinji adamy (döwlet ýolbaşçysynyñ kömekçisi, premýer-ministr, Goranmak ministri, Dubaý hökümary-şazada) Muhammet bin Raşid El Mektumyñ ýazan (ýazdyran) we 2018-nji ýylda çap etdiren "Hekaýam" ("Qıssati") kitaby şol bir wagtda döwlet işgäri hökmünde munuñ bilen baglanşykly ýatlamalaryny paýlaşýar:
Şeýh El Mektum Eýrandaky medeni çärelere çagyrylan myhman hökmünde hut özüniñ şaýat bolan wakalaryny kitabyna girizipdir:
"Kakam bilen bile daşary ýurda eden birinji resmi saparym Eýrandaky 2500-nji ýubileý ýylyna gatnaşmak boldy. Şa özüni "Şalaryñ şasy"-Imperator tituly bilen tanadyp, tawus nagyşly tagtyna oturypdy. Men şonda ýañy 11 ýaşymdadym. Erteklerdäki ýaly şagalañ üçin 100 million dollar harçlanypdyr, bu pul edil şol wagtlar üçin ummasyz uly çykdajydy.
Dünýäniñ çar künjünden patyşa, döwlet ýolbaşçysy, prezident, premýer-ministr we başgalar çagyrylypdyr: olar we olaryñ maşgalasy üçin 59 sany uly otag, 160 feddanlyk (her fedan 4 müñ 200 metr²) giñ giñ meýdana gurlupdy.
Ortarada deñi-taýy bolmadyk baglygyñ içinde äpet patyşa otagynyñ üçüsi gurulypdy. Fransuz aşpezleri biri-birinden enaýy naharlar taýýarlapdy.
Naharlar meşhur "Limoges" kysymly gap-çanaklarda, şerbetler "Bacarrat Cyristal" kysymly bulgurlarda hödürlendi. Müñlerçe esger pers döwrüniñ goşunlarynyñ harby lybasyny geýip, paraddan geçipdiler. Şeýle bir begenipdim, şeýle bir hoşnut bolupdym.
Bu haý-haýly dabara ýurdum bilen Eýranyñ ýagdaýyny deñeşdirip görmäge maña gowy ders boldy: Bular ýaly isripçilik şanyñ daşky görnüşe kowalaşma gylygy bilen ýönekeý eýranlylaryñ garyplygynyñ arasynda ullakan çaprazlyk döredipdi. Hawa, Persepolisden awtoulagly gaýdanymyzda ýolugra gören onlarça obalarymda elektrik togy ýokdy. Şanyñ alasamsyklygy we kaşañ köşklerdäki göz gamaşdyryjy ýaşaýyşy onuñ bilen halkyñ arasynda diwar örüp, göýä aşyp bolmajak uçurym döredipdi."
Tebigy hadysadan ujyz sypan tekepbir şa birküç ýyl soñ köçeleri we ýurdy agdar-düñder eden syýasy harasata garşy gidup bilmän, aşa mahabatlandyran tawus motiwli tagtyny taşlap, daşary ýurda gaçmaga mejbur boldy.
Soñky haý-haýly şagalañ 1979-njy ýyldaky ölüm howply zarba bilen tamamlandy.
Dabaraly çäre üçin sowulan puluñ 100-650 million dollar aralygynda ýa-da 1 milliard dollar bolandygy aýdyldy, birgiden zatlar ýazyldy.
Meselem "Schweizer Illustrierte" žurnaly "Bir milliard dollarlyk kamping" rubrikasyny atsa, "Life" žurnaly "Asyryñ dabarasy", nemesleriñ "Stern" žurnaly "Ähli şüweleñleriñ naýbaşy" rubrikasy bilen çykyş etdi.
Alty ýyl öñki Persepolis syýahatymda maña ýolbeletlik eden Töwrizli Jengiz şeýle diýipdi:
"Halypa, bu dabaraly çäre şanyñ başyny iýdi. Soñuny saýman edilen harçlamalar bir ýana, şonça daşary ýurtly döwlet ýolbaşçysynyñ we patyşasynyñ öñünde özüni gopbamlyk bilen "Şalaryñ şasy" yglan etmegi, ABŞ, Angliýa ýaly birnäçe döwletlere ýaramady. Has soñra eýran halky aýaga galdy welin, bu döwletleriñ hiç biri oña arka durmady. Şeýdibem özi bilen birlikde tagty-da, täji-de agdarylyp gitdi."

• Peýdalanylan çeşmeler

1). CIA Intelligens Report: Centers of  Power in Iran, Mayıs 1972.
2). Stephen Kinzeriñ "New York Times" gazetindäki ýazgysyndan peýdalanyp "Milliyet" gazetinde çap bolan "Bir hanedanyñ gynançly kyssasy" ýazgysy, 06.11.2011 ý.
3). Ýusuf Sami Kamadan "Şanyñ soñky tangosy", "Mecra" saýty.
6). "El Ahbar" gazeti, 27.11.2020 ý.
8-)  "A magnificent picture of the Banqueting Hall of the Tent City of Persepolis", www.angelfire.com.
9-) Şeýh Muhammet bin Raşid El Mektum, "Qıssati: Melik-ul Muluk" ("Hekaýatym" kitabynyñ "Şalar şasy" bölümi).

Faik BULUT.

17.01.2021 ý.

* Bu makalada beýan edilen pikirler awtoryñ özüne degişli we Independent Türkçe saýtynyñ editorial ugruny kesgitlemän biler.

© The Independentturkish





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 112 | Добавил: Gökböri | Теги: Faik Bulut | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 2
0
1 Taryhçy   [Материал]
Arman taryhdan sapak alynmaýa...

0
2 mango   [Материал]
hawa.
owlüýäde ölümizi gömüp gaýdarys, emma, özümizem öleris öýtmeris....
adam şeýle bir zat.... tä başyna gelýänçe pikir etmeýär.
---
bellik.
reza şahyň tährandaky rezidensiýasy häzir muzeý.
uly bagly-bakjaly howly, içinde aýratynja kiçiräk köşkler. köşk diýýäim iki gatly jaý.
özüniň, oglunyň.... ýaşan ýerleri....
diýjek bolýanym, beýle bir aşa bezemen zatlaram däl....
şolaryňkydan bet jaýlary biziň täze baýlarymyzam salýalar.
ýeke tapawut, biziňkileriňki "tagamsyz" arhitektura. reza şahyňky "tagamly"...
öwdügim, ýa döwdügim däl.....

gyzyklananlar üçin "Саадабад (дворец)" diýip gözläň,

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]